TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Jenap Prezident!

Mukaddes Oraza aýy mynasybetli Size tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan etmäge şatdyryn. Mümkinçilikden peýdalanyp, Size we Siziň ýakynlaryňyza berk jan saglyk, abadançylyk, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa ösüş hem-de rowaçlyk baradaky iň gowy arzuwlarymy iberýärin. Goý, Beýik Biribar doga-dileglerimizi kabul etsin, musulman ymmatyny öz penasynda aman saklasyn!

Siziň Alyhezretiňize belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Bassiru Diomaý FAÝ,
Senegal Respublikasynyň Prezidenti.

 

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Prezident!

Ýokary ruhy kanagatlanma duýgulary bilen ähli gowulyklary özünde jemleýän mukaddes Oraza aýy mynasybetli Sizi tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu nurana aýyň bütin dünýäde agzybirligiň we jebisligiň pugtalandyrylmagyna, doganlyk halklarymyzyň arasynda raýdaşlygy we özara ynamy berkitmäge ýardam etjekdigine tüýs ýürekden ynanýaryn.

Biziň Türki Döwletleriň Guramasynyň howandarlygynda yzygiderli berkarar edýän umumy erk-islegimiziň hem-de raýdaşlyk ruhumyzyň geljekde-de şu nurana günleriň hoşniýetli meýillerine laýyklykda sebitimizde parahatçylygyň, durnuklylygyň, ösüşiň üpjün edilmegine uly goşant goşjakdygyna ynanýandygymy aýratyn nygtamak isleýärin.

Pursatdan peýdalanyp, Size berk jan saglyk, abadançylyk hem-de jogapkärli döwlet işiňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Binali ÝYLDYRYM,
Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy.