TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Ahalteke bedewi — dünýä gymmatlygy

Aş­ga­bat, 1-nji iýul (TDH). Şu gün Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gin­de da­şa­ry ýurt­la­ryň we hal­ka­ra guramalaryň dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry­nyň, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da bri­fing ge­çi­ril­di. Ol şu ýy­lyň sent­ýabr aýyn­da Ni­der­land­lar Pa­ty­şa­ly­gy­nyň Kro­nen­berg şä­he­rin­de ge­çi­ril­me­gi me­ýil­leş­di­ril­ýän ahal­te­ke at­la­ry­nyň ara­syn­da at­ly sport we gö­zel­lik bäs­le­şi­gi­niň dün­ýä çem­pio­na­ty­na gö­rül­ýän taý­ýar­lyk çä­re­le­ri­ne ba­gyş­lan­dy.

Bri­fing­de çy­kyş eden­le­riň bel­le­ýiş­le­ri ýa­ly, türk­men hal­ky­nyň Milli Lideri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gahryman Arkadagymyzyň we hor­mat­ly Prezidentimiziň bi­möç­ber ta­gal­la­la­ry bi­len hal­ky­my­zyň milli buý­san­jy­na, gö­zel­li­giň aja­ýyp nus­ga­sy­na öw­rü­len ahal­te­ke at­la­ry­nyň dün­ýä­dä­ki şan-şöh­ra­ty has-da be­len­de gö­te­ril­ýär. Şu ýy­lyň “Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan — be­dew bat­ly at-my­ra­dyň me­ka­ny” ýy­ly diý­lip at­lan­dy­ryl­ma­gy dün­ýä­niň me­de­ni gym­mat­lyk­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da orun alan öz­bo­luş­ly mi­ra­sy­my­zy wa­gyz et­mek­de tä­ze sa­hy­pa­ny aç­dy. Şu ýyl­da me­ýil­leş­di­ril­ýän hal­ka­ra çä­re­ler me­de­ni we sport dip­lo­ma­ti­ýa­sy­nyň gu­ral­la­ry­ny ne­ti­je­li he­re­ke­te ge­tir­mek bi­len, ýurt­la­ryň hem-de halk­la­ryň ara­syn­da dost-do­gan­ly­gy, yna­nyş­ma­gy ber­kit­me­gi ugur edin­ýär.

Ni­der­land­lar Pa­ty­şa­ly­gy­nyň Kro­nen­berg şä­he­rin­de ge­çi­ril­jek ahal­te­ke at­la­ry­nyň ara­syn­da at­ly sport we gö­zel­lik bäs­le­şi­gi­niň dün­ýä çem­pio­na­ty­na ýur­du­my­zyň giň we­kil­çi­lik­li to­pa­ry­nyň gat­naş­ma­gy­ny, ahal­te­ke at­la­ry­nyň ne­ti­je­li çy­kyş et­mek­le­ri­ni ga­zan­mak ug­run­da de­giş­li mi­nistr­lik­ler, pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry ta­ra­pyn­dan yzy­gi­der­li çä­re­ler gö­rül­ýär. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, çä­re­le­riň çäk­le­rin­de milli me­de­ni­ýe­ti­mi­ziň gym­mat­lyk­la­ry­ny, däp-des­sur­la­ry­ny, yk­dy­sa­dy­ýet­de, me­de­ni-dur­muş ul­ga­myn­da Wa­ta­ny­my­zyň hä­zir­ki ýe­ten de­re­je­si­ni hal­ka­ra jem­gy­ýet­çi­li­ge giň­den ta­nyş­dyr­mak mö­hüm we­zi­pe hök­mün­de kes­git­le­nen­dir.

Bri­fin­ge gat­na­şy­jy­lar ýur­du­my­zyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 35 ýyl­ly­gy­na bes­len­ýän “Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan — be­dew bat­ly at-my­ra­dyň me­ka­ny” ýy­ly­nyň ma­ny-maz­mu­ny­ny wa­gyz et­mek, milli at­şy­nas­lyk sun­ga­ty­my­zy dün­ýä­de ta­nat­mak ug­run­da dö­red­ýän giň müm­kin­çi­lik­le­ri üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza ho­şal­lyk bil­dir­di­ler.