Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Songýungwan uniwersitetiniň syýasy ylymlaryň hormatly doktory derejesiniň berilmegi, şeýle hem Koreýanyň Halkara söwda assosiasiýasynyň Hormat nyşanynyň we ýörite şahadatnamasynyň gowşurylmagy mynasybetli köp sanly gutlag hatlary gelip gowuşýar. Gutlaglarda bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimize dostlukly ýurtda belent sarpa goýulmagy döwlet Baştutanymyzyň Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda netijeli gatnaşyklary, özara ynanyşmagy hem-de ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrundaky taýsyz tagallalaryna berlen ýokary bahadyr. Hatlary iberenler Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden gutlaglaryny beýan edip, berk jan saglyk, uzak ömür, halkymyzyň abadançylygynyň, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde täze üstünlikleri arzuw edýärler.
Hormatly Prezidentimizi Mejlisiň deputatlarynyň adyndan D.Gulmanowa gutlady.
Şanly wakalar mynasybetli döwlet Baştutanymyza Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary G.Agajanow, B.Annamämmedow, N.Atagulyýew, T.Atahallyýew, B.Annaýew, H.Geldimyradow, R.Meredow, B.Mämmedow, B.Seýidowa iň gowy arzuwlaryny iberdiler.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzy Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň jogapkär işgärleri tüýs ýürekden gutladylar.
Hormatly Prezidentimizi Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan gaznanyň wise-prezidentleri O.Atabaýewa we R.Bazarow mähirli gutladylar.
Döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň ýaşaýjylarynyň adyndan welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimleri, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy gutladylar.
Hormatly Prezidentimize ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary mähirli gutlaglaryny iberdiler.
Döwlet Baştutanymyza Türkmenistanyň syýasy partiýalarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.
(TDH)
Halkbank and other bank services
Senagat Bank