TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli köp sanly gutlag hatlary gelip gowuşýar. Her ýylyň 1-nji iýunynda Türkmenistanda Çagalary goramagyň halkara güni dünýä jemgyýetçiligi bilen bilelikde bellenilýär. Bitarap Watanymyz BMG-niň Çaganyň hukuklary hakynda Konwensiýasyna goşulyp, ýaş nesliň abadan durmuşyny üpjün etmek boýunça işlere jogapkärçilikli çemeleşýändigini görkezýär. Häzirki wagtda ýaş türkmenistanlylaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ähli mümkinçilikler döredilýär, olar üns-alada we mähir bilen gurşalýar. Watanymyza, halkymyza wepaly, zähmetsöýer, ýokary ahlakly, sagdyn nesilleri kemala getirmek täze taryhy döwürde ýurdumyzda ileri tutulýan wezipeleriň biridir. Döwlet we jemgyýetçilik işgärleri şanly sene mynasybetli hormatly Prezidentimizi tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan giň gerimli işlerinde uly üstünlikleri arzuw edýärler.

Hormatly Prezidentimize Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyzy Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary G.Agajanow, B.Annamämmedow, N.Atagulyýew, T.Atahallyýew, B.Annaýew, H.Geldimyradow, R.Meredow, B.Mämmedow, B.Seýidowa tüýs ýürekden gutladylar.

Hormatly Prezidentimize Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň jogapkär işgärleri gutlaglaryny beýan etdiler.

Döwlet Baştutanymyza Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan gaznanyň wise-prezidentleri O.Atabaýewa we R.Bazarow mähirli gutlaglaryny iberdiler.

Hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň ýaşaýjylarynyň adyndan welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimleri, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy gutladylar.

Döwlet Baştutanymyza ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary mähirli gutlaglaryny iberdiler.

Hormatly Prezidentimizi Çagalary goramagyň halkara güni bilen Türkmenistanyň syýasy partiýalarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary tüýs ýürekden gutladylar.

(TDH)