TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda

Milli baýlygymyz we guwanjymyz, gözelligiň ajaýyp nusgasy bolan behişdi bedewleriň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda, atçylyk pudagyny ösdürmekde, türkmen atlarynyň tohumlyk we önümçilik sypatlaryny gorap saklamakda, kämilleşdirmekde gazanan uly üstünlikleri üçin hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken halal, göreldeli zähmetini, hünär ussatlygyny nazara alyp, şeýle-de Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli, karar edýärin:

ýurdumyzyň şu raýatlaryna «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmaly:

«Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň atly sport we atly syýahat bölüminiň atbakary Rejepmuhammet Ataýewiç Gylyjowa;

hususy atşynas Ataberdi Borjakowa;

Aşgabat şäherinden hususy atşynas Bäşim Öwezmyradowiç Bäşimowa;

Balkan welaýatyndan hususy atşynas Orazdurdy Mämmetniýazowiç Orazmyradowa;

Daşoguz welaýatyndan hususy atşynas Hemra Täzebaýewiç Rejepowa.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.