Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda dabaraly bellenilýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 5 ýyllygy mynasybetli köp sanly gutlag hatlary gelip gowuşýar. Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan giň möçberli özgertmeleri hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ösüp gelýän ýaş nesilleriň saglygynyň goralmagyna, olaryň döwrebap derejede terbiýelenmegine, mümkinçiligi çäkli çagalaryň saglygyny dikeltmek meselelerine zerur üns berilýär. Şunda haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işine möhüm orun degişlidir. Gutlag hatlaryny iberenler döwlet Baştutanymyzy şanly sene bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, türkmen halkynyň abadan durmuşynyň, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine gönükdirilen giň möçberli işlerinde uly üstünlikleri arzuw edýärler.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.
Döwlet Baştutanymyza Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary G.Agajanow, B.Annamämmedow, N.Atagulyýew, T.Atahallyýew, B.Annaýew, H.Geldimyradow, R.Meredow, B.Mämmedow, B.Seýidowa iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.
Hormatly Prezidentimize Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň jogapkär işgärleri mähirli gutlaglaryny iberdiler.
Döwlet Baştutanymyzy Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan gaznanyň wise-prezidentleri O.Atabaýewa we R.Bazarow tüýs ýürekden gutladylar.
Hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň ýaşaýjylarynyň adyndan welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimleri, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy gutladylar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyza haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 5 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary gutlaglaryny iberdiler.
Döwlet Baştutanymyza Türkmenistanyň syýasy partiýalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary we beýlekiler gutlag hatlaryny iberdiler.
(TDH)
Halkbank and other bank services
Senagat Bank