TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Türkmenistan — FAO: innowasiýalar azyk bolçulygynyň bähbidine

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de Türk­me­nis­ta­nyň oba ho­ja­lyk pu­da­gy milli azyk howp­suz­ly­gy­nyň ke­pi­li bo­lup çy­kyş ed­ýär. Gahryman Arkadagymyz ta­ra­pyn­dan ba­şy baş­la­nyp, hor­mat­ly Prezidentimiziň baş­tu­tan­ly­gyn­da üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän giň möç­ber­li öz­gert­me­ler oba ho­ja­lyk top­lu­my­ny yk­dy­sa­dy­ýe­tiň ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­ly pu­da­gy­na öwür­mä­ge ýar­dam ber­ýär. Bu gün bu pu­dak hal­ky­my­zyň daý­han­çy­lyk däp­le­ri­niň öň­de­ba­ry­jy dün­ýä tej­ri­be­si bi­len ut­gaş­ýan in­no­wa­si­ýa­lar meý­dan­ça­sy­dyr.

Ýur­du­myz­da azyk bol­çu­ly­gy­ny mun­dan beý­läk-de pug­ta­lan­dyr­mak pu­da­gyň stra­te­gik we­zi­pe­si bo­lup dur­ýar. Bu we­zi­pä­ni üs­tün­lik­li ber­jaý et­mek üçin döw­le­ti­miz ta­ra­pyn­dan oba ho­ja­lyk önüm ön­dü­ri­ji­le­ri­ne hem­me­ta­rap­la­ýyn gol­daw be­ril­ýär. Şeý­le çe­me­leş­me içer­ki ba­za­ry do­ly üp­jün et­mek bi­len çäk­len­män, eý­sem, eko­lo­gik taý­dan aras­sa gök önüm­le­ri eks­port et­mä­ge hem müm­kin­çi­lik ber­ýär. Gahryman Arkadagymyz oba ho­ja­ly­gyn­da giň möç­ber­li öz­gert­me­le­riň ba­şy­ny baş­la­dy. Hor­mat­ly Prezidentimiziň baş­tu­tan­ly­gyn­da bu gün Türk­me­nis­ta­nyň oba ho­ja­lyk top­lu­my äh­lu­mu­my azyk ul­ga­my­na ynam­ly go­şu­lyş­ýar. BMG-niň Azyk we oba ho­ja­lyk gu­ra­ma­sy (FAO) ýa­ly iri hal­ka­ra guramalar bi­len hyz­mat­daş­lyk ýur­du­my­zyň in­no­wa­si­ýa­la­ra açyk­dy­gy­ny we tej­ri­be­le­ri paý­laş­ma­ga taý­ýar­dy­gy­ny tas­syk­la­ýar.

Tä­ze ta­ry­hy dö­wür­de to­hum­çy­ly­gy ös­dür­mä­ge aý­ra­tyn üns be­ril­ýär. Bu ugur oba ho­ja­lyk top­lu­myn­da teh­no­lo­gik ga­raş­syz­ly­gyň bin­ýa­dy bo­lup dur­ýar. «To­hum­çy­lyk ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny­na we beý­le­ki ka­nun­çy­lyk namalaryna la­ýyk­lyk­da, şeý­le hem hal­ka­ra tej­ri­bä esas­la­nyp, to­hum­çy­lyk işi­ne uly äh­mi­ýet be­ril­ýän­di­gi­ni nyg­ta­mak ge­rek. Seç­gi­çi­lik, to­hum­çy­lyk pu­da­gyn­da do­wam et­di­ril­ýän yl­my göz­leg­ler, alym­la­ryň tej­ri­be­si­niň, hü­när de­re­je­si­niň yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy oba ho­ja­ly­k pu­da­gy­nyň ösü­şi­ne oňyn tä­si­ri­ni ýe­tir­ýär. Di­ýa­ry­myz­da to­hum­la­ryň se­bit­le­riň top­rak-ho­wa şert­le­ri­ne uý­gun­la­şan gör­nüş­le­ri­ni dö­ret­mek bo­ýun­ça yl­my-bar­lag ins­ti­tut­la­ry­nyň we ýö­ri­te­leş­di­ri­len to­hum­çy­lyk ho­ja­lyk­la­ry­nyň tu­tuş ul­ga­my ke­ma­la ge­ti­ril­di. Türk­men seç­gi­çi­le­ri go­wa­ça­nyň hem-de bug­da­ýyň ýo­ka­ry ha­syl­ly, ke­sel­le­re dur­nuk­ly naý­ba­şy to­hum­la­ry­ny dö­ret­mek ug­run­da üs­tün­lik­li işi alyp bar­ýar­lar.

Soň­ky dö­wür­de ýur­du­my­zyň BMG-niň Azyk we oba ho­ja­lyk gu­ra­ma­sy (FAO) bi­len hyz­mat­daş­ly­gy maz­mun taý­dan baý­laş­dy­ryl­ýar. Bu gu­ra­ma bi­len bi­le­lik­de bir­nä­çe taslamalar amala aşy­ryl­ýar. Şo­nuň ne­ti­je­sin­de oba ho­ja­ly­gyn­da giň ge­rim­li öz­gert­me­le­ri dur­mu­şa ge­çir­mek­de, şol san­da pu­da­gyň işi­ni düýp­li döw­re­bap­laş­dyr­mak­da, onuň kuw­wat­lyk­la­ry­ny saz­la­şyk­ly he­re­ke­te ge­tir­mek­de, oba ho­ja­lyk top­lu­my­nyň teh­ni­ki bin­ýa­dy­ny tä­ze­le­mek­de, in­no­wa­si­on, san­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ry or­naş­dyr­mak­da, yl­myň ga­za­nan­la­ry bi­len ös­dür­mek­de, önüm ön­dü­ri­ji­le­ri hem­me­ta­rap­la­ýyn gol­da­mak­da baý tej­ri­be top­lan­dy. Ne­ti­je­de, Wa­ta­ny­myz­da azyk bol­çu­ly­gy üp­jün edil­ýär. Türk­men eke­ran­çy­la­ry her ýyl bug­da­ýyň, gök-bak­ja ekin­le­ri­niň bol ha­sy­ly­ny ös­dü­rip ýe­tiş­dir­ýär­ler. Ýo­ka­ry hil­li, bäs­deş­li­ge ukyp­ly önüm­le­riň dür­li gör­nüş­le­ri­ni ön­dür­ýän oba ho­ja­lyk top­lu­my­nyň gaý­ta­dan iş­le­ýän pu­da­gy­nyň kuw­wa­ty bar­ha art­ýar. FAO-nyň Baş di­rek­to­ry Suý Dun­ýu­ýyň 2026-njy ýy­lyň ýan­wa­ryn­da Aş­ga­ba­da amala aşy­ran sa­pa­ry­nyň do­wa­myn­da bu gu­ra­ma­nyň Türk­me­nis­tan­da we­kil­ha­na­sy­ny dö­ret­mek ba­ra­da Yla­la­şy­ga gol çe­kil­di. Bu çöz­güt hyz­mat­daş­ly­gy hil taý­dan tä­ze de­re­jä çy­ka­ryp, milli taslamalara he­mi­şe­lik teh­ni­ki gol­da­wy üp­jün eder.

Oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­ni ön­dü­ri­ji­le­ri ma­li­ýe-yk­dy­sa­dy taý­dan gol­da­mak işi­ne döw­let de­re­je­sin­de uly äh­mi­ýet be­ril­ýär. Mu­nuň özi ola­ry tä­ze zäh­met üs­tün­lik­le­ri­ne ruh­lan­dyr­ýar. Hor­mat­ly Prezidentimiziň Ka­rar­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, oba ho­ja­lyk top­lu­my­ny ul­gam­la­ýyn do­lan­dyr­mak we onuň işi­ni kä­mil­leş­dir­mek mak­sa­dy bi­len, dä­ne­çi­lik, eke­ran­çy­lyk, pag­ta­çy­lyk yl­my-bar­lag ins­ti­tut­la­ry dö­re­dil­di, Oba ho­ja­lyk mi­nistr­li­gi­niň gu­ra­ma­çy­lyk dü­zü­mi döw­re­bap­laş­dy­ryl­dy. 2024-nji ýy­lyň ha­sy­lyn­dan baş­lap, bug­da­ýyň we pag­ta­nyň döw­let sa­tyn alyş nyrh­la­ry­nyň ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy eke­ran­çy­la­ry mun­dan beý­läk-de yh­las­ly, ne­ti­je­li iş­le­mä­ge ruh­lan­dyr­dy. Bug­daý ýur­du­myz­da azyk ga­raş­syz­ly­gy­ny üp­jün ed­ýän stra­te­gik ekin­dir. Ge­çen ýyl daý­han­lar döw­let har­ma­ny­na 1,4 million ton­na­dan gow­rak gal­la tab­şyr­dy­lar. Mu­nuň şeý­le bol­ma­gy­na köp ba­bat­da bug­daý to­hu­my­nyň ýo­ka­ry hil­li bol­ma­gy ýar­dam ber­ýär. Bug­da­ýyň türk­men hü­när­men­le­ri­niň dö­re­den «Serdar», «Arkadag», «Py­ra­gy» at­ly tä­ze gör­nüş­le­ri ýur­du­my­zyň top­rak-ho­wa şert­le­rin­de ýo­ka­ry ha­syl­ly­lyk gör­ke­zip, çö­rek önüm­le­ri se­na­ga­ty üçin berk çig mal bin­ýa­dy­ny dö­red­ýär.

Hä­zir­ki za­man şert­le­rin­de oba ho­ja­ly­gy­nyň dur­nuk­ly ösü­şi gö­nü­den-gö­ni eko­lo­gik ýag­daý­la­ra bag­ly­dyr. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, ýur­du­myz­da Ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi ba­ra­da­ky Milli stra­te­gi­ýa­nyň, Milli to­kaý mak­sat­na­ma­sy­nyň çäk­le­rin­de ugur­daş iş­ler amala aşy­ryl­ýar. Şun­da ýer we suw se­riş­de­le­ri­niň re­je­li ula­nyl­ma­gy­na, daş­ky gur­şa­wyň go­ral­ma­gy­na, eko­lo­gik taý­dan aras­sa, se­riş­de tyg­şyt­laý­jy teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň or­naş­dy­ryl­ma­gy­na, ila­tyň eko­lo­gik me­de­ni­ýe­ti­niň ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy­na uly äh­mi­ýet be­ril­ýär. Bu ugur­da hal­ka­ra ta­gal­la­la­ry gol­da­ýan döw­le­ti­miz gel­jek üçin müm­kin­çi­lik­le­ri ha­sa­ba alyp, öň­de goý­lan we­zi­pe­le­riň de­ňe­çer çöz­güt­le­ri­niň iş­le­nip taý­ýar­la­nyl­ma­gyn­da mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe bo­lan baş­lan­gyç­ly or­ny eýe­le­ýär. Şu ýy­lyň few­ra­lyn­da Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gin­de ge­çi­ri­len bri­fing­de FAO bi­len hyz­mat­daş­ly­gyň 2026 — 2030-njy ýyl­lar üçin ýurt bo­ýun­ça tä­ze Çar­çu­wa­ly mak­sat­na­ma­sy­ny taý­ýar­la­mak bo­ýun­ça iş­le­riň al­nyp ba­ryl­ýan­dy­gy bel­le­nil­di, şeý­le hem Äh­lu­mu­my eko­lo­gi­ýa gaz­na­sy­nyň ug­ry bo­ýun­ça tä­ze taslamalaryň dör­dü­si­ni dur­mu­şa ge­çir­mek üçin ma­li­ýe se­riş­de­le­ri­niň bö­lü­nip ber­len­di­gi ha­bar be­ril­di. Bu baş­lan­gyç­lar oba ho­ja­ly­gyn­da san­ly öz­gert­me­le­ri amala aşyr­ma­ga, pu­da­gyň ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi­ne dur­nuk­ly­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len­dir.

Go­wa­ça to­hu­my­nyň seç­gi­çi­li­gin­de hem oňyn ne­ti­je­ler ga­za­nyl­ýar. Pag­ta­nyň or­ta we in­çe sü­ýüm­li gör­nüş­le­ri­niň ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­me­gi ýur­du­my­zyň dok­ma se­na­ga­ty­ny ýo­ka­ry hil­li çig mal bi­len üp­jün et­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. Seç­gi­çi­li­giň hä­zir­ki za­man usul­la­ry ýo­ka­ry ha­syl­ly gör­nüş­le­ri dö­ret­mek işi­ni tiz­leş­dir­ýär. Bu bol­sa dok­ma se­na­ga­ty­ny ös­dür­mä­ge gö­nü­den-gö­ni tä­sir ed­ýär. Şu­nuň bi­len bir­lik­de, pu­da­gyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy yzy­gi­der­li pug­ta­lan­dy­ryl­ýar. Ýur­du­my­zyň eke­ran­çy­lyk meý­dan­la­ryn­da “John Dee­re”, “CLA­AS” ýa­ly dün­ýä bel­li kom­pa­ni­ýa­la­ryň kom­baýn­la­ry we trak­tor­la­ry ne­ti­je­li peý­da­la­nyl­ýar. Eme­li hem­ra na­wi­ga­si­ýa, GPS ul­gam­la­ry­nyň ula­nyl­ma­gy ta­kyk eke­ran­çy­lyk ýö­rel­ge­le­ri­ni or­naş­dyr­ma­ga ýar­dam ber­ýär. Mu­nuň özi önü­miň özü­ne düş­ýän gym­ma­ty­ny pe­selt­mä­ge, ýer se­riş­de­le­rin­den re­je­li peý­da­lan­ma­ga şert dö­red­ýär.

Suw tyg­şyt­laý­jy teh­no­lo­gi­ýa­la­ry or­naş­dyr­ma­ga aý­ra­tyn üns be­ril­ýär. Türk­me­nis­tan FAO bi­len bi­le­lik­de, Amy­der­ýa­nyň we Ga­ra­gum der­ýa­sy­nyň suw se­riş­de­le­ri­ni top­lum­la­ýyn do­lan­dyr­mak bo­ýun­ça taslamalary dur­mu­şa ge­çir­ýär. Meý­dan­lar­da dam­ja­la­ýyn su­war­mak ul­gam­la­ry­nyň or­naş­dy­ryl­ma­gy ekin­le­riň ha­syl­ly­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­mak bi­len bir ha­tar­da, suw se­riş­de­le­ri­ni 40 göterime çen­li tyg­şyt­la­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Su­wa­ryş ul­gam­la­ry­nyň abat­la­nyl­ma­gy, tä­ze suw how­dan­la­ry­nyň gu­rul­ma­gy alys­da­ky meý­dan­la­ry hem suw bi­len üp­jün et­mä­ge ýar­dam ber­ýär.

Ýy­la­dyş­ha­na ho­ja­lyk­la­ry hä­zir­ki wagt­da Türk­me­nis­ta­nyň eks­por­tyn­da aý­ra­tyn or­ny eýe­le­ýär. Bu gün türk­men gök-bak­ja önüm­le­ri GDA-nyň we Pars aý­la­gy­nyň ýurt­la­ry­nyň, beý­le­ki döw­let­le­riň ba­zar­la­ryn­da giň­den ta­nal­ýan ha­ry­da öw­rül­di. Gid­ro­po­ni­ka­nyň, aw­to­mat­laş­dy­ry­lan do­lan­dy­ryş ul­ga­my­nyň bin­ýa­dyn­da iş­le­ýän döw­re­bap ýy­la­dyş­ha­na top­lum­la­ry tu­tuş ýy­lyň do­wa­myn­da ha­syl ýyg­na­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Döw­le­ti­mi­ziň bu ug­ra gö­nük­dir­ýän ma­ýa go­ýum­la­ry esa­syn­da türk­men te­le­ke­çi­le­ri eks­port gör­ke­zi­ji­le­ri­ni bir­nä­çe es­se art­dyr­dy­lar.

Oba ho­ja­lyk top­lu­myn­da­ky öz­gert­me­le­riň hä­si­ýet­li aý­ra­tyn­ly­gy onuň düý­bün­den tä­ze yk­dy­sa­dy şert­ler­de — te­le­ke­çi­lik baş­lan­gyç­la­ry­nyň giň ge­ri­me eýe bol­ýan wag­tyn­da al­nyp ba­ryl­ýan­dy­gy bi­len bag­ly­dyr. Ýur­du­myz­da oba ho­ja­lyk top­lu­my­ny ös­dür­mek ba­bat­da iri möç­ber­li iş­le­re yk­dy­sa­dy­ýe­tiň hu­su­sy pu­da­gy­nyň we­kil­le­ri iş­jeň gat­naş­ýar­lar. Te­le­ke­çi­lik işi­ni gol­da­mak we hö­wes­len­dir­mek bo­ýun­ça döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň çäk­le­rin­de oba ýer­le­rin­de hal­ky­my­zyň ga­dy­my se­net­le­ri­niň bi­ri bo­lan ýü­pek­çi­li­giň ös­dü­ril­me­gi­ne aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär. Ýur­du­myz­da pi­lä­niň möç­be­ri­niň art­dy­ryl­ma­gy, gaý­ta­dan iş­le­ýän kär­ha­na­la­ryň gym­mat­ly çig mal bi­len do­ly üp­jün edil­me­gi, ýü­pe­gi gaý­ta­dan iş­le­ýän kär­ha­na­la­ryň döw­re­bap­laş­dy­ryl­ma­gy mu­nuň aý­dyň my­sa­ly­dyr.

Mal­dar­çy­lyk pu­da­gyn­da hem düýp­li öz­gert­me­ler amala aşy­ryl­ýar. FAO bi­len hyz­mat­daş­ly­gyň çäk­le­rin­de oba ho­ja­lyk mal­la­ry­ny iden­ti­fi­ka­si­ýa et­me­giň 2027-nji ýy­la çen­li dö­wür üçin milli ul­ga­my or­naş­dy­ryl­ýar. Iri mal­dar­çy­lyk ho­ja­lyk­la­ry­nyň dö­re­dil­me­gi, iým önüm­çi­li­gi­niň döw­re­bap usul­la­ry­nyň or­naş­dy­ryl­ma­gy mal­la­ryň baş sa­ny­ny ep-es­li art­dyr­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­di. Soň­ky ýyl­lar­da gur­lan döw­re­bap et-süýt top­lum­la­ry ila­ty­my­zy ýur­du­myz­da ön­dü­ril­ýän eko­lo­gik taý­dan aras­sa önüm­ler bi­len üp­jün ed­ýär.

Mi­ne­ral dö­kün­le­riň ne­ti­je­li peý­da­la­nyl­ma­gy oba ho­ja­lyk top­lu­my­ny ös­dür­me­giň wa­jyp şer­ti bo­lup dur­ýar. Ýur­du­my­zyň kuw­wat­ly hi­mi­ýa se­na­ga­ty eke­ran­çy­la­ry kar­ba­mid, fos­for, ka­liý dö­kün­le­ri bi­len do­ly üp­jün ed­ýär. Önüm­çi­li­giň şeý­le ýa­pyk aý­law­ly ul­ga­my oba ho­ja­lyk ekin­le­rin­den ýo­ka­ry ha­syl al­ma­ga, şeý­le­lik­de, milli yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi pug­ta­lan­dyr­ma­ga hem-de da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän ha­ryt­lar­dan ga­raş­ly­ly­gy pe­selt­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. Oba ho­ja­ly­gy­ny san­ly­laş­dyr­ma­gyň çäk­le­rin­de elekt­ron ýer ka­dastr­la­ry­ny, uzak ara­lyk­dan ekin­le­riň ýag­da­ýy­na gö­zeg­çi­lik et­mek ul­gam­la­ry­ny dö­ret­mek bo­ýun­ça çä­re­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. FAO bi­len bi­le­lik­de, D33 teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny ulan­mak ar­ka­ly ekin­le­re gö­zeg­çi­lik et­mek bo­ýun­ça dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän tas­la­ma ag­ro­nom­la­ra goş­ma­ça su­wa­ryş ýa-da iý­mit­len­di­riş ta­lap ed­ýän meý­dan bö­lek­le­ri­ni des­sin ýü­ze çy­kar­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Bu bol­sa, öz ge­ze­gin­de, ha­sy­lyň ýit­gi tö­wek­gel­çi­li­gi­ni pe­seld­ýär.

Oba ho­ja­lyk ugur­ly ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň önüm­çi­lik bi­len ýa­kyn hyz­mat­daş­ly­gy esa­syn­da pu­da­gyň yl­my bin­ýa­dy pug­ta­lan­dy­ryl­ýar. Ýaş hü­när­men­ler ýur­du­my­zyň öň­de­ba­ry­jy ho­ja­lyk­la­ryn­da okuw tej­ri­be­li­gi­ni ge­çip, bio­teh­no­lo­gik pro­ses­le­ri do­lan­dyr­ma­gyň in­çe tär­le­ri­ni öz­leş­dir­ýär­ler. Hü­när­men­le­riň tä­ze nes­li­ni ke­ma­la ge­tir­mek öň­de­ba­ry­jy dün­ýä tej­ri­be­si­niň or­naş­dy­ryl­ma­gy ar­ka­ly ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­ly pu­da­ga öw­rü­len oba ho­ja­ly­gy­nyň gel­je­gi­ne ma­ýa go­ýum bo­lup dur­ýar.

Oba ho­ja­ly­gy­nyň eks­port müm­kin­çi­lik­le­ri di­ňe bir gök-bak­ja önüm­le­ri bi­len çäk­len­me­ýär. Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­myz ga­wun­dyr gar­py­zyň, mi­we­le­riň eks­por­ty­ny iş­jeň ös­dür­ýär. Türk­men ga­wun­la­ry­nyň öz­bo­luş­ly ta­ga­my da­şa­ry ýurt­lar­da uly meş­hur­ly­ga eýe­dir. Ýe­ral­ma, so­gan üçin to­hum gaz­na­la­ry­ny dö­ret­mek ar­ka­ly gök-bak­ja ekin­le­ri­niň to­hum­çy­ly­gy ös­dü­ril­ýär.

Ýer gat­na­şyk­la­ry ul­ga­myn­da döw­let sy­ýa­sa­ty uzak möh­let­le­ýin kä­ren­de­çi­li­gi we daý­han bir­le­şik­le­ri­niň dö­re­dil­me­gi­ni hö­wes­len­dir­ýär. Mu­nuň özi eke­ran­çy­lar­da top­ra­ga has aýaw­ly çe­me­leş­mä­ge, onuň ha­syl be­ri­ji­li­gi­ni go­rap sak­la­ma­ga şah­sy gy­zyk­lan­ma­ny art­dyr­ýar. FAO-nyň we Äh­lu­mu­my eko­lo­gi­ýa gaz­na­sy­nyň ho­wan­dar­ly­gyn­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän taslamalaryň ne­ti­je­sin­de top­ra­gy dur­nuk­ly do­lan­dyr­mak tej­ri­be­le­ri­niň or­naş­dy­ryl­ma­gy şor­la­şan ýer­le­ri gaý­ta­dan di­kelt­mä­ge, ola­ry oba ho­ja­lyk do­la­ny­şy­gy­na gi­riz­mä­ge ýar­dam ber­ýär.

Tä­ze ta­ry­hy eý­ýam­da türk­men oba­la­ry­nyň keş­bi hem düýp­gö­ter öz­ger­di. Giň zo­lak­ly in­ter­net, döw­re­bap mek­dep­ler­dir sag­lyk öý­le­ri ýa­ly şä­her inf­rast­ruk­tu­ra­ly oba­lar bu gün gö­zü­ňi do­kun­dyr­ýar. Mu­nuň özi oba ila­ty­nyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­ni yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­dyr­mak bo­ýun­ça döw­le­ti­miz ta­ra­pyn­dan edil­ýän ala­da­nyň aý­dyň gü­wä­si­dir.

Oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­niň eko­lo­gik taý­dan howp­suz­ly­gy­na uly üns be­ril­ýär. FAO-nyň se­bit taslamalarynyň çäk­le­rin­de ösüm­lik­le­ri go­ra­ma­gyň bio­lo­gik usul­la­ry­nyň ula­nyl­ma­gy, dä­ne­li ekin­le­riň zy­ýan­keş­le­ri­ne gar­şy gö­reş çä­re­le­ri­niň ge­çi­ril­me­gi eko­lo­gik taý­dan aras­sa önüm­le­ri al­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär we ýur­du­my­zyň oba ho­ja­lyk önüm­le­ri üçin da­şa­ry ýurt ba­zar­la­ry­na ýol aç­ýar. Oba ho­ja­lyk top­lu­my­na “ýa­şyl” yk­dy­sa­dy­ýet ýö­rel­ge­le­ri­niň or­naş­dy­ryl­ma­gy “Bi­te­wi sag­lyk” kon­sep­si­ýa­syn­da hem öz be­ýa­ny­ny tap­ýar. Kon­sep­si­ýa daş­ky gur­şa­wyň, haý­wa­nat dün­ýä­si­niň, adam­la­ryň oňaý­ly sag­lyk de­re­je­si­ni üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­len çe­me­leş­me­le­ri özün­de jem­le­ýär. Şeý­le top­lum­la­ýyn çe­me­leş­me sarp edi­ji­ler üçin azyk önüm­le­ri­niň howp­suz­ly­gy­ny ke­pil­len­dir­ýär hem-de hal­ka­ra güwänamalar bi­len tas­syk­la­nyl­ýar.

Döw­le­ti­miz ta­ra­pyn­dan oba ho­ja­lyk top­lu­my­na gö­nük­di­ril­ýän ma­ýa go­ýum­la­ra adam ma­ýa­sy­na uzak möh­let­le­ýin ma­ýa go­ýum hök­mün­de ga­ral­ýar. Sag­dyn iý­mit­len­mek hal­ky­my­zyň sag­dyn dur­mu­şy­nyň ke­pi­li­dir. Bu ba­bat­da oba ho­ja­ly­gy ýo­ka­ry yn­san­per­wer we­zi­pä­ni ýe­ri­ne ýe­ti­rip, Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­ny ga­zan­ma­ga ýar­dam ber­ýär. Türk­me­nis­ta­nyň oba ho­ja­lyk pu­da­gy­nyň gel­je­gi ag­ro­teh­no­lo­gi­ýa park­la­ry­nyň ös­dü­ril­me­gi bi­len berk bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Bu mer­kez­ler ar­ka­ly seç­gi­çi­lik yl­my­nyň, in­že­ner­çi­lik pi­ki­ri­niň iň soň­ky ga­za­nan­la­ry önüm­çi­li­ge or­naş­dy­ry­lar. Mu­nuň özi ýur­du­my­za di­ňe bir önüm­le­ri däl, eý­sem, teh­no­lo­gi­ýa­la­ry hem eks­port ed­ýän öň­de­ba­ry­jy döw­let­le­riň ha­ta­ry­na gir­mä­ge müm­kin­çi­lik be­rer.

Umu­man, Türk­me­nis­tan­da oba ho­ja­ly­gy­nyň di­ňe bir yk­dy­sa­dy­ýe­tiň pu­da­gy bol­man, eý­sem, azyk bol­çu­ly­gy­nyň bin­ýa­dy­dy­gy­ny hem bel­le­mek ge­rek. Türk­men daý­han­la­ry­nyň zäh­me­ti mer­da­na pe­der­le­ri­mi­ziň öňün­de mu­kad­des borç we gel­jek ne­sil­le­re mi­ras­dyr. In­no­wa­si­ýa­lar ýo­ly pa­ra­hat­çy­ly­gyň hem-de dö­re­di­ji­li­giň esa­syn­da ýur­du­my­zy aba­dan­çy­ly­gyň tä­ze sep­git­le­ri­ne ta­rap alyp bar­ýar.

(TDH)