TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli köp sanly gutlag hatlary gelip gowuşýar. Hatlarda bu baýramyň türkmen halkynyň ahalteke bedewlerine çäksiz söýgüsiniň nyşany bolup durýandygy nygtalýar. Halkymyzyň wepaly ýoldaşy bolan behişdi bedewler Watanymyzyň okgunly ösüşini alamatlandyrýar. Türkmen halky bedewlerine uly sarpa goýýar. Gutlag hatlaryny iberenler hormatly Prezidentimizi bu ajaýyp baýram bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, halkymyzyň abadan durmuşy, Watanymyzyň rowaçlygy ugrunda alyp barýan giň gerimli işlerinde täze üstünlikleri arzuw edýärler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa bu şanly waka mynasybetli Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyza Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary G.Agajanow, B.Annamämmedow, N.Atagulyýew, T.Atahallyýew, B.Annaýew, H.Geldimyradow, R.Meredow, B.Mämmedow, B.Seýidowa iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Hormatly Prezidentimizi Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň jogapkär işgärleri tüýs ýürekden gutladylar.

Döwlet Baştutanymyza Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan gaznanyň wise-prezidentleri O.Atabaýewa we R.Bazarow tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdiler.

Hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň ýaşaýjylarynyň adyndan welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimleri, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy gutladylar.

Döwlet Baştutanymyza ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary gutlaglaryny iberdiler.

Hormatly Prezidentimize Türkmenistanyň syýasy partiýalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary we beýlekiler gutlag hatlaryny iberdiler.

(TDH)