TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Türkmenistanyň Prezidenti Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Wýetnamyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Baş sekretary To Lama Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanylmagy mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident To Lama tüýs ýürekden berk jan saglyk, egsilmez gujur-gaýrat, Wýetnamyň halkynyň öňe gitmegine hem-de gülläp ösmegine gönükdirilen ähli başlangyçlarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.

(TDH)