TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň demir ýol ulagy boýunça Geňeşiniň 84-nji halkara mejlisine gatnaşyjylaryň ýüzlenmesi

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!

Ak mermere beslenen türkmen paýtagtynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň demir ýol ulagy boýunça Geňeşiniň 84-nji halkara mejlisiniň ýokary guramaçylykda geçirilmegi babatda döreden mümkinçilikleriňiz we oňa gatnaşyjylara iberen Gutlagyňyz üçin Size tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys.

Hormatly Türkmenistanyň Prezidenti!

Gadymyýetde Gündogar bilen Günbatary birleşdiren Beýik Ýüpek ýolunyň çatrygynda örän amatly ýerleşen Türkmenistan bu gadymy kerwen ýoluny dost-doganlygyň, hyzmatdaşlygyň ýoluna öwürmek ugrunda tagalla edýär. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň möhüm başlangyçlary esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen birnäçe Kararnama kabul edildi. Häzirki wagtda Siz bu ugurdaky işleri mynasyp dowam etdirýärsiňiz. Çünki köpşahaly, howpsuz halkara ulag düzüminiň döredilmegi ählumumy durnukly ösüşiň wajyp şertleriniň biri bolup durýar.

Belent mertebeli Türkmenistanyň Prezidenti!

Siziň baştutanlygyňyzda häzirki zaman ulag ulgamynyň döredilmegi Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Siziň kabul eden uzak möhletleýin milli maksatnamalaryňyzda bu ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga, degişli düzümleri döwrebaplaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmenistan soňky ýyllarda sebit we yklym ähmiýetli möhüm üstaşyr ulag hem-de logistika merkezi hökmünde ornuny barha pugtalandyryp, öz ägirt uly kuwwatyny ählumumy abadançylygyň bähbidine ulanmaga çalyşýar.

Türkmenistanda Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirjek transmilli ulag geçelgeleriniň gurulmagy ulag ulgamyny ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleriň iş ýüzünde durmuşa geçirilýändigini aýdyň görkezýär. Bu bolsa häzirki döwrüň geosyýasy we geoykdysady zerurlyklary bilen şertlendirilendir.

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!

Demir ýol edaralarynyň hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen nobatdaky mejlis durnukly ösüşi üpjün etmegiň esasy şerti hökmünde ulag meselesi boýunça netijeli gepleşikleriň zerurdygyny tassyklaýar. Bu mejlisiň Türkmenistanda geçirilmegi Siziň alyp barýan öňdengörüjilikli syýasatyňyzyň, döredijilikli başlangyçlaryňyzyň halkara guramalar tarapyndan uly goldawa eýe bolýandygyny görkezýär. Aşgabatda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň demir ýol ulagy boýunça Geňeşiniň 84-nji mejlisiniň ýokary derejede geçirilmegi babatda ähli zerur şertleri döredendigiňiz üçin Size ýene-de bir gezek tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, türkmen halkynyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan tutumly işleriňiziň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.

Sizi çuňňur hormatlamak bilen,

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň demir ýol ulagy boýunça Geňeşiniň 84-nji halkara mejlisine gatnaşyjylar.