Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara sergä gatnaşyjylaryň ÝÜZLENMESI
Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!
Aşgabatda ilkinji gezek geçirilen «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara sergä gatnaşyjylara iberen çuňňur many-mazmunly Gutlagyňyz hem-de bu çäräniň ýokary derejede geçirilmegi babatda döreden ajaýyp mümkinçilikleriňiz üçin Size tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys.
Sebit we dünýä derejesinde abadançylygyň, durnukly ösüşiň bähbitlerine kybap gelýän netijeli gatnaşyklary alyp barýan Türkmenistan özara bähbitli hyzmatdaşlyk ugruna eýermek bilen, islendik oňyn pikirler we teklipler üçin açykdyr. Munuň şeýledigine Siziň taýsyz tagallalaryňyz esasynda ýokary derejede geçirilen bu köpugurly halkara sergi hem aýdyň şaýatlyk edýär. Ygtybarly hyzmatdaşlar bilen duşuşmak, täze şertnamalary baglaşmak üçin giň mümkinçilikler döredilen bu sergi oňa gatnaşan kompaniýalara daşarky maýa goýumlar üçin açyk bolan türkmen bazarynda orun almaga gyzyklanma döretdi.
Hormatly Türkmenistanyň Prezidenti!
Siziň tagallalaryňyz netijesinde ýurtda alnyp barylýan işler oňyn miwesini berip, ençeme ugurlar boýunça bilelikdäki taslamalar üçin täze mümkinçilikler açylýar. Munuň özi Türkmenistanda netijeli işlemäge ähli mümkinçilikleriň bardygyny subut edýär. Siziň döredýän mümkinçilikleriňiz esasynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda ýokary derejede guralan bu giň möçberli sergä gurluşyk, energetika, senagat pudaklarynda, ulag-aragatnaşyk, sanly tehnologiýalar ulgamlarynda we beýleki ugurlarda iş alyp barýan daşary ýurtly kompaniýalaryň onlarçasynyň gatnaşmagy hem Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gyzyklanmanyň ýokarydygyny aýdyň görkezdi.
Belent mertebeli Türkmenistanyň Prezidenti!
«Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly halkara sergi möçberiniň giňligi, köpugurlylygy bilen daşary ýurtly işewürleriň türkmen bazarynda ornuny pugtalandyrmaga, bilelikdäki taslamalaryň sanyny artdyrmaga çalyşýandyklaryny subut etdi.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda guralan bu köpugurly halkara serginiň ýokary derejede geçirilmegi babatda döreden ajaýyp mümkinçilikleriňiz üçin Size ýene-de bir gezek tüýs ýürekden hoşallygymyzy bildirýäris. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak, mertebäňiziň belent, Türkmenistanyň dünýä ýurtlary bilen özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmekde alyp barýan işiňizde hemişe üstünlikleriň ýaran bolmagyny arzuw edýäris.
Sizi hormatlamak bilen,
«Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara sergä gatnaşyjylar.
Halkbank and other bank services
Senagat Bank