TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ylymlar güni, şeýle-de hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ykdysady we syýasy ylymlar boýunça akademikligine saýlanylmagy hem-de ykdysady we syýasy hünärler boýunça professor alymlyk adynyň dakylmagy mynasybetli köp sanly gutlag hatlary gelip gowuşýar. Gutlag hatlarynda döwlet Baştutanymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde täze taryhy eýýamda ýurdumyzda öňdebaryjy tehnologiýalardan baş çykarýan ylym-bilimli ýaşlary ýetişdirmek üçin ähli şertleriň döredilendigi nygtalýar. Diýarymyzyň akademiki institutlarynyň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň ylmy-tehniki kuwwaty yzygiderli pugtalandyrylyp, milli ykdysadyýetimizi sanlylaşdyrmak we senagat taýdan ösdürmek boýunça wezipeler üstünlikli çözülýär. Döwlet we jemgyýetçilik işgärleri, guramalaryň, kärhanalaryň ýolbaşçylary hormatly Prezidentimizi bu şanly wakalar bilen mähirli gutlap, tüýs ýürekden berk jan saglyk, uzak ömür, halkymyzyň abadan durmuşynyň, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan giň gerimli işlerinde täze üstünlikleri arzuw edýärler.

Döwlet Baştutanymyzy şanly wakalar mynasybetli saglygy goraýyş we derman senagaty ministri M.Gaýypow, daşky gurşawy goramak ministri Ö.Goşjanow, oba hojalyk ministri Ç.Çetiýew, “Türkmenpagta” döwlet konserniniň başlygy D.Süleýmanow, “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşiginiň başlygy N.Berdiniýazow, “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşiginiň başlygy M.Öwezliýew, Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy B.Tejenow, Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy G.Ataýew, “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň baş direktory A.Berdiýew tüýs ýürekden gutladylar.

Hormatly Prezidentimize bilim ministri J.Gurbangeldiýew, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň rektory A.Annamyradow, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rektory O.Öwezsähedow, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň rektory N.Myratnazarowa, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektory B.Atamanow, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň rektory A.Gapurow, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory M.Kuliýewa, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň rektory G.Mezilow, Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň rektory H.Kadyrow, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň rektory P.Baýramdurdyýew, Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň rektory N.Kuliýew, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň rektory B.Taňryberdiýew, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň rektory B.Ataýew, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň rektory M.Çaryýew, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň rektory G.Muhammedow, Döwlet energetika institutynyň rektory S.Nazarow, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň rektory H.Nunnaýew, Döwlet çeperçilik akademiýasynyň rektory A.Nuwwaýew, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň rektory A.Aýdogdyýew, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň rektory R.Amangeldiýew, Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory G.Ýusupowa, Türkmen döwlet maliýe institutynyň rektory A.Gurbannazarow, Türkmen oba hojalyk institutynyň rektory D.Ýolow, Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň rektory M.Öwezow hem-de beýlekiler gutlag hatlaryny iberdiler.

(TDH)