TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ylmy jemgyýetçiliginiň hem-de «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» ady bilen utgaşykly görnüşde geçirilen halkara ylmy maslahata gatnaşyjylaryň ÝÜZLENMESI

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygynyň dabaralandyrylýan «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda bellenilen Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň ylmy jemgyýetçiligine, türkmen ylmynyň gazananlaryny dünýä ýaýýan baýramçylyk mynasybetli geçirilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara iberen çuň many-mazmunly Gutlagyňyz, ylmy-medeni çäreleriň ýokary derejede guralmagy babatda döreden mümkinçilikleriňiz üçin Size çäksiz sagbolsun aýdýarys. Siziň milli ylym ulgamyny kämilleşdirmäge, jemgyýetiň döredijilik mümkinçiliklerini artdyrmaga, ylmy diplomatiýany ilerletmäge, halkara ylmy hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen döwlet syýasatyňyzyň elmydama rowaç bolmagyny arzuw edýäris.

Belent mertebeli Türkmenistanyň Prezidenti!

Ylym we bilim ulgamyny ösdürmek, milli ykdysadyýetiň pudaklaryna ýokary tehnologiýalary, ylmyň gazananlaryny ornaşdyrmak, jemgyýetiň aň-bilim, döredijilik mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň dünýä nusgalyk başlangyçlaryndan, Siziň ylym ulgamyny kämilleşdirmek babatdaky intellektual, ylmy-tehniki özgertmeleriňizden ugur alnyp, ýurduň ylmy barlag edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga, ýokary hünärli ylmy işgärleri taýýarlamaga, ylmy barlaglary hem-de möhüm taslamalary maliýeleşdirmäge, zehinli ýaşlaryň ylma bolan höwesini artdyrmaga gönükdirilen giň gerimli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag institutlarynda, Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda, pudaklaýyn ylmy edaralarda, ýokary okuw mekdeplerinde ylmyň we tehnologiýalaryň gazananlary tapgyrma-tapgyr ornaşdyrylýar. Türkmenistanyň tebigy baýlyklaryny gorap saklamak, ekoulgamyň sazlaşykly ösmegini gazanmak, Garagum sährasynyň biodürlüligini goramak, oba hojalygynda, durmuş-ykdysady ulgamlarda suw serişdelerini netijeli peýdalanmak bilen bagly ylmy-tehnologik barlaglar dowam etdirilýär. Munuň özi Türkmenistanyň ylmy jemgyýetçiliginiň wekillerini, türkmen halkyny täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ylym ulgamynda durmuşa geçiren özgertmeleriňiz, gymmatly ylmy başlangyçlaryňyz göz öňünde tutulyp, Siziň Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademikligine saýlanylmagyňyz, şeýle-de Size ykdysady we syýasy ylymlaryň professory alymlyk adynyň berilmegi ähli türkmen halky üçin buýsandyryjy waka öwrüldi.

Sarpasy belent Türkmenistanyň Prezidenti!

Dünýäniň ykdysady, medeni, tehnologik gazananlary bilen utgaşykly ösdürilýän täze bilimler we ylym ugurlary ählumumy parahatçylygyň üpjün edilmeginde, dostlukly gatnaşyklaryň ýola goýulmagynda tagallalary birleşdirýän möhüm gural bolup hyzmat edýär. Siziň medeni-ynsanperwer ugurlarda halkara gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmek babatda alyp barýan işleriňiz netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ylym, bilim, innowasiýa tehnologiýalary babatda iri halkara guramalar, daşary ýurtlaryň ylmy merkezleri bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalandyrýar.

Siziň Türkmenistanda ykdysadyýete häzirki zaman tehnologiýalaryny, öňdebaryjy tejribeleri ornaşdyrmaga gönükdirilen döwlet syýasatyňyz esasynda senagatlaşdyrma we täze innowasion sanly senagaty döretmek ugrundaky tagallalaryňyz, ylym, tehnika, «akylly» tehnologiýalar boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak babatda öňe sürýän başlangyçlaryňyz halkara derejede giňden goldanylýar. Biz «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar” atly halkara ylmy maslahatda-da özara tejribe alşyp, nano, himiýa, kompýuter, häzirki zaman lukmançylyk we derman serişdelerini öndürmek tehnologiýalary, täze materiallary öwrenmek, energetika, biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa, genetika, maglumat we aragatnaşyk ulgamlary, innowasion ykdysadyýet, ynsanperwer ylymlary ýaly ylmyň ileri tutulýan ugurlarynda geljegi nazarlaýan möhüm wezipeleri kesgitledik, şeýle-de medeni-ynsanperwer ugurlarda bilelikdäki ylmy barlaglary alyp barmagyň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdyk.

Forumyň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine, Türkmen halysynyň milli muzeýine, Aşgabat atçylyk sport toplumyna guralan gezelençler, maslahatyň geçýän ýerinde guralan innowasion tehnologiýalaryň sergisine gatnaşmaga döredilen mümkinçilikler bizde ýakymly täsirleri galdyrdy.

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahatyň üstünlikli geçmegi babatda beren goldaw-hemaýatlaryňyz, şeýle-de Ylymlar güni mynasybetli ýokary guramaçylykda geçirilen dabaralara gatnaşmaga döredilen giň mümkinçilikler üçin Size ýene-de bir gezek sagbolsun aýdýarys. Siziň janyňyz sag, ömrüňiz uzak, mertebäňiz belent, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli asylly işleriňiz hemişe rowaç bolsun!

Sizi çuňňur hormatlamak bilen,

Türkmenistanyň ylmy jemgyýetçiligi hem-de «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» ady bilen geçirilen halkara ylmy maslahata gatnaşyjylar.