Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli köp sanly gutlag hatlarynyň gelip gowuşmagy dowam edýär. Hatlarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwlet Baştutanymyzyň yzygiderli tagallalary esasynda arassa ganly ahalteke atlarynyň baş sanyny artdyrmak, ýurdumyzda atçylyk sportuny wagyz etmek boýunça giň gerimli işleriň durmuşa geçirilýändigi bellenilýär. Halkymyz ir döwürlerden bäri ahalteke bedewlerine belent sarpa goýýar. Häzirki wagtda bu asylly däp mynasyp dowam etdirilýär. Bularyň ählisi türkmen halkynyň bahasyna ýetip bolmajak mirasy hem-de buýsanjy bolan behişdi bedewleriň dünýädäki şan-şöhratynyň mundan beýläk-de belende göterilmeginiň kepili bolup durýar. Döwlet we jemgyýetçilik işgärleri hormatly Prezidentimizi umumymilli baýram bilen mähirli gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, Watanymyzy gülledip ösdürmäge gönükdirilen köpugurly işlerinde uly üstünlikleri arzuw edýärler.
Döwlet Baştutanymyza medeniýet ulgamynyň işgärleriniň adyndan B.Seýidowa, A.Şamyradow, M.Rejepow, M.Çaryýew, M.Gazakbaýew tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdiler.
Hormatly Prezidentimizi Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanow, saglygy goraýyş we derman senagaty ministri M.Gaýypow, dokma senagaty ministri N.Orazgeldiýew, daşky gurşawy goramak ministri Ö.Goşjanow, oba hojalyk ministri Ç.Çetiýew, “Türkmenpagta” döwlet konserniniň başlygy D.Süleýmanow, “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşiginiň başlygy N.Berdiniýazow, “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşiginiň başlygy M.Öwezliýew, Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy B.Tejenow, Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy G.Ataýew, “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň baş direktory A.Berdiýew gutladylar.
Döwlet Baştutanymyza Merkezi bankyň başlygy T.Mälikow, Döwlet ösüş bankynyň başlygy D.Seýidow, Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy R.Jepbarow, “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň başlygy S.Aganiýazow, “Türkmenistan” döwlet täjirçilik bankynyň başlygy M.Hajyýew, “Halkbank” paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy M.Jepbarow, “Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy B.Atagulyýew, “Türkmenbaşy” paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy J.Jumagylyjow, “Rysgal” paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy S.Gurbandurdyýew, Türkmen-türk paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygynyň orunbasary M.Datdow iň gowy arzuwlaryny iberdiler.
Hormatly Prezidentimizi Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen Daşary işler ministrliginiň işgärleriniň we türkmen diplomatlarynyň adyndan R.Meredow, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekili W.Hajiýew, Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi E.Aýdogdyýew, Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi N.Şagulyýew, Türkmenistanyň Ukrainadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi T.Ataýew, Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi B.Rejepow, Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi N.Gölliýew, Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ş.Meredow, Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi A.Goçmyradow, Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi G.Elýasow, Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi D.Seýitmämmedow gutladylar.
(TDH)
Halkbank and other bank services
Senagat Bank