TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Ylmy sarpalan akyldar şahyr

Hormatly Prezidentimiz: «Magtymguly baý many-mazmunly şygyrlary bilen türkmen we dünýä edebiýatynyň ösmegine uly goşant goşan beýik akyldardyr. Adamzat paýhasynyň ägirtleriniň hatarynda pähime-paýhasa, ynsanperwerlige, hoşniýetlilige bimöçber sarpa goýan dana Pyragynyň jöwher şygryýeti külli adamzat üçin gymmatly ynsanperwerlik ýörelgeleriniň dünýäsidir. Ussat şahyryň çuňňur parasatly pikirlere ýugrulan goşgulary ynsan ömrüniň ähli pursatlarynda terbiýe berýär, adamzada beýik söýgüni, ynsan mertebesini dabaralandyrýar» diýip parasatlylyk bilen belläp, söz ussadynyň döredijiligine ýokary baha berýär. 

Halkymyzyň beýik ogly Magtymguly Pyragy öz döwrüniň dürli ylymlaryndan kämil baş çykaran akyldar şahyr, dana söz ussadydyr. Il-ýurduň berkararlygy hakyndaky gymmatly pikir-garaýyşlaryny nesillere miras goýan şahsyýetdir. Akyldar şahyr çaganyň ähli zada düşünmäge, özbaşdak pikirlenmäge höwesiniň çagalykdan başlaýandygyny nazarda tutup, çaga bilim-sowat öwretmäge kiçiliginden başlamalydygyny şygyrlarynda ündeýär. Ylym bilen dostlaşan adam watansöýüjiligi, zähmetsöýerligi, ynsanperwerligi, belent adamkärçiligi bilen tapawutlanýar. Şahyr goşgularynda ylym öwrenip, kämillige ýetmegi öňe sürüpdir. Dana şahyryň şygyrlary her bir ynsany agzybirlige, ýagşylyga, watansöýüjilige, edep-ekramlylyga çagyrýar.

Şahyr ylym öwrenmegiň zähmet bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyny, zähmetiň adamyň bedenini taplap, aňyny ösdürýändigine ünsi çekipdir. Şahyr adamyň ylym-bilim öwrenmek arkaly dünýä akyl ýetirip biljekdigine ynanýar we öwüt-nesihat edýär. Şeýle hem, ylymly, akyl-paýhasly adamlaryň kämil jemgyýeti kemala getirmäge mynasyp goşant goşýandygyny aýan edýär. Ylma, kitaba höwesli adamlaryň durmuşynyň many-paýhasdan nurlanýandygyny «Kitap okan gullar magnydan dokdur» diýen setirlerinde aýdyň beýan edýär.

Magtymguly Pyragynyň şygyrlary ynsan durmuşy we ruhy zerurlyklary üçin ýol-ýörelgedir. Şahyryň edebi mirasy dünýä edebiýatynyň medeni gymmatlyklaryny baýlaşdyrmak bilen adamzat paýhasynyň öçmez çyragyna öwrüldi. Söz ussadynyň adamzadyň kalbynda baky orun alan şygyrlarynyň, daşary ýurtlardan tapylan hem-de alymlar tarapyndan öwrenilen golýazmalarynyň dünýä dillerine terjime edilmegi hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

Allanur ARTYKOW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň Maglumat tehnologiýalary we programirleme fakultetiniň talyby.