Balkan welaýat häkimligi «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda kuwwatlylygy bir gije-gündizde 35 müň kub metr, Türkmenbaşy etrabynda 50 müň kub metr bolan deňiz suwuny süýjediji desgalaryň önümçilik kuwwatyny ýokarlandyrmak maksady bilen, toplumlaýyn tehniki seljerme (audit) işlerini geçirmek üçin potratçyny saýlap almak boýunça halkara bäsleşik yglan edýär
Bäsleşige gatnaşmak üçin Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnan ýerli ýa-da daşary ýurtly kärhanalar we kompaniýalar gatnaşyp bilerler.
Bäsleşige gatnaşmak isleýänlerden edilýän talaplar:
— gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk derejesini, Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnandygy barada maglumatlary görkezmek bilen, bäsleşige gatnaşmak üçin ýazmaça arza bermek;
— soňky 3 ýylyň dowamynda ýerine ýetiren taslamalary barada maglumat;
— edara-kärhanalaryň maddy-tehniki binýady barada maglumat;
— hususy kärhanalara Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde kepilnama.
Bäsleşik boýunça teklipler welaýat häkimliginde kabul edilýär.
Salgysy: Balkanabat şäheriniň Gurbansoltan eje şaýolunyň 14-nji ýaşaýyş jaý toplumynyň 14-nji jaýy.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (800222) 2-00-25, 2-00-55.
Halkbank and other bank services
Senagat Bank