TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylaryň ÝÜZLENMESI

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrümiziň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli geçirilen ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara iberen çuňňur many-mazmunly Gutlagyňyz hem-de bu giň möçberli çäräniň ýokary derejede geçirilmegi babatda döreden ajaýyp mümkinçilikleriňiz üçin Size çäksiz alkyş aýdýarys.

Belent mertebeli Prezidentimiz!

Siziň taýsyz tagallalaryňyz netijesinde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň bellenilýän günlerinde guralan bu möhüm ähmiýetli çärede özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýan ata Watanymyzda ýurdumyzyň abadançylygynyň we gülläp ösmeginiň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň bähbidine alnyp barylýan giň möçberli işleriň esasynda gazanylan üstünlikler, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşinde, türkmen halkynyň ruhy-medeni galkynyşynda ýetilen belent sepgitler, ähli ulgamlarda amala aşyrylýan ajaýyp özgertmeler öz beýanyny tapdy.

Bu sergi ýurdumyzyň halk hojalygyna degişli dürli pudaklaryň, düzümleriň täze teklipleri we gazananlary bilen tanyşdyrýan ajaýyp meýdança bolup, pawilýonlarda Türkmenistanyň energetika, senagat, oba hojalygy, ulag-aragatnaşyk, nebitgaz, himiýa, gurluşyk, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk, ylym-bilim, medeniýet, söwda, hyzmatlar ulgamlarynda gazanan üstünlikleri, importyň ornuny tutýan hem-de eksporta niýetlenen milli önümleri öndürmekde ýerine ýetirilen ägirt uly işler bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik döredildi. Bu sergi ösüşiň aýdyň ýolundan barýan milli ykdysadyýetimiziň guwandyryjy üstünliklerini, geljek döwür üçin kabul edilen maksatnamalary, halkara we milli derejeli iri taslamalary açyp görkezmekde uly ähmiýete eýe boldy.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz!

Köpugurly sergide döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmeginde ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynyň mümkinçilikleri doly açylyp görkezildi. Amala aşyrylýan maksatnamalar halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagy, raýatlaryň döredijilikli zähmet çekmegi we mynasyp dynç almagy üçin zerur şertleriň döredilmegine gönükdirilendir. Siziň bimöçber tagallalaryňyz bilen ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk gelýän kärhanalar gurulýar, olarda halkara bazarlarda uly islegden peýdalanýan önümler öndürilýär. Munuň özi milli ykdysadyýetimiziň has-da pugtalanmagyna, ösüşiň täze sepgitlerine ýetmäge oňaýly täsirini ýetirýär.

Diýarymyzda öndürilýän milli önümleri, amala aşyrylýan iri taslamalary we maýa goýum mümkinçiliklerini giňden tanyşdyrmakda netijeli meýdança öwrülen Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi Siziň baştutanlygyňyzda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan ata Watanymyzyň gazanýan üstünlikleriniň netijesinde türkmen halkynyň durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanýandygyny bütin aýdyňlygy bilen görkezdi.

Çuňňur hormatlanylýan Prezidentimiz!

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisiniň ýokary derejede geçirilmegi babatda döreden ajaýyp mümkinçiligiňiz üçin Size ýene-de bir gezek çäksiz hoşallygymyzy bildirýäris. Size berk jan saglyk, uzak ömür, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi we täze belentliklere ýetmegi ugrunda alyp barýan döwletli tutumlaryňyzda uly üstünlikleri arzuw edýäris.

Sizi hormatlamak bilen,

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylar.