TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanyň daşary işler ministrini kabul etdi

Aş­ga­bat, 1-nji iýul (TDH). Şu gün hor­mat­ly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýur­du­my­za sa­par bi­len ge­len Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri Ýer­mek Ko­şer­ba­ýe­wi ka­bul et­di.

Myh­man du­şuş­ma­ga dö­re­di­len müm­kin­çi­lik hem-de türk­men top­ra­gyn­da bil­di­ri­len myh­man­sö­ýer­lik üçin ho­şal­ly­gy­ny be­ýan edip, Ga­za­gys­tan­da Türk­me­nis­tan bi­len däp bo­lan hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk gat­na­şyk­la­rynyň ös­dü­ril­me­gi­ne mö­hüm äh­mi­ýet be­ril­ýän­di­gi­ni bel­le­di hem-de müm­kin­çi­lik­den peý­da­la­nyp, Prezident Ka­sym-Žo­mart To­ka­ýe­wiň döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za hem-de Gahryman Arkadagymyza ibe­ren mä­hir­li sa­la­my­ny we iň go­wy ar­zuw­la­ry­ny ýe­tir­di. Şeý­le hem myh­man Aş­ga­ba­dyň gö­zel bi­na­gär­lik keş­bi­niň özün­de uly tä­sir gal­dy­ran­dy­gy­ny aýt­dy.

Hor­mat­ly Prezidentimiz hoş­ni­ýet­li söz­ler üçin min­net­dar­lyk bil­di­rip, Ga­za­gys­ta­nyň Prezidenti Ka­sym-Žo­mart To­ka­ýe­we iň go­wy ar­zuw­la­ry­ny be­ýan et­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň da­şa­ry sy­ýa­sat eda­ra­sy­nyň ýol­baş­çy­sy­nyň sa­pa­ry­nyň do­wa­myn­da Türk­me­nis­tan bi­len Ga­za­gys­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­lik­le­ri­niň ara­syn­da sy­ýa­sy ge­ňeş­me­le­riň ge­çi­ril­jek­di­gi­ni aý­dyp, onuň ne­ti­je­le­ri­niň döw­let­le­ri­mi­ziň ara­syn­da­ky dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ry mun­dan beý­läk-de pug­ta­lan­dyr­ma­ga hyz­mat et­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di.

Du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da bel­le­ni­li­şi ýa­ly, Türk­me­nis­ta­nyň Ga­za­gys­tan bi­len gat­na­şyk­la­ry halk­la­ry­my­zyň ara­syn­da­ky köp­ýyl­lyk dost­lu­ga, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­ly­ga we öza­ra dü­şü­niş­mä­ge esas­lan­ýar. Ýur­du­myz deň­hu­kuk­ly­lyk, öza­ra hor­mat goý­mak, yna­nyş­mak ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­lan­ýan döw­le­ta­ra hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de gi­ňelt­mä­ge uly äh­mi­ýet ber­ýär.

Ýurt­la­ry­myz iki­ta­rap­la­ýyn esas­da, şeý­le hem Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy, Ýew­ro­pa­da Howp­suz­lyk we Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy, Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy, Yk­dy­sa­dy Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy ýa­ly ab­raý­ly hal­ka­ra dü­züm­le­riň çäk­le­rin­de iş­jeň hyz­mat­daş­lyk ed­ýär­ler. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Mer­ke­zi Azi­ýa döw­let­le­ri­niň Baş­tu­tan­la­ry­nyň kon­sul­ta­tiw du­şu­şyk­la­rynyň we “Mer­ke­zi Azi­ýa +” for­mat­la­ry­nyň çäk­le­rin­dä­ki üs­tün­lik­li öza­ra hyz­mat­daş­ly­gyň äh­mi­ýe­ti­ne üns çe­kil­di. Şeý­le hem iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mek­de Yk­dy­sa­dy, yl­my-teh­ni­ki we me­de­ni hyz­mat­daş­lyk bo­ýun­ça hö­kü­me­ta­ra türk­men-ga­zak to­pa­ry­nyň alyp bar­ýan işi­niň äh­mi­ýe­ti bel­le­nil­di. To­pa­ryň no­bat­da­ky mej­li­si ýa­kyn­da As­ta­na şä­he­rin­de ge­çi­ril­di. Onuň işi hyz­mat­daş­ly­gyň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni aç­ma­ga, öza­ra söw­da­nyň möç­be­ri­ni art­dyr­ma­ga, ma­ýa go­ýum­la­ry we bi­le­lik­dä­ki taslamalary iş­jeň­leş­dir­mä­ge ýar­dam ber­ýär.

Me­de­ni-yn­san­per­wer ul­gam döw­le­ta­ra hyz­mat­daş­ly­gyň mö­hüm ug­ry bo­lup dur­ýar. Şun­da ylym-bi­lim, sag­ly­gy go­ra­ýyş, me­de­ni­ýet, sport ul­gam­la­ryn­da­ky hyz­mat­daş­lyk aý­ra­tyn or­ny eýe­le­ýär.

Du­şu­şy­gyň ahy­ryn­da hor­mat­ly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri Ýer­mek Ko­şer­ba­ýew türk­men-ga­zak gat­na­şyk­la­ry­nyň iki ýur­duň halk­la­ry­nyň bäh­bi­di­ne mun­dan beý­läk-de ös­dü­ril­jek­di­gi­ne ynam bil­di­rip, bi­rek-bi­re­ge iň go­wy ar­zuw­la­ry­ny be­ýan et­di­ler.