TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Türkmen bedewiniň milli baýramyna gatnaşyjylaryň hem-de ýurdumyzyň atşynaslarynyň ÝÜZLENMESI

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýurdumyzda uly dabara bilen bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli türkmen atşynaslaryna, bedew janköýerlerine we ýurdumyzyň halkyna iberen çuň manyly Gutlagyňyz üçin Size tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, türkmen halkynyň abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan beýik işleriňiziň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz!

Siziň halkymyzyň milli baýlygy, göz guwanjy we ýürek buýsanjy bolan ahalteke bedewlerimize goýýan belent sarpaňyzyň, ýurdumyzda atçylyk pudagyny ösdürmek boýunça edýän taýsyz tagallalaryňyzyň netijesinde behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhraty barha belende göterilýär. Siziň bedewleriň tohum arassalygyny gorap saklamak, pudagy ösdürmek babatda durmuşa geçirýän işleriňiz türkmen atşynaslarynyň kalbynda buýsanç duýgusyny döredýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe asuda durmuşda ýaşaýan türkmen halky Siziň başlangyçlaryňyzy, kabul edýän il-ýurt bähbitli Kararlaryňyzy we çözgütleriňizi ýokary ruhubelentlik bilen garşy alýar. Dana pederlerimizden miras galan gadymy milli däp-dessurlarymyzyň täzeden dikeldilmegi, olara döwrebap öwüşgin berilmegi bizi has-da buýsandyrýar. Ýurdumyzyň ykdysadyýetinde, syýasatynda, bilim, ylym, saglygy goraýyş ulgamynda, medeniýetde, sungatda, oba hojalygynda, senagatda hem-de atçylyk pudagynda ýetilýän belent sepgitler, gazanylýan üstünlikler halkymyzyň röwşen geljegine bolan ynamyny has-da artdyrýar.

Siz türkmen atşynaslarynyň müňýyllyklaryň dowamynda döreden we kämilleşdiren milli seýisçilik sungaty esasynda ösdürilip ýetişdirilen, gylyk-häsiýeti, owadanlygy bilen tapawutlanýan meşhur ahalteke bedewleriniň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak boýunça giň möçberli işleri durmuşa geçirýärsiňiz. Muňa «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen halkara sirk sungaty festiwalynda Baş baýraga hem-de ýörite baýraklara mynasyp bolmagy hem doly şaýatlyk edýär.

Belent mertebeli Prezidentimiz!

Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň atçylyk pudagyny, şol sanda atly sporty ösdürmek boýunça ähli şertler döredildi. Welaýatlarda gurlup ulanmaga berlen döwrebap atçylyk sport toplumlarynyň durky täzelenip, çapuw ýodalary döwrebaplaşdyryldy. Şeýle hem atşynaslarymyzyň ýaşaýyş-durmuş, iş şertlerini has-da gowulandyrmak babatda giň mümkinçilikler döredilýär. Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň Aba Annaýew şäherçesinde atşynaslarymyz üçin döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň, medeni-durmuş maksatly binalaryň gurulmagy hem munuň aýdyň mysalydyr.

Ýurdumyzyň atçylyk pudagy üçin ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamaga aýratyn üns berilýär. Ussat atşynaslary, seýisleri, çapyksuwarlary, at üstündäki milli oýunlary ýerine ýetirýän ezber türgenleri taýýarlamak boýunça döwrebap okuw merkezleri döredilýär. Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň, Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň açylmagy Diýarymyzda atçylyk pudagyny ösdürmek, ahalteke bedewlerini ylmy taýdan öwrenmek ugrunda edilýän tagallalardan nyşandyr.

Milli atçylyk pudagynda tutanýerli zähmet çekýän hünärmenleriň, seýisleriň, türgenleriň, ähli atşynaslaryň Siziň berýän goldawlaryňyza jogap edip, ahalteke bedewleriniň baş sanyny artdyrmak, olaryň nesil arassalygyny gorap saklamak, şan-şöhratyny belende götermek boýunça mundan beýläk hem netijeli işleri durmuşa geçirjekdiklerine ynandyrýarys.

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!

Diýarymyzyň ähli künjeginde giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli iberen mähirli Gutlagyňyz üçin Size Türkmen bedewiniň milli baýramyna gatnaşyjylaryň, ýurdumyzyň ähli atşynaslarynyň, bedew janköýerleriniň adyndan ýene-de bir gezek tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak, türkmen halkyny bagtyýar geljege tarap alyp barýan beýik işleriňiziň elmydama rowaç bolmagyny arzuw edýäris.

Sizi çuňňur hormatlamak bilen,

Türkmen bedewiniň milli baýramyna gatnaşyjylar hem-de ýurdumyzyň atşynaslary.