Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Daşary ýurt raýatlaryny Türkmenistanyň «Arkadag» medaly bilen sylaglamak hakynda
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň amala aşyrýan halkara hyzmatdaşlygyny berkitmekde, howandarlyga mätäç çagalaryň jemgyýetiň we döwletiň durmuşyna mynasyp hem-de doly derejede gatnaşmaga bolan hukuklaryny durmuşa geçirmekde bitiren hyzmatlaryny, ýurdumyzda ynsanperwerlik, haýyr-sahawat, meýletinçilik hereketini ösdürmäge goşan uly şahsy goşantlaryny, önjeýli jemgyýetçilik işlerini nazara alyp, şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 5 ýyllygy mynasybetli, karar edýärin:
şu daşary ýurt raýatlaryny Türkmenistanyň «Arkadag» medaly bilen sylaglamaly:
Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine Saakýany,
Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili Jalpa Mulji Mawji Ratnany.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2026-njy ýylyň 28-nji marty.
Halkbank and other bank services
Senagat Bank