Harytlar, işler we hyzmatlar bilen üpjün edijileri saýlap almak boýunça bäsleşik
1. LOT № 45.
Milli maglumat gözegçilik merkezine birikdirmek üçin aragatnaşyk enjamlaryny satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti.
2. LOT № 47.
Baýramaly etrabynyň Erkana geňeşligindäki elektrik geçirijiniň durkuny täzelemek üçin harytlary satyn almak.
Satyn alyjy: Mary welaýat häkimligi.
3. LOT № 48.
Baýramaly etrabynyň Erkana geňeşliginiň täze mellek ýerleri üçin elektrik geçirijiniň howa ulgamyny gurmak üçin harytlary satyn almak.
Satyn alyjy: Mary welaýat häkimligi.
4. LOT № 68.
Tagtabazar şäherindäki elektrik geçirijiniň durkuny täzelemek üçin harytlary satyn almak.
Satyn alyjy: Mary welaýat häkimligi.
5. LOT № 74.
Demir ýol ulaglaryny barlaýan rentgen enjamyny satyn almak hem-de gurnamak üçin harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy.
6. LOT № 75.
Demir ýol ulaglaryny barlaýan rentgen enjamyny satyn almak hem-de gurnamak üçin harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy.
7. LOT № 93.
Welaýatyň etraplarynyň agyz suw üpjünçiligini gowulandyrmak üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Lebap welaýat häkimligi.
8. LOT № 119.
Häzirki zaman tehnologiýalaryna esaslanan tor hem-de maglumat howpsuzlygynyň enjamlaryny we programma üpjünçiligini satyn almak.
Satyn alyjy: Daşoguz welaýat häkimligi.
9. LOT № 120.
«ИСЛ-401М» kysymly meteorologik barlagdan geçirýän ölçeýji enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi.
10. LOT № 131.
Magtymguly etrabynyň Gyzyl ymam obasyna «Ýegen ata» çeşmesinden suw eltijiniň gurluşygy üçin harytlary satyn almak.
Satyn alyjy: Balkan welaýat häkimligi.
11. LOT № 135.
Daşky yşyklandyryş çyralary hem-de led lampalary satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi.
12. LOT № 141.
Şahsy gigiýena we arassaçylyk serişdelerini satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi.
13. LOT № 147.
Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan serhedi awtomobil ýolunyň Garabogaz — Gazagystan serhedi aralygynyň 0 — 18,2 kilometr aralygy, şeýle-de 18,2 — 43,6 kilometr aralygynyň awtomobil ýollary üçin ýol belgilerini we onuň sütünlerini satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Awtomobil ýollary ministrligi.
14. LOT № 177.
Daşoguz şäheriniň Bitaraplyk şaýolunyň ugrundaky 4 gatly, 16 öýli 1 sany we 4 gatly, 32 öýli 2 sany ýaşaýyş jaýlarynyň daşky inženerçilik ulgamlary hem-de ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak üçin gurluşyk harytlaryny satyn almak.
Satyn alyjy: Daşoguz welaýat häkimligi.
15. LOT № 181.
Jemagat hojalyk birleşigine gerek harytlary satyn almak.
Satyn alyjy: Lebap welaýat häkimligi.
16. LOT № 186.
Esenguly etrabynyň prokuraturasynyň täze edara binasynyň gurluşygy üçin harytlary satyn almak.
Satyn alyjy: Balkan welaýat häkimligi.
17. LOT № 189.
Gullugyň bölümleri üçin gurluşyk harytlaryny satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy.
18. LOT № 190.
Binalaryň, desgalaryň we ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyk işlerine gerekli harytlary satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy.
19. LOT № 195.
Büzmeýin etrabynyň Abadan şaýolunyň ugrunda 4 gatly, 32 öýli 11 sany guýma görnüşli ýaşaýyş jaýyny gurmak üçin gurluşyk harytlaryny satyn almak.
Satyn alyjy: Aşgabat şäher häkimligi.
20. LOT № 196.
Aşgabat — Gökdepe — Türkmenbaşy awtomobil ýolunyň 221 — 271 kilometr bölegi üçin ýörite ugur görkeziji ýol belgilerini we sütünleri satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Awtomobil ýollary ministrligi.
21. LOT № 197.
Ýol belgilerini, sütünlerini we ýol çyzyklaryny çyzmak üçin boýag satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Awtomobil ýollary ministrligi.
22. LOT № 198.
Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky ýaşaýyş toplumynda gurulýan 2 gatly ýaşaýyş jaýlar üçin daşky eltiji elektrik, agyz suw hem-de lagym ulgamlaryny hem-de awtomobil ýollaryny gurmak üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Aşgabat şäher häkimligi.
Bäsleşik 2026-njy ýylyň 26-njy maýynda sagat 10:00-da geçirilýär. Bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalary, harytlary (işleri, hyzmatlary) üpjün etmek boýunça şertler, möçberler we beýleki materiallar baradaky maglumatlary aşakdaky salgyda ýerleşýän bäsleşik toparyndan ýüztutmalar esasynda alyp bilersiňiz. Resminamalar şu ýylyň 25-nji maýyna, sagat 17:00-a çenli kabul edilýär.
Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 156-njy jaýy — Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi.
Telefon belgileri: 39-46-39, 39-46-38.
Maglumatlar e.fineconomic.gov.tm web saýtynda hem ýerleşdirildi.
Halkbank and other bank services
Senagat Bank