Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa «Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylaryň ÝÜZLENMESI
Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ak mermerli Aşgabatda geçirilen «Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylara iberen çuňňur many-mazmunly Gutlagyňyz hem-de bu giň möçberli çäräniň ýokary derejede geçirilmegi babatda döreden ajaýyp mümkinçilikleriňiz üçin Size tüýs ýürekden hoşallygymyzy bildirýäris. Ýurtda soňky ýyllarda guralmagy däbe öwrülen bu sergi-ýarmarka kämil bilimli, berk bedenli ýaş nesiller hakyndaky hemmetaraplaýyn tagallalaryň nyşanydyr.
Hormatly Türkmenistanyň Prezidenti!
Türkmenistanda çagalarda ýokary ahlak häsiýetlerini, watançylyk we raýatlyk duýgularyny terbiýelemek, döredijilik işjeňligini ösdürmek, olary jemgyýetde doly derejeli durmuşa taýýarlamak ileri tutulýan wezipeler hökmünde kesgitlenendir. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň döwrebap sergi zalynda geçirilen bu giň möçberli çärä Türkmenistandan we dünýäniň beýleki ýurtlaryndan çagalar harytlary hem-de hyzmatlary pudagynda, bilim-terbiýeçilik ulgamynda iş alyp barýan öňdebaryjy edara-kärhanalaryň, halkara guramalaryň wekilleri gatnaşdylar. Olara özara tejribe alyşmaga, gepleşikleri geçirip, hyzmatdaşlygy ýola goýmaga ähli mümkinçilikler döredildi. Sergi-ýarmarkanyň dowamynda öz işine ussat hünärmenleriň geçiren okuw sapaklary, innowasion işläp taýýarlamalaryň we täzelikleriň tanyşdyrylyş dabaralary, ussatlyk sapaklary onuň ähmiýetini has-da artdyrdy.
Belent mertebeli Türkmenistanyň Prezidenti!
Siziň baştutanlygyňyzda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan häzirki döwürde Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan yglan edilen Durnukly ösüş maksatlaryny üstünlikli amala aşyrýar. Ýaş nesillere döwrebap bilim hem-de terbiýe bermek, zenanlaryň, çagalaryň saglygyny, bähbitlerinidir hukuklaryny goramak ýaly möhüm ugurlar boýunça dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy işjeň alyp barýar. Siziň tagallalaryňyz bilen geçirilen bu sergi-ýarmarkanyň dowamynda çagalaryň kämil şahsyýet hökmünde kemala gelmegine goşant goşýan häzirki zaman tehnologiýalaryna, innowasion önümlere we hyzmatlara giň orun berildi, çagalaryň ýaş aýratynlygyna görä dürli harytlar görkezildi.
Halkara sergi-ýarmarkanyň çäklerinde oňa gatnaşyjylar özara tejribe alyşdylar. Bu ýerde ýaşajyk myhmanlar täsin ýaryşlara gatnaşyp, wagtlaryny şatlykly hem gyzykly geçirdiler. Döredijiligiň, ylhamyň merkezine öwrülen meýdançada çagalaryň moda görkezilişi geçirildi, çaga terbiýesi we ösüşi boýunça ene-atalara maslahatlar berildi. Sungat meýdançasynda çagalara özboluşly sungat eserlerini, şekilleri görkezmäge, kiberzolakda bolsa häzirki zaman tehnologiýalary hem-de enjamlar bilen tanyşmaga giň mümkinçilikler döredildi. Çagalara bilim bermek, olary okatmak, oýunjaklar, ösüş esbaplary, çagalar edebiýaty, okamaga, öwrenmäge niýetlenen neşirler, sagdyn iýmitlenmek, sport we beden taýdan ösüş, döredijilik, çeperçilik işleri, çagalar modasy, internet howpsuzlygy tehnologiýalary, çagalar syýahatçylygy ýaly köp sanly ugurlaryň we olar bilen üpjün edijileriň tanyşdyrylyşy sergi-ýarmarka gelip gören çagalar bilen birlikde, olaryň ene-atalary üçin hem bilim we dynç alyş çäreleri hökmünde ýakymly täsirleri galdyrdy.
Hormatly Türkmenistanyň Prezidenti!
«Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkanyň ýokary derejede geçirilmegine beren ýardamyňyz üçin Size ýene-de bir gezek çäksiz alkyş aýdýarys. Size berk jan saglyk, uzak ömür, ýaş nesilleriň bagtyýar çagalygyny üpjün etmegiň bähbidine alyp barýan işleriňiziň mundan beýläk-de üstünliklere beslenmegini arzuw edýäris.
«Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylar.
Halkbank and other bank services
Senagat Bank