Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa «Ak şäherim Aşgabat» atly XXV köpugurly halkara sergä we maslahata gatnaşyjylaryň ÝÜZLENMESI
Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen paýtagtynyň gazananlaryny dünýä ýaýmak maksady bilen, «Ak şäherim Aşgabat» atly XXV köpugurly halkara serginiň we maslahatyň ýokary derejede geçirilmegi babatda döreden şertleriňiz hem-de bu çärelere gatnaşyjylara iberen Gutlagyňyz üçin Size tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys. Siziň janyňyz sag, ömrüňiz uzak, türkmen halkynyň bagtyýarlygy ugrunda alyp barýan beýik işleriňiz hemişe rowaç bolsun!
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda «Ak şäherim Aşgabat» atly XXV köpugurly halkara serginiň we maslahatyň Aşgabat şäheriniň güni bilen utgaşykly geçirilmegi onuň ähmiýetini has-da artdyrdy. Indi köp ýyllar bäri guralýan halkara sergi Aşgabadyň keşbinde öz beýanyny tapýan özgertmeleriň gerimini aýdyň görkezýär. Ol dürli ulgamlarda ýetilen belent sepgitleri dünýä ýaýmaga mümkinçilik berýär, halkara hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak üçin amatly meýdança bolup hyzmat edýär.
Şu gezekki sergi we maslahat diňe bir görkezilýän harytlaryň köpdürlüligi bilen däl, eýsem, gurluşyk ulgamynda, gurluşyk senagatynyň önümlerini öndürmekde häzirki zaman tehnologiýalaryny hem-de innowasion işläp taýýarlamalary hödürleýän hyzmatdaşlaryň geljegi uly türkmen bazarynda özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmaga uly gyzyklanma bildirýändikleri bilen tapawutlandy. Forumyň barşynda pudagara derejedäki, şeýle hem türkmen telekeçileriniň şähergurluşyk ulgamynda dünýäniň işewür toparlary bilen öňden gelýän gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, täze hyzmatdaşlygy ýola goýmaga mümkinçilik beren duşuşyklar guraldy. Geçirilen gepleşikleriň ýakyn geljekde öz oňyn netijesini berjekdigine berk ynanýarys.
Belent mertebeli Türkmenistanyň Prezidenti!
Aşgabat şäheriniň gününiň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda giňden dabaralandyrylmagy biziň hemmämizi buýsandyrdy. Geçen taryhy döwrüň içinde Aşgabadyň gazanan şan-şöhratynyň, özgerişleriniň gözbaşynda türkmen Garaşsyzlygy durandyr. Geçen ýyllaryň dowamynda her bir türkmenistanly üçin mukaddes bolan Aşgabadyň durmuşynda ýatdan çykmajak taryhy wakalar bolup geçdi. Ol şan-şöhratly ýoly geçip, dünýäniň iň owadan we ýaşamak üçin has oňaýly şäherleriniň birine öwrüldi. Häzirki döwürde Aşgabat ak mermerli binalary, giň ýollary, seýilbaglary we seýilgähleri, suw çüwdürimleri bilen Siziň yzygiderli alyp barýan oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, «Açyk gapylar» syýasatyňyzyň, halkara hyzmatdaşlygyň ykrar edilen merkezi bolup, Türkmenistanyň dünýä derejesinde belent abraýa eýe bolmagyny üpjün edýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň beýik başlangyçlary hem-de Siziň alyp barýan şähergurluşyk syýasatyňyz netijesinde Aşgabat dünýäniň durnukly ösýän şäherleriniň hataryna goşuldy. Her ýyl geçirilýän «Ak şäherim Aşgabat» atly halkara sergide hödürlenilýän taslamalar esasynda bu günki gün şäheri bezeýän ajaýyp binalaryň ençemesi guruldy. Täze önümçilik, medeni-durmuş, ylym-bilim, saglyk, sport desgalary, döwrebap ýaşaýyş jaýlary diňe bir ak şäheriň görküne görk goşmak bilen çäklenmän, eýsem, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulanmagynda, halkymyza edilýän durmuş hyzmatlarynyň ýokary hilli bolmagynda hem möhüm ähmiýete eýe bolýar.
Hormatly Türkmenistanyň Prezidenti!
Aşgabadyň «Dizaýn» ugry boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) döredijilik şäherleriniň toruna girizilmegi, Syýahatçylyk şäherleriniň bütindünýä federasiýasynyň agzalygyna kabul edilmegi, 2024-nji ýylyň maýynda geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip yglan edilmegi Siziň başyny başlan şähergurluşyk syýasatyňyzyň giň ykrar edilýändiginiň anyk beýanydyr.
Geçen ýyl Aşgabadyň ÝUNESKO-nyň öwreniji şäherleriniň bütindünýä toruna girizilmegi ýurduň baş şäheriniň iri ylym-bilim, medeni merkez hökmünde möhüm orun eýeleýändigini görkezen nobatdaky şanly waka boldy. Size «Türkmenistanyň at gazanan arhitektory» diýen hormatly adyň dakylmagy bolsa Aşgabady ösdürmek boýunça durmuşa geçirýän giň möçberli işleriňiziň giňden goldanylýandygynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi. «Aziýanyň merjen şäheri» diýen ykrarnama eýe bolan Aşgabatda amala aşyrylýan ägirt uly gurluşyklar türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan başy başlanyp, Siziň üstünlikli dowam etdirýän, türkmenistanlylaryň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen durmuş ugurly döwlet syýasatyňyzyň netijesidir.
Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!
«Ak şäherim Aşgabat» atly XXV köpugurly halkara sergä we maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagyňyz hem-de bu möhüm çäreleriň ýokary derejede geçirilmegi babatda döreden ajaýyp şertleriňiz üçin Size ýene bir gezek tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys. Size Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň, onuň gözel paýtagty Aşgabat şäheriniň mundan beýläk-de gülläp ösmegi we belent sepgitlere ýetmegi ugrunda alyp barýan giň gerimli işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýäris.
Sizi çuňňur hormatlamak bilen,
«Ak şäherim Aşgabat» atly XXV köpugurly halkara sergä we maslahata gatnaşyjylar.
Halkbank and other bank services
Senagat Bank