Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke atlarynyň arasynda geçirilen gözellik we atly sport bäsleşikleri boýunça dünýä çempionatynyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyzyň Ýewropa ahalteke atçylyk assosiasiýasy tarapyndan «Atçylygy ösdürmäge goşan uly goşandy üçin» atly abraýly baýrak bilen sylaglanylmagy mynasybetli gutlag hatlary gelip gowuşýar. Gutlag hatlarynda Milli Liderimiziň we döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde milli atçylyk pudagynyň, atly sportuň ösdürilmegi babatda zerur şertleriň döredilýändigi bellenilýär. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde häzirki zaman atçylyk sport toplumlary açylyp ulanmaga berildi. Döwlet we jemgyýetçilik işgärleri atşynaslaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmak ugrunda döredilýän ajaýyp mümkinçilikler üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan edýärler hem-de berk jan saglyk, uzak ömür, eziz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň bähbidine alyp barýan asylly işlerinde uly üstünlikleri arzuw edýärler.
Döwlet Baştutanymyzy Mejlisiň deputatlarynyň adyndan D.Gulmanowa gutlady.
Hormatly Prezidentimizi şanly waka mynasybetli Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary G.Agajanow, B.Annamämmedow, N.Atagulyýew, T.Atahallyýew, B.Annaýew, H.Geldimyradow, R.Meredow, B.Mämmedow, B.Seýidowa gutladylar.
Döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň jogapkär işgärleri tüýs ýürekden gutladylar.
Hormatly Prezidentimize Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan gaznanyň wise-prezidentleri O.Atabaýewa we R.Bazarow mähirli gutlaglaryny iberdiler.
Döwlet Baştutanymyzy Gahryman Arkadagymyzyň Ýewropa ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň “Atçylygy ösdürmäge goşan uly goşandy üçin” atly abraýly baýragyna mynasyp bolmagy bilen ýurdumyzyň ýaşaýjylarynyň adyndan welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimleri, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy tüýs ýürekden gutladylar.
Hormatly Prezidentimize ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary mähirli gutlaglaryny iberdiler.
Döwlet Baştutanymyza Türkmenistanyň syýasy partiýalarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary tüýs ýürekden gutlaglaryny beýan etdiler.
(TDH)
Halkbank and other bank services
Senagat Bank