Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlarynyň, serkerdeleriniň, professor-mugallymlarynyň ÝÜZLENMESI
Çuňňur hormatlanylýan Prezidentimiz!
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy uludan toýlanylýan «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda hünär derejesini ýokarlandyryp, ýokary hünär bilimine eýe bolan Türkmenistanyň Harby akademiýasynyň, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlary bu gün täze durmuş we zähmet ýoluna gadam basdylar. Siziň bu ýatda galyjy gün mynasybetli ýollan çuňňur manyly Gutlagyňyz ykbalyny ýurt goragyna baglan uçurymlaryň göwünlerini galkyndyrdy. Siziň Gutlagdaky: «Watan ynsan üçin mukaddeslikleriň naýbaşysydyr. Çünki halkymyzyň dilde sena, başda jyga deňäp togap edýän ähli gymmatlyklary Watanda jemlenendir» diýen sözleriňiz Watan mukaddesligini ýene bir ýola dabaralandyrdy.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz!
Siziň parasatlylyk bilen belleýşiňiz ýaly, mert pederlerimiziň edermenlik ýolundan ýöremek her bir türkmen perzendi üçin belent borçdur. Şöhratly ata-babalarymyzyň hem-de ömrüni Watan goragyna bagyşlan merdana şahsyýetleriň deňsiz-taýsyz edermenligi bolsa Watan goragçylary üçin mizemez çelgidir. Ata Watany goramakda, harby kasama ygrarly bolmakda Siziň edermen hem gaýduwsyz, il-halkymyza baş bolup bilýän pederleriňiziň — türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, içeri işler edaralarynyň hormatly weterany Mälikguly Berdimuhamedowyň we ussat mugallym, gaýduwsyz esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň ömür ýoly biziň her birimiz üçin nusgalyk görelde mekdebidir. Siz hem mähriban pederleriňiziň ynsanperwerligini, watansöýüjiligini, edermenligini ýol-ýörelge edinip, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan harby özgertmeleri üstünlikli dowam etdirýärsiňiz. Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň düzüm birlikleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyryp, ýurt goragyny birkemsiz alyp barmak üçin ähli döwrebap şertleri döredýärsiňiz. Watan goragçylarynyň, olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş, gulluk we iş şertlerini yzygiderli gowulandyryp, Watan mukaddesligini has-da dabaralandyrýarsyňyz.
Şeýle tutumly işler Watan goragçylarynyň harby hünäre bolan höwesini artdyryp, watançylyk ruhuny belende göterýär. Biz mert pederlerimiziň edermenlik ýoluna ygrarly bolup, her bir işde, her bir pursatda olaryň şan-şöhratyna, Siziň ýurt goragçylaryna bildirýän uly ynamyňyza mynasyp nesiller bolmak üçin yhlas-başarnyklarymyzy gaýgyrman, mukaddes topragymyza gulluk ederis. Onuň her daban ýerini gözümiziň görejine deňäp, wepadarlyk bilen gorarys.
Mertebesi belent Prezidentimiz!
Bu günki gün parasatly pederlerimiziň özbaşdak döwlet gurmak hakyndaky arzuwlary wysalyna gowşup, mähriban halkymyz erkanalygyň, özerkliligiň hözirini görüp, eşretli durmuşda ýaşaýar. 2026-njy ýylyň ýurdumyzda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip atlandyrylmagy muny bütin aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Siziň başda durmagyňyzda ösüş-özgerişlere beslenen bu ýylyň şeýle belent şygar bilen dabaralandyrylmagy halkymyzyň Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýuna uly ruhubelentlik hem-de zähmet üstünlikleri bilen barýandygyny alamatlandyrýar.
Biz — Türkmenistanyň Harby akademiýasynyň, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlary öz saýlap alan kärimize ykbalymyzy baglap, ýurt Garaşsyzlygymyzyň, dünýäde üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplygymyzyň, milli gymmatlyklarymyzyň, däp-dessurlarymyzyň, halkymyzyň parahat durmuşynyň goragynda harby kasama ygrarlylyk bilen sak durarys. Eziz Watanymyzy bütin dünýä tanatmak, türkmen halkynyň abraý-mertebesini äleme ýaýmak babatda durmuşa geçirilýän işlere saldamly goşant goşarys.
Hormatly Prezidentimiz!
Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlarynyň gutardyş dabarasynyň Konstitusiýa binasynyň öňündäki dabaralar meýdançasynda geçirilmegi aýratyn many-mazmuna eýedir. Bu asylly däp Esasy Kanunymyzyň mizemez ýörelgelerini berjaý etmekde ýurt goragçylarynyň egnine düşýän uly jogapkärçiligi alamatlandyryp, ýüreklerimizi buýsanja besleýär. Esasy Kanunymyzyň hormatyna dikeldilen ajaýyp binanyň öňünde dabaraly ýagdaýda wepalylyk kasamyny kabul edip, täze durmuş we zähmet ýoluna gadam basýan biz — uçurymlar halal ýaşamaga, zähmet çekmäge, okamaga, döretmäge, Watan goragynda sarsmaz gala bolup durmaga hemişe taýýardyrys.
Hormatly Belent Serkerdebaşymyz!
Siz Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň konstitusion gurluşyny, döwlet serhedimiziň eldegrilmesizligini, asmanymyzyň asudalygyny, ýurt parahatçylygyny, jemgyýetçilik düzgün-tertibini üpjün etmekde, sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmekde Watan goragçylaryna uly ynam bildirýärsiňiz. Bu belent ynam biziň üçin iň uly mertebe bolup, ählimizi hemişe uly üstünliklere, täze ýeňişlere ruhlandyrýar. Siziň janyňyzyň sag, mertebäňiziň belent bolmagyny, mähriban halkymyzyň abadan durmuşda ýaşamagy, ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde hemişe rowaçlyklary arzuw edýäris.
Sizi çuňňur hormatlamak bilen,
Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlary, serkerdeleri, professor-mugallymlary.
Halkbank and other bank services
Senagat Bank