TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Bütindünýä saglyk güni mynasybetli köp sanly gutlag hatlary gelip gowuşýar. Hatlarda bu halkara senäniň ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini, halkymyzyň agzybirligini, jebisligini we döredijilik kuwwatyny alamatlandyrýan, ynsanperwerligiň belent taglymlaryny dabaralandyrýan baýram hökmünde giňden bellenilýändigi nygtalýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Diýarymyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde «Sagdyn bedende — sagdyn ruh» diýen ýörelgä ygrarly halkymyzyň merdana pederlerimizden miras galan köpasyrlyk däpleri dowamata atarylýar. Hatlary iberenler döwlet Baştutanymyzy bu ajaýyp baýram bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, Watanymyzyň gülläp ösüşiniň bähbidine alyp barýan işleriniň mundan beýläk-de üstünliklere beslenmegini arzuw edýärler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyza Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary G.Agajanow, B.Annamämmedow, N.Atagulyýew, T.Atahallyýew, B.Annaýew, H.Geldimyradow, R.Meredow, B.Mämmedow, B.Seýidowa iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Hormatly Prezidentimizi Bütindünýä saglyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň jogapkär işgärleri tüýs ýürekden gutladylar.

Döwlet Baştutanymyza Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan gaznanyň wise-prezidentleri O.Atabaýewa we R.Bazarow mähirli gutlaglaryny ýolladylar.

Hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň ýaşaýjylarynyň adyndan welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimleri, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy gutladylar.

Döwlet Baştutanymyza ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Hormatly Prezidentimize syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary we beýlekiler gutlag hatlaryny iberdiler.

(TDH)