TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza

Çuňňur hormatlanylýan türkmen halkynyň Milli Lideri!

Sizi Ylymlar güni mynasybetli tüýs ýürekden, mähirli gutlaýaryn. Siziň türkmen halkynyň asuda hem-de bagtyýar geljegi, ýurdumyzyň gülläp ösüşi ugrunda alyp barýan il-ýurt bähbitli işleriňiziň, başyny başlan beýik tutumlaryňyzyň, ähli tagallalaryňyzyň mundan beýläk hem rowaç bolmagyny arzuw edýärin.

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilen ýylda Türkmenistanda bellenilen Ylymlar güni taryhy ähmiýetli möhüm waka bilen utgaşdy. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ykdysady we syýasy ylymlar boýunça akademikligine saýlanyldy hem-de döwlet Baştutanymyza ykdysady we syýasy hünärler boýunça professor alymlyk ady berildi. Bu habar ýurdumyzyň ähli raýatlarynda uly şatlyk we buýsanç duýgusyny döretdi.

Sarpasy belent türkmen halkynyň Milli Lideri!

Jemgyýetçilik ösüşiniň kuwwatly özgerdiji güýji hökmünde ylym ýurdumyzyň durmuşynda wajyp orny eýeleýär. Onuň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna işjeň goşulyşmagynyň möhüm şerti bolup çykyş edýär. Watanymyzyň ylmyny ösüşiň hil taýdan täze derejesine çykarmak, ylmy barlaglaryň hem-de tehniki işläp taýýarlamalaryň netijeliligini ýokarlandyrmak, olary jemgyýetiň we durmuşyň meselelerini çözmäge gönükdirmek, Gahryman Arkadagymyz, Siziň hem-de hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň alymlarynyň öňünde goýýan baş wezipeleriňizdir. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ylym ulgamynyň ygtybarly hukuk binýady döredildi, ony ösdürmek we düzümlerini kämilleşdirmek babatda çözgütler kabul edildi.

Hormatly alym Arkadagymyz!

Häzirki wagtda Siziň tagallalaryňyz bilen, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda halkara giňişlikde özüni ygtybarly hyzmatdaş hökmünde tanatmagy başaran Türkmenistanda ylmyň iň täze gazananlaryny ýurdumyzyň ähli ulgamlaryna giňişleýin ornaşdyrmak boýunça asyrlara barabar işler durmuşa geçirilýär. Milli ylym ulgamyny dünýä standartlarynyň derejesine ýetirmek, ylym bilen meşgullanýan hünärmenleriň önjeýli işlemekleri babatda ähli zerur şertler döredilýär. Döwletimiziň dünýäniň ösen ylym-bilim ojaklary bilen ylym-bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyny giňeltmegini, daşary ýurtly bilermenleriň Diýarymyza yzygiderli esasda çagyrylmagyny we türkmen hünärmenleriniň daşary ýurtlaryň ösen ylmy merkezlerinde okuwlary geçýändiklerini munuň aýdyň mysaly hökmünde görkezmek bolar.

Belent mertebeli Gahryman Arkadagymyz!

Siziň sebitiň halklarynyň abadançylygy we halkara jemgyýetçiligiň sazlaşykly ösüşi üçin öňe sürýän tutumly başlangyçlaryňyz esasynda tutuş adamzat ähmiýetli çözgütler kabul edilýär. Siziň öňdengörüjilikli döwlet syýasatyňyzyň netijesinde Türkmenistan dünýäde sazlaşykly ösýän ýurtlaryň hataryna girdi hem-de ýurdumyz ösüşiň ähli ugurlarynda uly üstünliklere eýe boldy. Döwletimizde ulgamlaýyn häsiýete eýe bolan uzak möhletleýin we maksatnamalaýyn işler adamzat gymmatlyklaryndan, ýokary ynsanperwer ýörelgelerden gözbaş alyp, adama, halka we milletiň şu günki hem-de ertirki nesilleriniň sagdyn, bagtly ýaşaýşyna hyzmat edýär.

Siziň halkara başlangyçlaryňyz ylymly we dünýäniň ösüşleri bilen aýakdaş nesilleriň ösdürilip ýetişdirilmegi üçin ähli zerur şertleri döredýär. Türkmenistanyň jemgyýetçilik ösüşiniň şeýle wajyp ugrunda gazanan baý tejribesi bu gün tutuş dünýä jemgyýetçiligini çuňňur gyzyklandyrýar we ol gyzyklanma ýurdumyzyň barha giňeýän halkara gatnaşyklarynda, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy we onuň edaralary bilen hyzmatdaşlygynda öz beýanyny tapýar. Munuň şeýledigine halkara hyzmatdaşlygyň çäklerinde geçirilýän maslahatlarda we duşuşyklarda Türkmenistanyň gazanýan üstünliklerine berilýän ýokary bahalar hem aýdyň şaýatlyk edýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym ulgamynda Siziň başyny başlan düýpli özgertmeleriňiz häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda işlenip taýýarlanylan «Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasy» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin meýilnamasy esasynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda ylym bilen meşgullanýan ýaşlaryň hem-de hünärmenleriň sany barha artýar.

2026-njy ýylda ýurdumyzda bellenilen Ylymlar güni mynasybetli geçirilen çäreleriň çäklerinde türkmen alymlarynyň 6-syna ylymlaryň doktory, 25-sine bolsa ylymlaryň kandidaty diýen alymlyk derejesiniň berilmegi, daşary ýurtlaryň öňdebaryjy ylmy merkezlerinde ylmy dissertasiýalaryny goran alymlaryň 6-synyň doktorlyk, 5-siniň kandidatlyk resminamalarynyň ykrar edilmegi alymlaryň täze neslini kemala getirmäge gönükdirilen syýasatyň üstünliklere beslenýändigini subut edýär.

Çuňňur hormatlanylýan türkmen halkynyň Milli Lideri!

Sizi Ylymlar güni mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, uzak ömür arzuw edýärin.

Size çuňňur hormat goýmak bilen,

Türkmenistanyň Gahrymany A.ATAÝEWA.