 
                    Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Birleşen Milletler Guramasynyň 80 ýyllygyna bagyşlanan maslahata gatnaşyjylaryň ÝÜZLENMESI
Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!
Sizi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň giň möçberli daşary-syýasy çäreleriniň geçirilýän döwrüne gabat gelen halkara ähmiýetli şanly waka bolan Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýarys. Siziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň rowaçlyk ýoly bilen gülläp ösmegine, halkara gatnaşyklar ulgamynyň binýadynda duran BMG derejesinde alyp barýan parahatçylyk we dostluk ýörelgeleriniň dabaralandyrylmagyna gönükdirilen beýik işleriňiziň üstünliklere beslenmegini arzuw edýäris.
Belent mertebeli Türkmenistanyň Prezidenti!
Siziň çuňňur paýhasly hem-de öňdengörüjilikli içeri we daşary syýasatyňyzyň, döwlet, halk, umumadamzat bähbitli strategik ähmiýetli özgertmeleriňiziň netijesinde, türkmen Bitaraplygynyň tebigaty, onuň syýasy, diplomatik, hukuk, ykdysady, durmuş-medeni, ynsanperwer jähetleri barha giňden açylýar.
Türkmenistanyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi türkmen döwletiniň ählumumy abadançylygy, parahatçylygy üpjün etmek ugrundaky tagallalarynyň dünýä bileleşigi tarapyndan gyzgyn goldanylýandygynyň aýdyň güwäsidir. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda, 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda, şeýle hem 2025-nji ýylyň 21-nji martynda kabul edilen «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamalar türkmen döwletiniň häzirki zaman halkara gatnaşyklar ulgamynda hem-de dünýä syýasatynda abraýly we täsirli ornunyň barha berkeýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.
Siziň aýratyn nygtaýşyňyz ýaly, Bitaraplyk — parahatçylyk medeniýetiniň belent ýörelgelerini dabaralandyrýan, Türkmenistanyň at-abraýyny, şan-şöhratyny beýgeldýän hem-de türkmen halkynyň buýsanç-mertebesini belende göterýän ajaýyp gymmatlykdyr.
Siziň ýolbaşçylyk etmegiňizde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty üstünliklere beslenip geçirildi. Bu taryhy maslahatda oňa gatnaşyjy döwletleriň geljek on ýyl üçin ösüşiniň strategik ugruny kesgitleýän 2024 — 2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň yglan edilmegi hem-de Awaza syýasy Jarnamasynyň kabul edilmegi türkmen diplomatiýasynyň rowaçlyga beslenen gadamlarynyň ýene biridir.
Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!
Siziň hoşniýetli goňşuçylyga, birek-birege sarpa goýmaklyga, deňhukuklylyga hem-de dünýäniň ähli döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyga esaslanýan Bitaraplyk syýasatyňyz uly rowaçlyklara beslenýär. Türkmenistanyň teklibi boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynda Kararnamalaryň köp sanlysynyň biragyzdan kabul edilmegi hem türkmen döwleti bilen BMG-niň arasyndaky ýokary derejede alnyp barylýan strategik häsiýetli hyzmatdaşlygyň belent ykrarydyr. Dünýäniň ählumumy gün tertibinde duran gaýragoýulmasyz meseleleriň çözülmegi ugrunda Türkmenistanyň oňyn Bitaraplygynyň mümkinçiliklerinden ugur alyp teklip edýän halkara başlangyçlaryňyz dünýä bileleşiginiň yzygiderli goldawyna eýe bolýar. Halklary birleşdirýän, dostlukly gatnaşyklara ýol gurýan öňdengörüjilikli syýasatyňyz, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerini dabaralandyrýan başlangyçlaryňyz bizi täze üstünliklere ruhlandyrýar.
Belent mertebeli Türkmenistanyň Prezidenti!
Sizi Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygy mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýarys.
Siziň janyňyz sag, ömrüňiz uzak, belent başyňyz aman bolsun, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan beýik işleriňiz hemişe rowaçlyklara beslensin!
Sizi çuňňur hormatlamak bilen,
Birleşen Milletler Guramasynyň 80 ýyllygyna bagyşlanan maslahata gatnaşyjylar.
 
         
     Halkbank and other bank services
 Halkbank and other bank services Senagat Bank
 Senagat Bank