TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli köp sanly gutlag hatlary gelip gowuşýar. Döwlet we jemgyýetçilik işgärleri gutlaglarynda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ösüşiň belent sepgitlerine tarap ynamly öňe barýan ýurdumyzyň ägirt uly üstünlikleri gazanandygyny, durmuşyň ähli ulgamlarynda öz kuwwatyny hem-de halkara giňişlikde abraýyny ýokarlandyrmagy we pugtalandyrmagy üýtgewsiz ugur edinýändigini belleýärler. Watanymyzyň gülläp ösmegine, milli buýsanjyň we watançylyk ruhunyň kemala gelmegine gönükdirilen giň gerimli taslamalar durmuşa geçirilýär.

Gutlaglary iberenler döwlet Baştutanymyzy Garaşsyzlyk güni bilen mähirli gutlap, tüýs ýürekden berk jan saglyk, uzak ömür, halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine öňde goýlan ägirt uly meýilnamalary mundan beýläk-de üstünlikli durmuşa geçirmekde egsilmez güýç-kuwwat arzuw edýärler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy şanly waka bilen Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa tüýs ýürekden gutlady.

Döwlet Baştutanymyza Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary G.Agajanow, B.Annamämmedow, N.Atagulyýew, T.Atahallyýew, B.Annaýew, H.Geldimyradow, R.Meredow, B.Mämmedow, B.Seýidowa gutlaglaryny beýan etdiler.

Döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň jogapkär işgärleri tüýs ýürekden gutladylar.

Hormatly Prezidentimize Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan gaznanyň wise-prezidentleri O.Atabaýewa we R.Bazarow mähirli gutlaglaryny iberdiler.

Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýurdumyzyň ýaşaýjylarynyň adyndan welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimleri, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy iň gowy arzuwlaryny iberdiler.

Döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary gutladylar.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa ýurdumyzyň syýasy partiýalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary we beýlekiler gutlag hatlaryny iberdiler.

(TDH)