TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyna gynanç bildirdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine ýurduň Şansi welaýatynda ýerleşýän kömür şahtasynda bolup geçen gaz partlamasynyň köp sanly adam pidalaryna hem-de şikes ýetmelere getirendigi zerarly gynanç hatyny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz şu kynçylykly pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan ýürekden gynanjyny, medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.

(TDH)