TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Aş­ga­bat, 1-nji iýul (TDH). Şu gün Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti, ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy go­şun ge­ne­ra­ly Serdar Berdimuhamedow Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň mej­li­si­ni ge­çir­di. On­da har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­lar­da şu ýy­lyň al­ty aýyn­da al­nyp bar­lan iş­le­riň ne­ti­je­le­ri­ne se­re­dil­di. Şeý­le hem mej­li­siň gün ter­ti­bi­ne Ga­raş­syz döw­le­ti­miz­de howp­suz­ly­gy, asu­da­ly­gy üp­jün et­mek, har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny pug­ta­lan­dyr­mak, ola­ryň işi­ni has-da kä­mil­leş­dir­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­ler gi­ri­zil­di.

Il­ki bi­len, Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň sek­re­ta­ry, go­ran­mak mi­nist­ri B.Gün­dog­dy­ýe­we söz be­ril­di. Ol 2026-njy ýy­lyň ge­çen al­ty aýyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­ni ös­dür­me­giň mak­sat­na­ma­sy­nyň çäk­le­rin­de ýur­du­my­zyň go­ra­nyş uky­by­ny pug­ta­lan­dyr­mak bo­ýun­ça al­nyp bar­lan iş­ler, no­bat­da­ky har­by gul­lu­ga ça­gyr­mak möw­sü­mi­niň ne­ti­je­le­ri, har­by gul­luk­çy­la­ryň gul­luk we ýa­şa­ýyş şert­le­ri­ni go­wu­lan­dyr­mak ba­bat­da gör­len çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.

Hor­mat­ly Prezidentimiz ha­sa­ba­ty diň­läp, ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­ni has-da kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­ri mun­dan beý­läk-de do­wam et­dir­me­giň ze­rur­dy­gy­ny bel­le­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň şan­ly baý­ra­my­nyň ýo­ka­ry de­re­je­de bel­le­nil­me­gi­niň mö­hüm­di­gi­ni aýt­dy we Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň sek­re­ta­ry, go­ran­mak mi­nist­ri­ne da­ba­ra­ly har­by ýö­ri­şe taý­ýar­lyk gör­me­gi hem-de ony ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çir­me­gi tab­şyr­dy.

Baş pro­ku­ror B.Mu­ha­me­dow ýol­baş­çy­lyk ed­ýän dü­züm­le­rin­de ýy­lyň ba­şyn­dan bä­ri ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­ler, hu­su­san-da, ka­nun­çy­lyk namalarynyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi­ne ge­çi­ri­len pro­ku­ror gö­zeg­çi­li­gi­niň ne­ti­je­le­ri, bu dü­zü­mi ös­dür­me­giň mak­sat­na­ma­sy­nyň çäk­le­rin­de pro­ku­ra­tu­ra eda­ra­la­ry­na öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­la­ry or­naş­dyr­mak, iş­gär­le­riň hü­när de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­mak bo­ýun­ça ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ha­sa­ba­ty diň­läp, ýur­du­my­zyň äh­li pu­dak­la­ryn­da ka­nun­la­ryň we hu­kuk namalarynyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi­ne gö­zeg­çi­lik et­mek, döw­let hem-de jem­gy­ýet­çi­lik bäh­bit­le­ri­ni, ra­ýat­la­ryň hu­kuk­la­ry­ny, azat­lyk­la­ry­ny go­ra­mak bi­len bag­ly iş­le­ri do­wam et­dir­mek ba­bat­da bir­nä­çe tab­şy­ryk­la­ry ber­di.

Içe­ri iş­ler mi­nist­ri M.Hy­dy­row şu ýy­lyň ýan­war — iýun aý­la­ryn­da ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­le­riň ne­ti­je­le­ri, şol san­da ýur­du­myz­da jem­gy­ýet­çi­lik ter­ti­bi­ni, ýan­gyn howp­suz­lyk ka­da­la­ry­nyň ber­jaý edi­li­şi­ni üp­jün et­mek, ýol-ulag ha­dy­sa­la­ry­nyň öňü­ni al­mak mak­sa­dy bi­len gör­len çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.

Hor­mat­ly Prezidentimiz ha­sa­ba­ty diň­läp, ýur­du­myz­da ka­nun­çy­ly­gy üp­jün et­mek we düz­gün bo­zul­ma­la­ryň öňü­ni al­mak ba­bat­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­ri do­wam et­dir­me­giň mö­hüm­di­gi­ni bel­le­di hem-de mi­nist­re ýol he­re­ke­ti­niň düz­gün­le­ri­niň, to­mus möw­sü­min­de ho­wa­nyň gyz­ma­gy bi­len bag­ly­lyk­da, ýan­gyn howp­suz­lyk ka­da­la­ry­nyň ber­jaý edi­li­şi­ni gö­zeg­çi­lik­de sak­la­ma­gy tab­şyr­dy.

Ýo­ka­ry ka­zy­ýe­tiň baş­ly­gy B.Ho­jam­gu­ly­ýew ýol­baş­çy­lyk ed­ýän dü­zü­mi ta­ra­pyn­dan şu ýy­lyň al­ty aýyn­da de­giş­li ösüş mak­sat­na­ma­syn­da göz öňün­de tu­tu­lan we­zi­pe­le­riň, ka­zy­ýet işi­ni döw­rüň ta­lap­la­ry­na la­ýyk­lyk­da gu­ra­mak bo­ýun­ça döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ozal be­ren tab­şy­ryk­la­ry­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi, ka­zy­ýet eda­ra­la­ry­nyň iş­gär­le­ri­niň hü­när de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­mak bo­ýun­ça gör­len çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.

Hor­mat­ly Prezidentimiz ha­sa­ba­ty diň­läp, döw­le­tiň we jem­gy­ýe­tiň bäh­bit­le­ri­ni go­ra­mak bo­ýun­ça ne­ti­je­li iş­le­ri alyp bar­ma­gyň ze­rur­dy­gy­ny bel­le­di we bu ba­bat­da bir­nä­çe gör­kez­me­le­ri ber­di.

Milli howp­suz­lyk mi­nist­ri D.Me­re­dow şu ýy­lyň bi­rin­ji ýa­ry­myn­da döw­le­ti­mi­ziň milli bäh­bit­le­ri­ni go­ra­mak, ýur­du­myz­da dur­nuk­ly­ly­gy hem-de asu­da­ly­gy üp­jün et­mek bo­ýun­ça ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ha­sa­ba­ty diň­läp, mi­nistr­lik ta­ra­pyn­dan al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­ri mun­dan beý­läk-de ne­ti­je­li do­wam et­dir­me­giň mö­hüm äh­mi­ýe­ti­ni bel­le­di we bu ba­bat­da bir­nä­çe anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di.

Döw­let ser­het gul­lu­gy­nyň baş­ly­gy I.Ila­ma­now ýol­baş­çy­lyk ed­ýän dü­zü­min­de şu ýy­lyň ýan­war — iýun aý­la­ryn­da Wa­ta­ny­my­zyň mu­kad­des ser­het­le­ri­niň go­rag­ly­ly­gy­ny üp­jün et­mek, ser­het bi­rik­me­le­ri­niň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny pug­ta­lan­dyr­mak, har­by gul­luk­çy­la­ryň gul­luk we ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­ni go­wu­lan­dyr­mak bo­ýun­ça al­nyp bar­lan iş­le­riň ne­ti­je­le­ri ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ha­sa­ba­ty diň­läp, Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap döw­le­ti­mi­ziň ser­he­di­niň dost-do­gan­lyk ser­he­di­di­gi­ni bel­le­di hem-de ser­het go­şun­la­ry­ny ös­dür­me­giň mak­sat­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da, ser­het­le­ri­mi­ziň go­rag­ly­ly­gy­ny yzy­gi­der­li üp­jün et­me­gi tab­şyr­dy.

Ada­lat mi­nist­ri M.Ta­ga­now mi­nistr­li­gi ös­dür­me­giň mak­sat­na­ma­sy­nyň çäk­le­rin­de şu ýy­lyň al­ty aýyn­da ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­le­riň ne­ti­je­le­ri, hu­su­san-da, milli hu­kuk bin­ýa­dy­ny kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça gör­len çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Şeý­le-de dü­zü­miň iş­gär­le­ri­niň hü­när de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­mak, öň­de­ba­ry­jy tej­ri­bä­ni or­naş­dyr­mak ug­run­da al­nyp bar­lan iş­ler ba­ra­da aý­dyl­dy.

Ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy ha­sa­ba­ty diň­läp, milli ka­nun­çy­lyk ul­ga­my­ny hal­ka­ra öl­çeg­le­re la­ýyk­lyk­da kä­mil­leş­dir­mek we ra­ýat­la­ra ka­nun­çy­ly­gy dü­şün­dir­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­ri do­wam et­dir­me­giň wa­jyp­dy­gy­ny aýt­dy hem-de ýur­du­myz­da ka­da­laş­dy­ry­jy hu­kuk namalarynyň ka­nun­çy­ly­ga do­ly la­ýyk gel­me­gi­ne yzy­gi­der­li gö­zeg­çi­lik et­me­gi tab­şyr­dy.

Döw­let güm­rük gul­lu­gy­nyň baş­ly­gy M.Hu­daý­ku­ly­ýew ýol­baş­çy­lyk ed­ýän dü­zü­mi ta­ra­pyn­dan şu ýy­lyň bi­rin­ji ýa­ry­myn­da amala aşy­ry­lan iş­le­riň ne­ti­je­le­ri, gul­lu­gyň işi­ne öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­la­ry or­naş­dyr­ma­gyň ha­sa­by­na güm­rük amallaryny kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça gö­rül­ýän çä­re­ler, ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy­nyň ozal be­ren tab­şy­ryk­la­ry­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ha­sa­ba­ty diň­läp, güm­rük no­kat­la­ryn­da güm­rük düz­gün­le­ri­niň ber­jaý edi­li­şi­ne gö­zeg­çi­lik et­me­giň, bu ugur­da öň­de­ba­ry­jy tej­ri­bä­ni we iş usul­la­ry­ny yzy­gi­der­li or­naş­dyr­ma­gyň mö­hüm­di­gi­ni bel­le­di hem-de bir­nä­çe anyk gör­kez­me­le­ri ber­di.

Döw­let mig­ra­si­ýa gul­lu­gy­nyň baş­ly­gy A.Sa­za­kow gul­lu­gy ös­dür­me­giň mak­sat­na­ma­sy­ny dur­mu­şa ge­çir­me­giň çäk­le­rin­de ýy­lyň ba­şyn­dan bä­ri ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­le­riň ne­ti­je­le­ri, gul­lu­gyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny pug­ta­lan­dyr­mak, iş­gär­le­riň hü­när de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­mak bo­ýun­ça al­nyp bar­lan iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.

Ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy ha­sa­ba­ty diň­läp, mig­ra­si­ýa ka­nun­çy­ly­gy­nyň ber­jaý edi­li­şi­ne yzy­gi­der­li gö­zeg­çi­lik et­me­giň we ýo­ka­ry hil­li mig­ra­si­ýa hyz­mat­la­ry­ny üp­jün et­me­giň wa­jyp­dy­gy­ny aýt­dy hem-de bu ba­bat­da gul­lu­gyň ýol­baş­çy­sy­na bir­nä­çe anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di.

Hor­mat­ly Prezidentimiz Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň ag­za­la­ry­na ýüz­le­nip, Türk­me­nis­ta­nyň di­ňe go­ra­nyş hä­si­ýet­li Har­by dokt­ri­na­sy­nyň ta­lap­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap döw­le­ti­mi­ziň howp­suz­ly­gy­ny we çäk bi­te­wü­li­gi­ni ýo­ka­ry de­re­je­de üp­jün et­mek, ýur­du­my­zyň go­ra­nyş uky­by­ny pug­ta­lan­dyr­mak, Wa­tan go­rag­çy­la­ry­nyň, ola­ryň maş­ga­la ag­za­la­ry­nyň ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­ni has-da ýo­kar­lan­dyr­mak bo­ýun­ça yzy­gi­der­li iş­le­riň dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän­di­gi­ni we bu ugur­da­ky iş­le­riň gel­jek­de-de do­wam et­di­ril­jek­di­gi­ni nyg­ta­dy.

Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň mej­li­sin­de baş­ga-da bir­nä­çe me­se­le­le­re ga­ral­dy we olar bo­ýun­ça de­giş­li çöz­güt­ler ka­bul edil­di.

Mej­li­siň ahy­ryn­da Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti, ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy go­şun ge­ne­ra­ly Serdar Berdimuhamedow oňa gat­na­şy­jy­la­ra berk jan sag­lyk, hal­ky­my­zyň pa­ra­hat hem-de bag­ty­ýar dur­mu­şy­nyň bäh­bi­di­ne jo­gap­kär­li gul­luk­la­ryn­da uly üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di.