Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Aşgabat, 3-nji aprel (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň üç aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa 2026-njy ýylyň ýanwar — mart aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada maglumat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Mejlisde döredilen iş toparlarynda raýatlaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini durmuşa geçirmäge, önümçilik desgalarynyň senagat howpsuzlygyny üpjün etmäge, kärhanalarda, edaralarda, guramalarda buhgalterçilik hasaba alnyşyny we maliýe hasabatlylygyny kämilleşdirmäge, telekeçilik işini ösdürmäge, daşky gurşawy, suwuň biologik serişdelerini goramaga, migrasiýa hem-de gümrük gulluklarynyň işiniň netijeliligini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen we başga-da birnäçe ugurlara degişli kanun taslamalaryny taýýarlamak işleri alnyp barylýar.
Ýurdumyzyň welaýatlarynda täze döredilen etraplarda halk maslahatlarynyň agzalarynyň, Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň çykyp giden agzalarynyň ýerine şu ýylyň 29-njy martynda geçirilen saýlawlaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek maksady bilen, Mejlisiň deputatlary merkezi saýlaw toparynyň, ýurdumyzyň syýasy partiýalarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleri bilen bilelikde bu syýasy-jemgyýetçilik çäresiniň ähmiýetini, saýlaw kanunçylygyny düşündirmek işine işjeň gatnaşyp, onuň geçirilmegine guramaçylyk-usulyýet taýdan ýardam berdiler.
Çad Respublikasynyň, Indoneziýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçilerinden ynanç hatlary kabul edildi. Dünýä döwletleriniň parlamentleriniň, daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň wekilleri bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak boýunça duşuşyklaryň 8-si geçirildi. Mundan başga-da, Mejlisiň deputatlary we hünärmenleri kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmek, döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek babatda halkara guramalaryň ýurdumyzyň degişli ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde guran okuw maslahatlarynyň 26-syna gatnaşdylar. Halkara tejribeleri öwrenmek maksady bilen, deputatlaryň daşary ýurtlara iş saparlarynyň 5-si amala aşyryldy.
Türkmenistanyň Mejlisiniň we BMG-niň Ilat gaznasynyň bilelikde guramagynda gender deňligini ilerletmek, onuň kanunçylyk esaslaryny berkitmek boýunça parlamentara dialoga bagyşlanan maslahat geçirildi. Şunuň bilen birlikde, Mejlisiň we Pakistan Yslam Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň zenan parlamentarileriniň, Türkmenistanyň Mejlisinde we Mongoliýanyň Beýik Döwlet Huralynda ikitaraplaýyn esasda döredilen parlamentara dostluk toparlarynyň arasynda sanly ulgam arkaly duşuşyklar geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz döwletimiziň kanunçylyk binýadyny berkitmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň kanunçylygyny döwrüň talabyna görä kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow şu ýylyň birinji çärýeginiň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy, şol sanda ösüş depgini senagat pudagynda 2,4 göterime, gurluşykda 6 göterime, ulag-aragatnaşyk pudagynda 10,3 göterime, söwdada 8,3 göterime, oba hojalygynda 2,4 göterime, hyzmatlar ulgamynda 8,3 göterime deň boldy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda jemi öndürilen önüm 10,4 göterim artyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn önümçilik netijeleri gazanyldy. Hasabat döwründe bölek satuw haryt dolanyşygy 10,4 göterim, daşary söwda dolanyşygy bolsa 3,7 göterim artdy. Şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynyň jemleri boýunça Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 102,3 göterim, çykdajy böleginiň meýilnamasy 97,2 göterim ýerine ýetirildi.
Hasabat döwründe býujetden maliýeleşdirilýän we hojalyk hasaplaşygyndaky döwlet kärhanalarynda zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 5,3 göterim ýokarlandy. Şeýle hem Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýerine ýetirilen işler, şol sanda dürli maksatly desgalaryň gurluşygy barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ykdysadyýet, maliýe we bank toplumynyň işini yzygiderli kämilleşdirmegiň möhümdigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere jemi içerki önümiň ösüşini durnukly saklamagy dowam etdirmegi, býujet serişdeleriniň tygşytly we maksatlaýyn peýdalanylmagyna berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow ýurdumyzda nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak, olary dünýä bazaryna çykarmagyň ugurlaryny köpeltmek boýunça 2026-njy ýylyň ýanwar — mart aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Nygtalyşy ýaly, “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebit çykarmagyň meýilnamasy 106,9 göterim ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe nebiti gaýtadan işleýän zawodlar tarapyndan nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 108,7 göterim ýerine ýetirildi. Benzin öndürmegiň meýilnamasy 119 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 111,8 göterim, polipropilen öndürmegiň meýilnamasy 100 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 100,4 göterim, suwuklandyrylan gazy öndürmegiň meýilnamasy 126,7 göterim, tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy bolsa 107,5 göterim ýerine ýetirildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda nebiti, tebigy gazy çykarmak, olaryň eksport edilýän möçberini artdyrmak boýunça degişli işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere toplumyň önümçilik kuwwatlyklaryndan netijeli peýdalanmagy, gözleg-barlag guýularyny burawlamak işlerini yzygiderli alyp barmagy tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew şu ýylyň üç aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, ýurdumyzyň welaýatlarynda oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, oba hojalyk pudagy boýunça önümçiligiň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 106 göterime deň boldy. Bu görkeziji Oba hojalyk ministrligi boýunça 103,7 göterime, Daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça 106,8 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 103,8 göterime, “Türkmenpagta” döwlet konserni boýunça 103 göterime, “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigi boýunça 111,9 göterime, “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigi boýunça 100,1 göterime, Azyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 110,6 göterime, Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 100,4 göterime, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 100,1 göterime deň boldy. Maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň meýilnamasy 168,1 göterim ýerine ýetirildi.
Häzirki wagtda bugdaý ekilen meýdanlarda ideg etmek, gowaça ekişini geçirmek boýunça möwsümleýin işler dowam edýär. Welaýatlarda ýazky ekiş möwsüminde, oba hojalyk ekinleriniň ideg işlerinde ulanylýan tehnikalary hem-de gurallary ýokary öndürijilikli işletmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Ýeralmanyň, gök-bakja önümleriniň öndürilýän möçberini artdyrmak, bu önümler bilen ilaty ýeterlik möçberde üpjün etmek babatda zerur işler geçirilýär. Ýazlyk ekinleri ekmek, olara ideg etmek işleri dowam edýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagy boýunça önümçiligiň möçberini artdyrmagy we hilini gowulandyrmagy hemişe üns merkezinde saklamagyň wajypdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere möwsümleýin oba hojalyk işlerini agrotehniki kadalara laýyklykda işjeň alyp barmagy dowam etdirmegi, maldarçylyk hojalyklarynda owlak-guzy almak boýunça möwsümleýin işleri netijeli geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gurluşyk we senagat toplumy tarapyndan 2026-njy ýylyň ýanwar — mart aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe toplum tarapyndan öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 128,2 göterim berjaý edildi. Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 105,6 göterim, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi boýunça 128,5 göterim, Energetika ministrligi boýunça 104,7 göterim ýerine ýetirildi. Awtomobil ýollary ministrligi tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 111,4 göterim boldy. “Türkmenhimiýa” döwlet konserni boýunça bu görkeziji 152,7 göterime deň boldy. Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasyna 116,4 göterim amal edildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, wise-premýere gurluşyk we senagat toplumy boýunça öndürilýän önümleriň möçberini artdyrmak, energetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, ýurdumyzyň awtomobil ýollaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew gözegçilik edýän ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, telekeçilik ulgamynda şu ýylyň üç aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Nygtalyşy ýaly, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 108,3 göterime, öndürilen önümleriň ösüş depgini 101,4 göterime barabar boldy. Dokma senagaty ministrligi boýunça önüm öndürmekde, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 103,3 göterim, şol sanda nah ýüplügiň önümçiliginde 101,5 göterim, nah matalaryňkyda 102,9 göterim, gön önümleriniňkide 105,9 göterim ösüş depgini gazanyldy. “Türkmenhaly” döwlet birleşigi boýunça önüm öndürmegiň meýilnamasy 111,4 göterim ýerine ýetirildi. Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan hasabat döwründe 72 birža söwdasy geçirilip, olarda 7 müň 132 şertnama hasaba alyndy.
2026-njy ýylyň ýanwar — mart aýlarynda Söwda-senagat edarasy boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 115,7 göterime barabar boldy. Hasabat döwründe 2 sergi, 5 maslahat geçirildi. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk, azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 107,6 göterime, senagat önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 106 göterime deň boldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň bazarlarynda we söwda nokatlarynda azyk önümleriniň, beýleki zerur harytlaryň üpjünçiligini üns merkezinde saklamagyň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere dokma kärhanalarynda öndürilýän dokma önümleriniň görnüşlerini we möçberini artdyrmak boýunça zerur işleri geçirmegi, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň, Söwda-senagat edarasynyň işini yzygiderli kämilleşdirmegi dowam etdirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa gözegçilik edýän ulgamynda 2026-njy ýylyň ýanwar — mart aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy, milli senenamamyzda göz öňünde tutulan baýramçylyklar mynasybetli dürli medeni çäreler hem-de dabaralar geçirildi. Halkara zenanlar güni mynasybetli maslahatlar, sergiler, aýdym-sazly dabaralar geçirildi. Teatrlarda “Teatr sungatynda zenanlaryň çeper keşbi” atly sahna oýunlarynyň, kinoteatrlarda, kinokonsert merkezlerinde türkmen filmleriniň görkezilişi, baýramçylyk konsertleri guraldy.
Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli ýurdumyzda giň gerimli baýramçylyk dabaralary geçirildi. Esasy baýramçylyk dabarasy Ak bugdaý etrabyndaky “Nowruz ýaýlasynda” boldy. Mart aýynda Daşoguz welaýatynda dessançy bagşylaryň gatnaşmagynda “Dünýäde ýaňlanýar ajap dessanym, toý tutýar Garaşsyz Türkmenistanym” atly festiwal guramaçylykly geçirildi. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 5 ýyllygy mynasybetli Arkadag şäherinde geçirilen baýramçylyk dabarasynda medeniýet, sungat, döredijilik işgärleriniň aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda meýilleşdirilen çärelere gowy taýýarlyk görmegiň hem-de olary ýokary derejede geçirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere halkara medeni hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri, medeni mirasymyzy öwrenmek, taryhy-medeni ýadygärlikleri dikeltmek işlerini dowam etdirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe kämil şahsyýetleri kemala getirmek, bilim işiniň mazmunyny döwrebaplaşdyrmak boýunça işler dowam etdirildi. Zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga gönükdirilen ders bäsleşikleri bilen birlikde, döwrüň talabyna laýyklykda robototehnika, ylmy-döredijilik taslamalary boýunça bäsleşikler guraldy. Materiallaryň garşylygy, nazary mehanika dersleri boýunça V Açyk halkara internet olimpiadalary, VI Açyk halkara matematika olimpiadasy guramaçylykly geçirildi. Okuwçylardyr talyplar halkara ders, internet bäsleşiklerinde medallaryň 410-syny gazandylar.
Hasabat döwründe ýurdumyzyň ylmy kuwwatyny artdyrmak, ylmy-barlag işleriniň amaly netijeliligini ýokarlandyrmak, innowasion işläp taýýarlamalary ykdysadyýetiň pudaklaryna ornaşdyrmak ugrunda toplumlaýyn işler amala aşyryldy. Şu ýylyň birinji çärýeginde ýurdumyzyň bejeriş-öňüni alyş edaralarynda keselleriň öňüni almagyň, bejermegiň öňdebaryjy tejribelere, innowasion tehnologiýalara esaslanýan usullaryny amaly lukmançylyga ornaşdyrmak boýunça işler dowam etdirildi. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna näsag çagalara dürli görnüşli operasiýalar, bejeriş çäreleri amala aşyryldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, “Türkmenistanda ylmy-lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy” tassyklanyp, bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygyň strategik ugurlary kesgitlenildi.
Hasabat döwründe bedenterbiýäni, sporty, halkara sport hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça işler dowam etdirildi. Türgenlerimiz halkara ýaryşlarda ýokary netijeleri görkezip, jemi 123 medal gazandylar. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly mynasybetli ylmy-amaly maslahatlar, dürli çäreler guraldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň bilim, ylym, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynda netijeli işleri alyp barmagyň, orta hem-de ýokary okuw mekdeplerinde sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanmagyň, mekdep okuwçylarynyň, talyplaryň arasynda halkara bäsleşikleri, olimpiadalary geçirmegi dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz wise-premýere saglygy goraýyş ulgamynyň işini yzygiderli kämilleşdirmegi, ýaşlaryň sagdyn durmuş kadalaryna eýermegi üçin degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda Daşary işler ministrligi tarapyndan ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan daşary syýasatyny durmuşa geçirmek, Bitarap Türkmenistanyň daşary döwletler we halkara guramalar bilen ikitaraplaýyn, köptaraplaýyn gatnaşyklary babatda öňde goýýan wezipelerini hem-de tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, Daşary işler ministrligi tarapyndan hasabat döwründe degişli işler amala aşyryldy. Ýokary derejedäki saparlardyr duşuşyklar ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygynyň ösüşinde möhüm orny eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň fewralynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna, mart aýynda bolsa Hytaý Halk Respublikasyna saparlarynyň guralandygy bellenildi. Häzirki wagtda ýurdumyzyň diplomatik gullugy tarapyndan dürli döwletleriň daşary syýasat edaralary bilen bilelikde 2026-njy ýylyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň daşary ýurtlara saparlaryny guramak boýunça degişli işler alnyp barylýar.
Abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň wajyp ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, 21 — 23-nji ýanwarda BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň Baş direktorynyň, 17 — 19-njy martda Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça geňeşiň Baş sekretarynyň ýurdumyzda saparda bolandygy aýdyldy. Hasabat döwründe Daşary işler ministrliginiň üsti bilen jemi 158 wekiliýet döwletimize sapar bilen geldi we Türkmenistandan daşary ýurtlara 265 wekiliýet gitdi. Geçen üç aýda sanly ulgam arkaly dürli derejedäki duşuşyklaryň 122-si geçirildi. Şeýle-de hasabat döwründe Türkmenistanda daşary ýurt döwletleri, halkara guramalar bilen bilelikde resmi gepleşikleriň we duşuşyklaryň 520-si guraldy. Döwletimiziň halkara gatnaşyklarynyň şertnama-hukuk binýadynyň üsti halkara resminamalaryň 30-sy bilen ýetirildi.
Daşary işler ministrligi bilen beýleki döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeleri geçirmek boýunça işler yzygiderli amala aşyrylýar. Bu babatda hasabat döwründe Türkmenistanyň we Awstriýa Respublikasynyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň daşary işler ministrleriniň derejesinde syýasy geňeşmeler geçirildi. Bulardan başga-da, hasabat döwründe Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy, Halkara Deňiz Guramasynyň Baş sekretary bilen gepleşikler geçirildi.
Şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda Hindistan Respublikasynyň, Marokko Patyşalygynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň, Zimbabwe Respublikasynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Uganda Respublikasynyň daşary syýasat edaralary bilen geňeşmeler guraldy. Ilçihanalaryň üsti bilen diplomatik gatnaşyklary ösdürmek Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy işiniň wajyp ugurlarynyň biri bolup durýar.
Ýakyn Gündogar ýurtlary bilen gatnaşyklary ösdürmek boýunça işler dowam edýär. Şunuň bilen baglylykda, hasabat döwründe ýurdumyzda Yrak Respublikasynyň diplomatik wekilhanasynyň açylandygy we öz işine başlandygy bellenildi. Hasabat döwründe Çad Respublikasynyň, Indoneziýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileri ynanç hatlaryny gowşurdylar. Şol bir wagtda, Türkmenistanyň Tailand Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentligiň ýanyndaky hemişelik wekilleri ynanç hatlaryny gowşuryp, resmi taýdan öz işine başladylar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň ählumumy abadançylyga gönükdirilen daşary syýasaty alyp barýandygyny, ýurdumyzyň dünýäniň ähli döwletleri, halkara guramalar bilen deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýer, daşary işler ministrine dünýä we sebit döwletleri bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ylym-bilim ulgamlarynda gatnaşyklary ilerletmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annaýew gözegçilik edýän düzümlerinde 2026-njy ýylyň ýanwar — mart aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Nygtalyşy ýaly, ulag-kommunikasiýa toplumy boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 114,1 göterime deň boldy. Awtomobil, demir ýol, howa, deňiz, derýa ulaglary arkaly ýük daşamagyň ösüş depgini 102,7 göterime, ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini bolsa 102,9 göterime barabar boldy. Hasabat döwründe Demir ýol ulaglary ministrligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 106,9 göterime, Awtomobil ulaglary ministrligi boýunça hyzmatlaryň ösüş depgini 125 göterime, “Türkmenhowaýollary” döwlet gullugy boýunça hyzmatlaryň ösüş depgini 117,4 göterime, Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy boýunça bu görkeziji 108,3 göterime, Aragatnaşyk ministrligi boýunça bolsa 114 göterime barabar boldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ulag we aragatnaşyk toplumynyň möhüm toplumlaryň biri bolup durýandygyny, şoňa görä-de, ýolagçy, ýük dolanyşygynyň möçberini artdyrmak üçin degişli işleri alyp barmagyň zerurdygyny belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz wise-premýere pudagara elektron maglumat alyşmak ulgamyny ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçiliklerinden doly güýjünde peýdalanmagy tabşyrdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, geçen üç aýda alnyp barlan işleriň gowy netijeleri görkezendigini, ýurdumyzy ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda özgertmeleriň netijeli alnyp barylýandygyny, önümçilik pudaklarynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşiniň 6,3 göterim derejede durnukly saklanyp gelýändigini kanagatlanma bilen belledi. “Ýurdumyzda iri senagat desgalarynyň, täze şäherçeleriň, ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň hem-de beýleki desgalaryň gurluşygy dowam edýär» diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we Diýarymyzy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen kabul edilen maksatnamalary amala aşyrmak boýunça netijeli işleri geçirmegiň möhümdigine ünsi çekdi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz sözüni dowam edip, 7-nji aprelde Bütindünýä saglyk gününiň giňden bellenip geçiljekdigini, ýurdumyzda sporty ösdürmäge, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmaga uly ähmiýet berilýändigini belledi. Pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylary we mähriban halkymyzy Bütindünýä saglyk güni bilen tüýs ýürekden gutlady. Mejlise gatnaşyjylar hem hormatly Prezidentimizi, Gahryman Arkadagymyzy Bütindünýä saglyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutladylar.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan jogapkärli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Halkbank and other bank services
Senagat Bank