Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigine gatnaşyjylaryň ÝÜZLENMESI
Belent mertebeli Prezidentimiz!
«Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşigiň çäklerinde guralýan zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly döredijilik bäsleşiginiň döwlet derejesindäki jemleýji tapgyryna gatnaşyjylar bolan bize iberen Gutlagyňyz, bu bäsleşigiň ýokary derejede, şowhunly hem-de guramaçylykly geçmegi babatda beren goldaw-hemaýatlaryňyz üçin Size çäksiz sagbolsun aýdýarys. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramynyň uludan toýlanylýan «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň bereketli güýz paslynyň ajaýyp günlerindäki bu dabaraly pursatlar biziň ömrümiziň şatlyga, bagtyýarlyga beslenen şanly senesi hökmünde ýadymyzda hemişelik galar.
Hormatly Prezidentimiz!
Ýurduň hem-de halkyň ykbaly bilen bagly işlere döredijilikli çemeleşmek, watandaşlarymyzy belent maksatlara ruhlandyrmak Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Siziň esasy ýörelgeleriňiz bolup, şol ýörelgeler esasynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Watanymyz ösüşleriň ýoly bilen öňe barýar. Täze taryhy döwürde milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary bilen bir hatarda, döwlet syýasatynyň möhüm ugry hökmünde bilim ulgamyny ösdürmäge uly ähmiýet berilýär. Siziň: «Bilim ähli ösüşlerimiziň, bagtyýarlygymyzyň we abadançylygymyzyň binýady, beýik geçmişimiziň hem-de geljegimiziň röwşen ýoludyr» diýen taglymatyňyzdan ugur alnyp, milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak hem-de hil taýdan täze basgançaga çykarmak babatda uly işler ýerine ýetirilýär. Ýaşlara berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, okatmagyň usulyýetini has-da kämilleşdirmek ugrunda uly tagallalar edilýär.
Eziz Diýarymyzda ak mermerli çagalar baglarynyň, orta mekdepleriň, medeniýet we sungat ugurly bilim edaralarynyň, medeni-dynç alyş, sport merkezleriniň, kitaphanalaryň, muzeýleriň sany yzygiderli artýar. Altyn güýzüň ilkinji gününde — Bilimler we talyp ýaşlar gününe hem-de 2026-2027-nji täze okuw ýylyna gabatlanyp, hormatly Prezidentimiz, Siziň gatnaşmagyňyzda Aşgabat şäherinde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Türkmenabat şäherinde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlarynyň, şeýle hem welaýatlarymyzda täze çagalar baglarynyň, orta mekdepleriň açylyş dabaralarynyň geçirilmegi munuň aýdyň güwäsidir. Birinji synpa baran okuwçylara Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Siziň adyňyzdan milli önüm bolan «Bilimli» atly noutbuk kompýuterleriniň sowgat berilmegi, Milli Liderimiziň Arkadag şäherindäki Ruhyýet köşgünde geçen umumy okuw sapagy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylyny has-da şöhratlandyrdy. Şanly wakalar bagtyýar nesiller bolan biziň Garaşsyz Watanymyza bolan buýsanjymyzy has-da pugtalandyrýar, kalbymyza ylham berýär, aýdym-saza, bilimlere we döredijilige höwesimizi artdyrýar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz!
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biziň döredijilik we zehin taýdan kämilleşmegimiz, asyrlaryň jümmüşinden nesillere geçirilip, kämil derejä ýetirilen milli aýdym-saz sungatymyzy mynasyp dowam etdirmegimiz üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Döwlet derejesinde döredilýän ajaýyp şertler bizi täze sepgitlere, belent üstünliklere ruhlandyrýar. Siziň ýaşlara: «Siz Watanymyzyň guwanjy we aýdyň geljegisiňiz. Taryhyň dowamynda ylym-bilime, paýhas-parasada belent sarpa goýup, ony nesilden-nesle mukaddes miras hökmünde geçirip gelýän milletimiziň dowamatysyňyz» diýip bildirýän belent ynamyňyza ýadawsyz okamak we öwrenmek bilen jogap bereris, bilimlerimiziň derejesini yzygiderli ýokarlandyrarys, döredijilik, sungat bilen meşgullanmak arkaly sungat dünýäsine has aýgytly gadam basarys.
Siziň parahatçylygyň we rowaçlygyň mekany bolan eziz Diýarymyzda ýaş nesilleriň geljegi ugrunda amala aşyrýan ägirt uly işleriňiz kalplarymyza çäksiz bagtyýarlyk paýlaýar. Ata-babalarymyzdan miras galan we kämil derejä ýetirilen aýdym-saz sungatymyzy mynasyp dowam etdirmegimiz üçin döredilýän giň şertler biziň döredijilik dünýämizi nurlandyrýar. Bu beýik aladalar biziň ylym-bilime, sungata, täze sepgitlere bolan ynamymyzy hem-de höwesimizi artdyrýar.
Hormatly Prezidentimiz!
Zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly döredijilik bäsleşiginiň döwlet derejesindäki jemleýji tapgyrynyň ýokary derejede geçmegi babatda ýakyndan beren goldaw-hemaýatlaryňyz üçin Size ýene-de bir gezek hoşallygymyzy bildirýäris. Siziň: «Kämillik her bir ynsan üçin uly mertebe we ýokary derejedir. Üznüksiz öwrenilmeli bilimler we ylymlar, ýadawsyz çekilmeli zähmet kämillige eltýän ýoldur» diýen taglymatyňyzdan ruhlanyp, şöhratly taryhymyzyň bütin dowamynda ylma we bilime daýanan, milli medeniýetimizi we sungatymyzy döreden merdana pederlerimiziň asylly ýörelgelerini mynasyp dowam etdirmek, okamak, öwrenmek, yhlasly zähmet çekmek, döretmek, gurmak bilen, biz hemişe kämillige ymtylarys. Eziz Watanymyzyň pajarlap ösmegine hem-de şan-şöhratynyň has-da beýgelmegine mynasyp goşant goşmak, bagtyýar, abadan durmuşyň hatyrasyna döretmek we gurmak biziň baş maksadymyz bolar. Siziň janyňyz sag, ömrüňiz uzak, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işleriňiz rowaç, şan-şöhratyňyz hemişe belent bolsun, Arkadagly Gahryman Serdarymyz!
Sizi çuňňur hormatlamak bilen,
Zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigine gatnaşyjylar.
Halkbank and other bank services
Senagat Bank