Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa «Turkmentextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylaryň ÝÜZLENMESI
Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Türkmenistanyň dokma senagatynyň gazananlaryna, milli ykdysadyýetiň durnukly ösüşine goşýan saldamly goşandyna, bu möhüm pudagyň döwrebap ösüş ýoluna düşmegine bagyşlanyp geçirilen «Turkmentextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylaryň adyndan Size tüýs ýürekden hoşallygymyzy beýan edýäris. Bu forumyň ýokary derejede guramaçylykly geçirilmegi ugrunda döreden ähli mümkinçilikleriňiz, beren goldawlaryňyz üçin Size çäksiz hoşallygymyzy bildirýäris. Siziň halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylara iberen çuň manyly Gutlagyňyz, hoşniýetli arzuwlaryňyz biziň ählimizde çuňňur buýsanç duýgusyny döredip, täze üstünliklere ruhlandyrdy.
Belent mertebeli Türkmenistanyň Prezidenti!
Siziň parasatly baştutanlygyňyzda alnyp barylýan oňyn içeri we daşary syýasatyň netijesinde häzirki döwürde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýy barha ýokarlanýar. Ýurduň ykdysady kuwwaty pugtalanýar, senagat pudaklarynda, şol sanda dokma senagatynda giň gerimli özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Hususan-da, dokma senagaty Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde ýokary ösüş depginlerini görkezýär. Tebigy çig mal serişdelerine baý bolan türkmen topragynda pagta süýüminiň gaýtadan işlenilmegi, ýokary goşmaça gymmaty bolan taýýar önümleriň öndürilmegi, olaryň dünýä bazarlaryna çykarylmagy ugrunda alnyp barylýan işler aýratyn ähmiýete eýedir.
Soňky ýyllarda Türkmenistanda gurlup ulanmaga berlen döwrebap dokma toplumlary, ýokary öndürijilikli tehnologiýalar bilen üpjün edilen kärhanalar, halkara standartlara laýyk gelýän önümçilikleriň döredilmegi bu pudagyň mümkinçiliklerini düýpli giňeltdi. Şeýle hem innowasion tehnologiýalaryň, sanly ulgamlaryň giňden ornaşdyrylmagy, ekologik arassa önümçiligiň ösdürilmegi häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän netijeleri üpjün edýär. Häzirki döwürde önümçilik işleriniň awtomatlaşdyrylmagy, sanly dolandyryş ulgamlarynyň girizilmegi, maglumat tehnologiýalarynyň mümkinçilikleriniň peýdalanylmagy, «akylly» önümçilik ýörelgeleriniň ornaşdyrylmagy pudagyň öndürijiligini ýokarlandyrmaga itergi berýär. Dizaýn, modelirleme, önümçilik-meýilnamalaşdyryş işlerinde döwrebap sanly platformalaryň ulanylmagy önümleriň hiliniň ýokarlanmagyna, çykdajylaryň azaldylmagyna hem-de halkara bazarlarda bäsdeşlige ukyplylygyň artmagyna oňyn täsir edýär. Aşgabatda geçirilen sergi-ýarmarkanyň dowamynda bu ugurda gazanylan tejribeler, täze tehnologiýalar we öňdebaryjy çözgütler giňden görkezilip, olaryň önümçilige ornaşdyrylmagynyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.
Hormatly Türkmenistanyň Prezidenti!
«Turkmentextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarka dünýäniň dürli ýurtlaryndan işewürleri, iri kompaniýalaryň wekillerini, halkara guramalaryň ýolbaşçylaryny, pudagyň hünärmenlerini bir ýere jemläp, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny açmaga giň mümkinçilik berdi. Ol tejribe alyşmak, öňdebaryjy tehnologiýalar bilen tanyşmak, täze taslamalary ara alyp maslahatlaşmak, hyzmatdaşlygyň netijeli görnüşlerini kesgitlemek üçin möhüm meýdança boldy.
Sergi-ýarmarkanyň dowamynda dokma senagatynyň geljekki ösüş ugurlary, sanly ykdysadyýetiň mümkinçilikleriniň önümçilige ornaşdyrylmagy, innowasion çözgütleriň giňden ulanylmagy, maýa goýum işjeňliginiň ýokarlandyrylmagy, eksport mümkinçilikleriniň giňeldilmegi ýaly meseleler barada giňişleýin pikir alyşmalar geçirildi. Bu bolsa pudagyň mundan beýläk-de ösdürilmegine uly itergi berer. Şeýle hem bu halkara çäre ykdysady hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine, dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegine, parahatçylygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegine özboluşly goşantdyr.
Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!
«Turkmentextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkanyň ýokary derejede geçirilmegi babatda döredilen giň mümkinçilikler hem-de türkmen halkyna mahsus bolan myhmansöýerlik üçin Size ýene-de bir gezek tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, dokma senagatyny täze sepgitlere çykarmak ugrundaky asylly işleriňiziň hemişe uly rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.
Sizi çuňňur hormatlamak bilen,
«Turkmentextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylar.
Halkbank and other bank services
Senagat Bank