TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW: — Ylym ýurdumyzyň beýik geljegidir

Aşgabat, 11-nji iýun (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda ylymlaryň doktory we ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesini alan alymlara diplomlary gowşurmak dabarasy boldy. Bu waka her ýylyň 12-nji iýunynda ýurdumyzda bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli geçirilýän çäreleriň mazmunyny has-da baýlaşdyrdy.

Dabaranyň başynda çykyş edenler gutlag sözlerini beýan edip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli ugurlarda belent sepgitlere ýetýändigini, milli ykdysadyýetimiziň diwersifikasiýa ýoly bilen uly ösüşlere eýe bolýandygyny, halkara hyzmatdaşlygyň yzygiderli ilerledilýändigini nygtadylar. Hormatly Prezidentimiziň türkmen ylmyny ösdürmek babatda edýän tagallalary we hemmetaraplaýyn goldawlary ylmy jemgyýetçiligiň wekillerini döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar.

Soňra Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Umumy ýygnagynyň çözgüdi okaldy. Resminamada bellenilişi ýaly, Türkmenistanda halkyň durmuş-ykdysady ýagdaýyny gowulandyrmakda, ylym we bilim ulgamlaryny ösdürmekde, ýurduň saglygy goraýyş ulgamyny dünýä ülňülerine laýyk getirmekde, täze öňdebaryjy tehnologiýalary ykdysadyýete, önümçilige ornaşdyrmakda, ylymly-bilimli ýaşlaryň täze neslini kemala getirmekde, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dünýäniň ykdysady taýdan çalt depginler bilen ösýän ýurtlarynyň hataryndaky ornuny berkitmekde, dünýäde parahatçylyk, dost-doganlyk syýasatyny has-da pugtalandyrmakda alyp barýan işleri nazara alnyp, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ykdysady we syýasy ylymlar boýunça akademikligine saýlanyldy. Dabara gatnaşyjylar bu habary uly şatlyk we buýsanç duýgusy bilen kabul etdiler.

Soňra Türkmenistanyň Ýokary attestasiýa komitetiniň prezidiumynyň çözgüdi okaldy. Bu resminama esasynda Türkmenistanyň Prezidenti, syýasy ylymlaryň doktory Serdar Berdimuhamedowa ykdysady we syýasy hünärler boýunça professor alymlyk ady berildi. Degişli resminamada nygtalyşy ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça ýokary taýýarlykly hünärmenleriň we alymlaryň täze neslini kemala getirmek, ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny dünýäniň ösen ýurtlarynyň hataryna çykarmak babatda alyp barýan syýasatyndan ugur alyp, Alymlar geňeşiniň güwänamalarynyň, Türkmenistanyň Ýokary attestasiýa komitetiniň gumanitar we ykdysadyýet, hukuk we sosiologiýa ylymlary boýunça geçirilen geňeşlerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowa professor alymlyk adyny dakmak barada netijenamalarynyň esasynda, häzirki zaman ylmyna uly goşant goşýan milli we bütin adamzat bähbitli ylmy-önümçilik, innowasion-senagat, durmuş-ykdysady, ylmy-tehniki özgertmeleri, parahatçylyk söýüjilikli içeri we daşary syýasaty amala aşyrmak, halkara hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek üçin bitiren ägirt uly işleri nazara alnyp, Türkmenistanyň Prezidenti, syýasy ylymlaryň doktory Serdar Berdimuhamedowa ykdysady we syýasy hünärler boýunça professor alymlyk ady dakyldy.

Dabarada çykyş edenler Arkadagly Gahryman Serdarymyzy Ylymlar güni, şeýle hem Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademikligine saýlanylmagy, ykdysady we syýasy hünärler boýunça professor alymlyk adynyň berilmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutladylar.

Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda milli ykdysadyýetimizi ylmy esasda ösdürmäge, milli we döwlet maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmäge, aýratyn-da, jemgyýetimiziň ylmy-intellektual mümkinçiliklerini artdyrmaga döwlet syýasatynyň strategik ugry hökmünde aýratyn ähmiýet berilýär. Döwlet Baştutanymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlaryna, ylmy-tehniki özgertmelerine, toplumlaýyn maksatnamalaryna, innowasion ösüşe hem-de ýokary tehnologiýalaryň gazananlaryna esaslanýan syýasatyna laýyklykda, ýurdumyzda ylym ulgamy yzygiderli pugtalandyrylýar, ylmy barlaglaryň netijeliligini ýokarlandyrmak, düýpli nazary bilimlere daýanýan ykdysadyýeti döretmek babatda ähli zerur şertler döredilýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ylmy-barlag edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmäge, ýokary hünärli ylmy işgärleri taýýarlamaga, zehinli ýaşlaryň ylma höwesini artdyrmaga gönükdirilen giň gerimli işler hem barha rowaçlanýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň goldaw-hemaýatlary netijesinde ylmy-barlag institutlarynda, ýokary hünär bilimi edaralarynda, ylmy-tehnologik, ylmy-kliniki hem-de ylmy-taslama merkezlerinde, tejribe-önümçilik barlaghanalarynda, pudagara we pudaklaýyn ylmy guramalarda milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny berkitmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak, täze senagat pudaklaryny döretmek, iri taslamalary durmuşa geçirmek babatda kompýuter, nano we himiýa tehnologiýalary, energetika, molekulýar biologiýa, biotehnologiýa, oba hojalygy, ekologiýa, genetika, maglumat-aragatnaşyk ulgamlary, lukmançylyk, derman serişdelerini öndürmek tehnologiýalary, innowasion ykdysadyýet, ynsanperwer ylymlary ýaly ylmyň we işläp taýýarlamalaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça köpugurly ylmy barlaglar alnyp barylýar. Bu ugurdaky işler «Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyna» esaslanýar. Diýarymyzda ylmy-amaly maslahatlar, sergiler, forumlar, ylmy bäsleşikler, döredijilik duşuşyklary ýokary derejede geçirilip, ylmyň we tehnikanyň gazananlary arkaly Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara ylym giňişligindäki orny has-da pugtalandyrylýar. Ylmyň we bilimiň mümkinçiliklerini parahatçylygyň, dostlugyň bähbitlerine gönükdirmek esasynda iri halkara guramalar, daşary ýurtlaryň ylmy merkezleri bilen ylym, tehnika, innowasion tehnologiýalar boýunça hyzmatdaşlyk yzygiderli häsiýete eýe bolýar.

Çykyşlarda bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy», «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet», «Magtymguly — dünýäniň akyldary», «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitaplary eziz Watanymyzyň möhüm wakalardan doly taryhyny, adamzat siwilizasiýasyna goşant goşan medeni-taryhy mirasyny, beýik şahsyýetlerimiziň ömür ýoluny täzeçil ylmy nazaryýetler esasynda öwrenmekde gymmatly gollanma bolup hyzmat edýär. Bularyň ählisi Türkmenistany ylmyň we bilimiň barha rowaçlanýan ýurdy hökmünde dünýä tanadýar hem-de abraýyny beýgeldýär.

Soňra bu ýerde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan tassyklanylan ylymlaryň doktory we ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesini bermek hakynda Türkmenistanyň Ýokary attestasiýa komitetiniň prezidiumynyň çözgüdi okaldy. Bu resminama laýyklykda, ýurdumyzyň alymlarynyň 6-syna ylymlaryň doktory, 25-sine bolsa ylymlaryň kandidaty diýen alymlyk derejeleri berildi. Şeýle hem hyzmatdaş daşary ýurtlarda degişli ylmy işlerini gorap, alymlyk derejelerini alan Türkmenistanyň birnäçe alymlarynyň ylymlaryň doktory hakyndaky resminamalarynyň 5-si, ylymlaryň kandidaty hakynda resminamalarynyň 6-sy ykrar edilip, olara alymlyk derejeleri berildi.

Diplomlara mynasyp bolan hem-de diplomlary ykrar edilen alymlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmek, ýurdumyzda ylym-bilim ulgamynyň ösüşini hil taýdan täze derejä çykarmak, ylmy barlaglaryň, tehniki işläp taýýarlamalaryň netijeliligini ýokarlandyrmak, ylmyň gazananlaryny jemgyýetiň we durmuşyň meselelerini çözmäge gönükdirmek babatda ähli mümkinçilikleriň döredilýändigini nygtadylar. Çykyş edenler geljekde milli ylym ulgamyny döwrebap derejede has-da ösdürmek ugrunda ähli bilimlerini, tejribelerini we ukyp-başarnyklaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyryp, Ylymlar gününiň öňüsyrasynda özlerine gowşurylan diplomlar üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.