Resmi habarlar
Ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan depginli ösüşini üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy.
***
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «2028-nji ýyl — Halkara hukuk ýyly» atly Kararnamasyny durmuşa geçirmek, parahatçylygyň, howpsuzlygyň, ynanyşmagyň we durnukly ösüşiň bähbidine Türkmenistanyň daşary syýasatynyň halkara hukuk esaslaryny mundan beýläk-de berkitmek we hemişelik Bitaraplygyň amaly mümkinçiliklerini açmak boýunça çäreleriň bitewi döwlet ulgamyny emele getirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Halkara hukugy we Türkmenistanyň Bitaraplygy” milli konsepsiýasy tassyklanyldy.
Ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna hem-de harby we hukuk goraýjy edaralara milli konsepsiýanyň durmuşa geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.
***
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlar barada döwlet syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek, ylym-bilim, ösen tehnologiýalar bilen gyzyklanýan ýaşlary ýüze çykarmak, Watana wepaly, zähmetsöýer, ylymly-bilimli, ýurduň hemmetaraplaýyn ösüşine mynasyp goşant goşýan kämil nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek, döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň durmuş-ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna ýaşlaryň doly hukukly gatnaşmagy üçin şertleri döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasy» hem-de şu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy.
Degişli ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimliklerine Döwlet maksatnamasynyň amala aşyrylmagyny üpjün etmek tabşyryldy.
***
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanda adam hukuklaryny we azatlyklaryny kepillendirmegiň, üpjün etmegiň hem-de goramagyň döwlet ulgamyny pugtalandyrmak, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasy we beýleki halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, adam hukuklary ulgamynda Türkmenistanyň halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmek boýunça işleri ulgamlaýyn alyp barmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy» tassyklanyldy.
Türkmenistanyň hukuk goraýjy edaralaryna, ministrliklerine, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralaryna, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryna şu meýilnamada göz öňünde tutulan çäreleriň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.
(TDH)
Halkbank and other bank services
Senagat Bank