TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

«Demokratiýa we hukuk» žurnalynyň täze sany

Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty tarapyndan çärýekde bir gezek türkmen, iňlis, rus dillerinde neşir edilýän «Demokratiýa we hukuk» ylmy-amaly žurnalynyň täze sany çapdan çykdy. Žurnalda Watanymyzyň döwlet syýasatynyň, hukuk ulgamynda halkara hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary beýan edilýär.

Neşiriň bu gezekki sany hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 13-nji fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki çykyşy bilen açylýar. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, halkymyzyň tutanýerli zähmeti netijesinde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda uly üstünlikler gazanyldy, bellenilen meýilnamalar ýerine ýetirildi. Döwrebap kanunlary taýýarlamak hem-de durmuşa ornaşdyrmak boýunça işler dowam etdirildi. Şunuň bilen birlikde, ykdysadyýetimiziň ýokary ösüş depgini üpjün edildi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli birnäçe halkara çäreleriň guralandygyny belledi. Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli döwlet Baştutanlarynyň we halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda halkara forum ýokary derejede geçirildi. Ýurdumyzyň abraýyna abraý goşýan möhüm ähmiýetli Kararnamalar, resminamalar kabul edildi.

“Biz her ýyly belli bir şygar boýunça geçirýäris. Şu ýyl «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edildi. Bu şygar uly many-mazmuna eýe bolup, berkarar döwletimiziň at-abraýyny has-da ýokarlandyrmaga, ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine gönükdirilen işleri amala aşyrmaga ruhlandyrýar. Munuň özi biziň üstümize uly jogapkärçiligi ýükleýär. Şoňa görä-de, bu şygary iş ýüzünde durmuşa geçirmek üçin tutanýerli zähmet çekmelidiris” diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Hormatly Prezidentimiz çykyşynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly mynasybetli birnäçe halkara çäreleriň geçiriljekdigine ünsi çekip, ýylyň dowamynda meýilleşdirilýän çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet toparyny döretmek hakynda Karara gol çekdi. Hormatly Prezidentimiz şu ýyl üçin kabul edilen Maksatnamanyň örän köp işleri öz içine alýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz halkymyz bilen bilelikde tutanýerli zähmet çekip, 2026-njy ýylda bellenen sepgitlere, maksatlara ýetiljekdigine berk ynam bildirdi.

Žurnalda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rustemowanyň “Türkmenistan — ÝUNESKO: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk” atly makalasy ýerleşdirilipdir. Onda Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasyny düzýän we BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary bilen üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň ýurdumyzyň sebitde we halkara derejede parahatçylyk söýüji döwlet hökmünde eýeleýän ornuny has-da berkidýändigi bellenilýär. BMG bilen hyzmatdaşlyk Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugry bolup durýar. BMG bilen strategik hyzmatdaşlygyň çäklerinde bu guramanyň bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasy bolan ÝUNESKO bilen netijeli gatnaşyklar ilerledilýär.

Žurnalda 23-nji fewralda Daşary işler ministrliginde geçirilen Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň nobatdaky mejlisi baradaky makala hödürlenilýär. Türkmenistanyň Mejlisiniň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen mejlisiň gün tertibine laýyklykda, pudagara topar tarapyndan geçen ýylyň dowamynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy we şu ýylda öňde durýan wezipeler kesgitlenildi. Mejlisde nygtalyşy ýaly, hasabat döwründe ýurdumyzy mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmak, döwletiň kanunçylyk ulgamyny pugtalandyrmak, Birleşen Milletler Guramasynyň düzümleri, beýleki halkara guramalaryň wekilhanalary bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek, adam hukuklarynyň we ynsanperwer hukugyň talaplaryndan gelip çykýan halkara başlangyçlarydyr borçnamalary ýerine ýetirmek babatda birnäçe çäreler durmuşa geçirildi.

Zähmeti guramak we goramak bu ugurdaky işleri kämilleşdirmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bularyň hemmesi raýatlaryň intellektual ukyplaryny netijeli amala aşyrmak üçin zähmeti ylmy hem-de innowasion esasda guramaga gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Halkara Zähmet Guramasy (HZG) bilen köptaraplaýyn konwensiýalaryň çäklerinde mynasyp zähmet şertlerini üpjün etmek, zähmet gatnaşyklarynyň ähli taraplarynyň hukuklaryny goramak boýunça degişli işleri alyp barýandygy bellenildi. Türkmenistan çagalaryň hukuklaryny goramakda halkara borçnamalaryny berjaý etmäge jogapkärli çemeleşýändigini görkezip gelýär. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işi çagalaryň abadan durmuşyny üpjün etmek boýunça çäreleri iş ýüzünde amala aşyrmagyň anyk mysalydyr. Mejlisde BMG-niň halkara resminamalaryna laýyklykda milli hasabatlary we synlary taýýarlamak, adam hukuklaryny goramakda öňdebaryjy tejribeleri öwrenmek boýunça yzygiderli geçirilýän forumlaryň, okuw maslahatlarynyň ähmiýetine aýratyn üns berildi.

Žurnalda çap edilen makalalaryň hatarynda Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň direktory, hukuk ylymlarynyň doktory Ýagmyr Nuryýewiň “Milli hukuk ulgamynyň halkara hukuk bilen sazlaşygy” atly makalasy hem bar. Awtor halkara söwda-ykdysady, ulag-logistika gatnaşyklarynyň ösmeginiň, tebigatdan peýdalanmagyň ähli ugurlarynda döwletleriň özara baglanyşygynyň halkara we ýurduň içerki hukugynyň özara täsirini çuňlaşdyrýandygyny belleýär. Munuň özi kanunyň ileri tutulmagyny üpjün etmek, halkara gatnaşyklar ulgamyny kemala getirmek arkaly milli we halkara hukuk ulgamlarynyň sazlaşykly ösdürilmegini şertlendirýär. Bitarap Türkmenistanda bu wezipe halkara hukugyň kadalaryny ornaşdyrmagyň milli gurallary arkaly netijeli çözülýär. Şunlukda, milli hukuk ulgamynyň halkara hukuk bilen sazlaşykly ösdürilmegi, Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesinden gelip çykýan halkara başlangyçlary parahatçylygy, ynanyşmagy berkitmäge, durnukly ösüş üçin amatly şertleri döretmäge gönükdirilendir.

Neşiriň sahypalarynda Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri Döwlet Amanmyradowyň “Türkmenistanda zähmeti goramak ulgamynyň hukuk binýady” atly makalasy ýerleşdirilipdir. Onda nygtalyşy ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň depginini we strategik ugurlaryny şöhlelendirýän 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» şygary hem-de şu ýylda öňde goýlan wezipeler kämillige, häzirki zaman tehnologik gazanylanlary durmuşa geçirmäge ruhlandyrýar. Esasy Kanunymyz adam hukuklary, azatlyklary babatda halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna, milli döwletliligimiziň köpasyrlyk tejribelerine, parahatçylyk söýüjilik, dostluk, adalatlylyk, ynsanperwerlik ýörelgelerine daýanyp, synmaz watansöýüjiligimiz, agzybirligimiz, gujur-gaýratly zähmetimiz bilen Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň binýadyny yzygiderli berkidýär.

Işgärleriň hukuklaryny goramak, olara deň hukuklary we azatlyklary, zähmete, bilim almaga, saglygyny goramaga, durmuş üpjünçiligine hukugyny kepillendirmek üçin kanunçylyk binýady yzygiderli pugtalandyrylýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda zähmetiň howpsuz şertlerini üpjün etmek maksady bilen, degişli dolandyryş ulgamlary ýola goýulýar, iş ýerlerinde döwrebap enjamlar ornaşdyrylýar, şahsy we köpçülikleýin gorag serişdelerinden peýdalanylyp, halkara hukuk kadalaryna laýyk gelýän inženerçilik-tehniki çäreler geçirilýär.

“Döredijilikli zähmet we adam hukuklary” atly bäsleşige hödürlenen ylmy-amaly we maglumat beriş makalalary hem okyjylaryň ünsüni özüne çeker. Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty “Demokratiýa we hukuk” žurnalynyň üsti bilen her ýyl durmuşa geçirilýän konstitusion özgertmeleriň, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň ähmiýetini giň jemgyýetçilige düşündirmek, raýat hukuklarynyň hereket edýän kanunlarda dabaralanýandygyny şöhlelendirmek üçin bu bäsleşigi yglan edýär.

“Ýaşlary hünäre ugrukdyrmak — döwrebap wezipe” atly makalanyň awtory, ykdysady ylymlaryň kandidaty Jeren Hanaýewa ýurdumyzda ýokary bilimli, kämil dünýägaraýyşly, watansöýüji, durmuşa jogapkärli garaýan ýaş nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek, halypa-şägirtlik ýörelgeleriniň ösdürilmegi babatda netijeli işleriň amala aşyrylýandygyna ünsi çekýär. Halypa bilen şägirdiň arasynda özara gatnaşyklary häzirki zaman derejesinde guramak üçin ähli şertler döredilýär, ýaş hünärmenleriň täze neslini kemala getirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Bäsleşige hödürlenilýän “Jenaýat iş ýörediş hukugynyň ösüş ugurlary we halkara tejribe” atly ýene bir makalada soňky ýyllarda milli we halkara jenaýat iş ýörediş hukugynda bolup geçen möhüm wakalar beýan edilýär. Bu täzelikler, esasan, jenaýaty derňemek işine sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, adam hukuklarynyň goraglylygynyň berkidilmegi, halkara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi bilen baglanyşyklydyr.

Žurnalyň sahypalarynda “Intellektual eýeçiligiň halkara we milli hukuk kadalarynyň sazlaşygy” atly makala-da ýerleşdirilipdir. Bäsleşige hödürlenilýän makalada awtor ýurdumyzda dünýä ülňülerine laýyklykda, intellektual eýeçiligi goramak ulgamyny kemala getirmek, bu ugurda döwlet we halkara derejede raýatlaryň hukuklarynyň goraglylygynyň kepillendirilmegini üpjün etmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny belleýär. Şunlukda, intellektual eýeçiligiň obýektleriniň (tehnologiýa, haryt nyşanlary, awtorlyk hukugy we beýlekiler) netijeli ulanylmagy bilen, intellektual mümkinçilikler, ykdysadyýetiň innowasion ösüşi dünýä giňişliginde bäsdeşlige ukyply bolmagyň çeşmesi bolup biler.

Däp bolşy ýaly, žurnal «Senenama» bölümi bilen tamamlanýar. Onda şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda abraýly halkara guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilen wakalara, maslahatlara, duşuşyklara, beýleki çärelere syn berilýär.

(TDH)