Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli köp sanly gutlag hatlary we telegrammalary gelip gowuşýar. Gutlaglarda döwlet we jemgyýetçilik işgärleri galkynyşyň, täzelenişiň nyşany bolan bu baýramçylygyň halklary birleşdirýändigini hem-de olaryň arasyndaky raýdaşlygy pugtalandyrýandygyny nygtaýarlar. Hatlary iberenler döwlet Baştutanymyzy bu nurana baýram bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, halkymyzyň bagtyýarlygynyň bähbidine alyp barýan giň gerimli işlerinde egsilmez güýç-kuwwat arzuw edýärler.
Hormatly Prezidentimize ulag we aragatnaşyk toplumynyň işgärleriniň adyndan B.Annaýew, G.Akmämmedow, B.Annadurdyýew, H.Hudaýgulyýew, A.Şanazarow, D.Saburow tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdiler.
Döwlet Baştutanymyzy Nowruz baýramy bilen söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanow, saglygy goraýyş we derman senagaty ministri M.Gaýypow, dokma senagaty ministri N.Orazgeldiýew, daşky gurşawy goramak ministri Ö.Goşjanow, oba hojalyk ministri Ç.Çetiýew, “Türkmenpagta” döwlet konserniniň başlygy D.Süleýmanow, “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşiginiň başlygy N.Berdiniýazow, “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşiginiň başlygy M.Öwezliýew, Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy B.Tejenow, Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy G.Ataýew, “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň baş direktory A.Berdiýew tüýs ýürekden gutladylar.
Hormatly Prezidentimize Merkezi bankyň başlygy T.Mälikow, Döwlet ösüş bankynyň başlygy D.Seýidow, Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy R.Jepbarow, “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň başlygy S.Aganiýazow, “Türkmenistan” döwlet täjirçilik bankynyň başlygy M.Hajyýew, “Halkbank” paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy M.Jepbarow, “Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy B.Atagulyýew, “Türkmenbaşy” paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy J.Jumagylyjow, “Rysgal” paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy S.Gurbandurdyýew, Türkmen-türk paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygynyň orunbasary M.Datdow gutlag hatlaryny ýolladylar.
Hormatly Prezidentimize Daşary işler ministrliginiň işgärleriniň we ýurdumyzyň diplomatlarynyň adyndan R.Meredow, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekili W.Hajiýew, Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi E.Aýdogdyýew, Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi N.Şagulyýew, Türkmenistanyň Ukrainadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi T.Ataýew, Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi B.Rejepow, Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi N.Gölliýew, Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ş.Meredow, Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi A.Goçmyradow, Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi G.Elýasow, Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi D.Seýitmämmedow mähirli gutlaglaryny iberdiler.
Döwlet Baştutanymyza Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji N.Garryýew, Onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň işgärleriniň adyndan S.Hajyýew, Ahal welaýat Saglygy goraýyş müdirliginiň başlygy N.Kakabaýew, Mary welaýat Saglygy goraýyş müdirliginiň başlygy D.Annageldiýew, Ahal welaýat ýokanç keseller hassahanasynyň baş lukmany H.Goçyýew iň gowy arzuwlaryny ýolladylar.
Hormatly Prezidentimiziň adyna gutlag hatlarynyň we telegrammalarynyň gelip gowuşmagy dowam edýär.
(TDH)
Halkbank and other bank services
Senagat Bank