TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Aşgabat, 25-nji iýun (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Gahryman Arkadagymyz we Prezident Ilham Aliýew birek-biregi mähirli mübärekläp, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler. Şunuň bilen baglylykda, azerbaýjan Lideri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýakynda Azerbaýjana amala aşyran döwlet saparynyň ähmiýetini belledi. Saparyň dowamynda türkmen wekiliýetiniň giň wekilçilikli düzümi Azerbaýjana goýulýan hormat-sarpanyň nyşany hökmünde kabul edildi. Prezident Ilham Aliýew bu saparyň däp bolan dostlukly azerbaýjan-türkmen gatnaşyklarynyň taryhynda möhüm tapgyr bolandygyny aýdyp, geçirilen gepleşikleriň netijesinde gazanylan ylalaşyklaryň özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň goňşy ýurtlar bolmak bilen, ikitaraplaýyn gatnaşyklary däp bolan birek-birege hormat goýmak ýörelgeleri esasynda alyp barýandyklaryny belledi. Häzirki wagtda bu gatnaşyklar yzygiderli ösdürilýär. Gahryman Arkadagymyz saparyň dowamynda türkmen wekiliýetine bildirilen myhmansöýerligiň, hoşniýetliligiň halkymyza goýulýan hormatyň nyşanydygyny nygtady. Halk Maslahatynyň Başlygy türkmen halkyna sowgat berlen täze “Dostluk” gämisi üçin minnetdarlygyny beýan etdi hem-de onuň diňe bir Türkmenistan bilen Azerbaýjana däl-de, eýsem, Hazar sebitiniň beýleki ýurtlaryna hem oňyn täsirini ýetirjekdigine ynam bildirdi.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda hormatly Arkadagymyzyň geçen ýyl Azerbaýjan Respublikasyna, Prezident Ilham Aliýewiň bolsa ýurdumyza amala aşyran saparlarynyň iki dostlukly ýurduň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge ygrarlydyklaryny görkezendigine, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň ýakynda Azerbaýjana amala aşyran döwlet saparynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüşinde täze sahypany açandygyna üns çekildi. Saparyň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklar söwda-ykdysady, senagat, ulag, oba hojalygy, saglygy goraýyş ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin berk binýady goýdy.

Söhbetdeşligiň dowamynda medeniýet, ylym-bilim, sport ýaly ugurlardaky däp bolan gatnaşyklaryň ähmiýeti bellenildi. Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň Baku we Genje şäherlerinde, Azerbaýjanyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň bolsa Aşgabat hem-de Arkadag şäherlerinde ýokary derejede geçirilmegi iki halkyň oguzlardan gözbaş alyp gaýdýan taryhynyň umumydygyny görkezýär.

Gahryman Arkadagymyz Geýdar Aliýew adyndaky gazna bilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bilelikde guramagynda şu ýylyň 19-njy oktýabry — 30-njy noýabry aralygynda ýurdumyzda “Ene — tebigat” atly halkara serginiň geçiriljekdigini we muňa häzirden taýýarlyk görülýändigini aýdyp, bu çäräniň iki gaznanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam berjekdigini belledi.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary barada-da pikir alşyldy.

Milli Liderimiz Azerbaýjanyň doganlyk halkyna rowaçlyk, gülläp ösüş arzuw etdi. Öz gezeginde, Prezident Ilham Aliýew hem Türkmenistanyň doganlyk halkyna abadançylyk baradaky arzuwlaryny beýan etdi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew birek-birege alyp barýan döwlet işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdiler.