TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa «Agro Pack Turkmenistan — 2026» atly halkara sergä gatnaşyjylaryň ýüzlenmesi

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ak mermerli Aşgabatda geçirilen «Agro Pack Turkmenistan — 2026» atly halkara sergä gatnaşyjylara iberen çuňňur many-mazmunly Gutlagyňyz hem-de bu giň gerimli çäräniň ýokary derejede geçirilmegi babatda döreden ajaýyp mümkinçilikleriňiz üçin Size tüýs ýürekden hoşallygymyzy bildirýäris.

Halkara sergä Türkmenistandan we dünýä ýurtlaryndan oba hojalyk, azyk önümlerini öndürmek, gaýtadan işlemek, saklamak we gaplamak bilen bagly pudaklara degişli kompaniýalaryň onlarçasy gatnaşdy. Halkara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny açmaga gönükdirilen gözden geçirilişe gatnaşyjylar azyk önümçiliginiň enjamlary, gaplama önümleri, gaplama enjamlary, azyk önümleri, iýmit goşundylary, çörek we çörek önümleriniň tehnologiýalary, däne saklaýyş, degirmen ulgamlary, ýyladyşhana, bagçylyk, tokaýçylyk, guşçulyga we maldarçylyga degişli enjamlar, oba hojalyk önümleri, tohumlardyr dökünler, suwaryş ulgamlary boýunça öz hyzmatlaryny hem-de önümlerini hödürlediler. Ygtybarly hyzmatdaşlar bilen duşuşmak, özara şertnamalary baglaşmak üçin giň mümkinçilikler döredilen bu sergi oňa gatnaşan kompaniýalara daşarky maýa goýumlar üçin açyk bolan türkmen bazarynda orun almaga itergi berdi.

Belent mertebeli Türkmenistanyň Prezidenti!

Biz bu sergide Siziň tagallalaryňyz netijesinde Türkmenistanda azyk bolçulygyny üpjün etmek boýunça wezipeleri üstünlikli çözmek maksady bilen, azyk senagaty pudagynyň okgunly ösdürilýändigine, öndürilýän önümleriň möçberiniň artdyrylýandygyna hem-de hiliniň ýokarlandyrylýandygyna, olaryň görnüşleriniň köpeldilýändigine şaýat bolduk. Bu serginiň üsti bilen Türkmenistanyň obasenagat toplumyny ösdürmäge, hil taýdan täze derejä çykarmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeler şöhlelendirildi. Ol gatnaşyjylar üçin ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirmek, häzirki zaman tehnologiýalary bilen tanyşmak, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak babatda özboluşly meýdança boldy.

Hormatly Türkmenistanyň Prezidenti!

«Agro Pack Turkmenistan — 2026» atly halkara serginiň ýokary derejede geçirilmegi babatda döreden mümkinçiligiňiz üçin Size ýene-de bir gezek köp sagbolsun aýdýarys. Size berk jan saglyk, uzak ömür, dünýä döwletleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça durmuşa geçirýän möhüm başlangyçlaryňyzda uly üstünlikleri arzuw edýäris.

«Agro Pack Turkmenistan — 2026» atly halkara sergä gatnaşyjylar.