TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli gutlag hatlary gelip gowuşýar. Gutlag hatlarynda Konstitusiýamyzyň, ýaşyl tugumyzyň asyrlaryň dowamynda emele gelen milli döwletliligimiziň nyşanlary bolup durýandygy bellenilýär. Garaşsyzlygymyzyň, baky Bitaraplygymyzyň mizemez binýadyny alamatlandyrýan bu şanly sene halkymyzyň agzybirlik we jebislik, ýurdumyzyň parahatçylyk, dost-doganlyk ýörelgelerine berk ygrarlylygynyň aýdyň beýanydyr. Hatlary iberenler döwlet Baştutanymyzy milli senenamamyzda möhüm orny eýeleýän bu baýram bilen tüýs ýürekden gutlaýarlar we berk jan saglygyny, uzak ömür, Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde täze üstünlikleri arzuw edýärler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyza Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary G.Agajanow, B.Annaýew, B.Annamämmedow, N.Atagulyýew, T.Atahallyýew, H.Geldimyradow, R.Meredow, B.Mämmedow, B.Seýidowa iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Hormatly Prezidentimizi Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň jogapkär işgärleri tüýs ýürekden gutladylar.

Döwlet Baştutanymyza şanly baýram mynasybetli Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan gaznanyň wise-prezidentleri O.Atabaýewa we R.Bazarow tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdiler.

Hormatly Prezidentimizi Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli ýurdumyzyň ýaşaýjylarynyň adyndan welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimleri, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy gutladylar.

Döwlet Baştutanymyza ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdiler.

Hormatly Prezidentimize Türkmenistanyň syýasy partiýalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary we beýlekiler gutlag hatlaryny ýolladylar.

(TDH)