TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Harytlar, işler we hyzmatlar bilen üpjün edijileri saýlap almak boýunça bäsleşik

1. LOT № 13.

Awtoulag tehnikalary üçin ätiýaçlyk şaýlary satyn almak.

Satyn alyjy: Türkmenistanyň Goranmak ministrligi.

2. LOT № 33.

Lebap welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň edaralaryna gerek bolan harytlary we enjamlary satyn almak.

Satyn alyjy: Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi.

3. LOT № 38.

Ýüzleý abatlaýyş işleri üçin elektrik harytlaryny satyn almak.

Satyn alyjy: Türkmenistanyň Goranmak ministrligi.

4. LOT № 49.

Welaýat Jemagat hojalygy birleşiginiň garamagyndaky müdirlikler üçin suw we gaz ölçeýji enjamlary satyn almak.

Satyn alyjy: Balkan welaýat häkimligi.

5. LOT № 50.

Welaýat Jemagat hojalygy birleşiginiň garamagyndaky müdirlikler üçin ýörite esbaplary satyn almak.

Satyn alyjy: Balkan welaýat häkimligi.

6. LOT № 54.

Gullugyň esgerler naharhanalaryndaky we azyk ammarlaryndaky sowadyjy enjamlary abatlamak üçin harytlary satyn almak.

Satyn alyjy: Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy.

7. LOT № 55.

Gullugyň esgerler naharhanalaryndaky we azyk ammarlaryndaky sowadyjy enjamlary abatlamak üçin işleri we tehniki hyzmatlary ýerine ýetirmek.

Buýrujy: Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy.

8. LOT № 70.

Bilim edaralaryna gerek bolan mebelleri satyn almak.

Satyn alyjy: Türkmenistanyň Bilim ministrligi.

9. LOT № 95.

Halkara okuw-ylmy merkezinde «Seljeriş-intellektual ulgamynyň sanly çözgütler toplumynyň» dolandyryş ulgamynyň programma üpjünçiligi üçin kompýuter tehnikalaryny satyn almak.

Satyn alyjy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi.

10. LOT № 100.

Döwletli etrabynyň Ýylangyz geňeşliginiň Bataş obasynyň köçeleriniň agyz suw geçirijisiniň gurluşygy üçin enjamlary we harytlary satyn almak.

Satyn alyjy: Lebap welaýat häkimligi.

11. LOT № 118.

Çärjew etrabynyň «Dostluk» daýhan birleşiginiň çäginde Türkmenabat şäheriniň Azatlyk şäherçesine niýetlenen, täze gurulmaly suwuň basyşyny göterýän bekedi hem-de agyz suw geçirijisiniň gurluşyk işleri üçin harytlary we enjamlary satyn almak.

Satyn alyjy: Lebap welaýat häkimligi.

Bäsleşik 2026-njy ýylyň 14-nji aprelinde sagat 10:00-da geçirilýär. Bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalary, harytlary (işleri, hyzmatlary) üpjün etmek boýunça şertler, möçberler we beýleki materiallar baradaky maglumatlary aşakdaky salgyda ýerleşýän bäsleşik toparyndan ýüztutmalar esasynda alyp bilersiňiz. Resminamalar şu ýylyň 13-nji apreline, sagat 17:00-a çenli kabul edilýär.

Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 156-njy jaýy, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi.

Telefon belgileri: 39-46-39; 39-46-38.

Maglumatlar e.fineconomic.gov.tm web saýtynda hem ýerleşdirildi.