TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Türkmenistanyň Prezidentine hat iberdi

Hä­zir­ki dö­wür­de Türk­me­nis­tan bi­len Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy­nyň ara­syn­da öza­ra yna­nyş­mak, deň­hu­kuk­ly­lyk ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­lan­ýan hyz­mat­daş­lyk tä­ze ma­ny-maz­mun esa­syn­da baý­laş­dy­ryl­ýar. Ta­ry­hy­ny ga­dy­my Be­ýik Ýü­pek ýo­lun­dan alyp gaýd­ýan gat­na­şyk­lar iki ýur­duň halk­la­ry­nyň bäh­bi­di­ne yzy­gi­der­li ös­dü­ril­ýär. Ýa­kyn­da türk­men hal­ky­nyň Milli Lideri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gahryman Arkadagymyzyň Hy­ta­ýa amala aşy­ran dost­luk sa­pa­ry­nyň do­wa­myn­da ge­çi­ren ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki du­şu­şyk­la­ry hem­me­ta­rap­la­ýyn stra­te­gik hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mä­ge tä­ze iter­gi ber­di. Şeý­le hem Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy­nyň Baş­ly­gy Si Szin­pi­niň tab­şy­ry­gy bo­ýun­ça ýur­du­myz­da sa­par­da bo­lan hy­taý we­ki­li­ýe­ti­niň gat­naş­ma­gyn­da ge­çi­ri­len gep­le­şik­ler, ga­za­ny­lan yla­la­şyk­lar iki ýur­duň milli bäh­bit­le­ri­niň äh­lu­mu­my ösüş mak­sat­la­ry bi­len saz­la­şyk­ly ut­gaş­ýan­dy­gy­nyň aý­dyň my­sa­ly bol­dy.

Hor­mat­ly Prezidentimiz HHR-iň Baş­ly­gy Si Szin­pi­ne Türk­me­nis­ta­na sa­par bi­len gel­mä­ge ça­ky­lyk ha­ty­ny ug­rat­dy. Mu­nuň özi türk­men-hy­taý gat­na­şyk­la­ryn­da tä­ze sa­hy­pa­ny aç­mak bi­len, hyz­mat­daş­ly­gyň gel­jek­ki ugur­la­ry­na ba­dal­ga be­rer. Si Szin­pin hem döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ça­ky­lyk ha­ty­ny ka­bul edip, öz ge­ze­gin­de, jo­gap ha­ty­ny iber­di. Bu hat­da şeý­le bel­le­nil­ýär:

Onuň Aly­hez­re­ti, Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti je­nap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hor­mat­ly je­nap Prezident!

Si­ziň ibe­ren ça­ky­lyk ha­ty­ňy­zy al­dym.

Siz uzak wag­tyň do­wa­myn­da hy­taý-türk­men gat­na­şyk­la­ry­ny ös­dür­mek ug­run­da ta­gal­la ed­ýär­si­ňiz, iki ýur­duň ara­syn­da­ky däp bo­lan dost­lu­gyň do­wam et­di­ril­me­gi­ne ägirt uly go­şant goş­ýar­sy­ňyz hem-de dür­li mö­hüm ugur­lar­da öza­ra hyz­mat­daş­ly­ga ýar­dam ed­ýär­si­ňiz. Men mu­ňa ýo­ka­ry ba­ha ber­ýä­rin. Men hy­taý-türk­men hem­me­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ry­nyň stra­te­gik hyz­mat­daş­lyk ru­hun­da ös­dü­ril­me­gi­ne uly äh­mi­ýet ber­ýä­rin we Si­ziň bi­len ýa­kyn gat­na­şyk sak­la­ma­ga taý­ýar­dy­ryn. Türk­me­nis­ta­na ge­lip gör­mä­ge ça­ky­ly­gy­ňyz üçin Si­ze ho­şal­ly­gy­my be­ýan ed­ýä­rin. Iki ta­rap üçin hem amat­ly bo­lan wagt­da ýur­du­ňy­za sa­par bi­len bar­ma­ga taý­ýar­dy­ryn. Iki ýur­duň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­lik­le­ri bu me­se­le bo­ýun­ça ýa­kyn ara­gat­na­şyk­da bo­lup bi­ler­ler.

Siz öz ha­ty­ňyz­da Hy­taý bi­len Türk­me­nis­ta­nyň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gyň çäk­le­rin­de bir­nä­çe iri taslamalary ýat­lap­sy­ňyz. Hy­taý ta­ra­py iki ýur­duň ara­syn­da dür­li ugur­lar­da­ky öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gyň çuň­laş­dy­ryl­ma­gy­ny yzy­gi­der­li gol­da­ýar. Hy­taý bi­len Türk­me­nis­ta­nyň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­lyk bo­ýun­ça ko­mi­tet de­giş­li baş­lan­gyç­la­ry düýp­li öw­re­nip, ola­ry de­giş­li şert­ler­de dur­mu­şa ge­çi­rip bi­ler. Hy­taý ta­ra­py Türk­me­nis­tan bi­len bi­le­lik­de gat­na­şyk­la­ryň tä­ze aý­dyň nus­ga­la­ry­ny dö­ret­mek we “Hy­taý — Türk­me­nis­tan bi­te­wi yk­bal bi­le­le­şi­gi­niň” maz­mu­ny­ny yzy­gi­der­li baý­laş­dyr­mak ug­run­da hyz­mat­daş­lyk et­mä­ge taý­ýar­dyr.

Pur­sat­dan peý­da­la­nyp, Si­ze berk jan sag­lyk, işi­ňiz­de uly üs­tün­lik­le­ri ar­zuw ed­ýä­rin. Dost­luk­ly türk­men hal­ky­na bol­sa bag­ty­ýar­lyk, pa­ra­hat­çy­lyk, gül­läp ösüş ar­zuw ed­ýä­rin.

Si SZIN­PIN,
Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy­nyň Baş­ly­gy.