Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy
Aşgabat, 27-nji sentýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ösüşleriniň, üstünlikleriniň hem-de abadançylygynyň nyşanyna öwrülen Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy. Munuň özi “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda ata Watanymyzyň özygtyýarlylygyny alamatlandyrýan şanly senäniň hormatyna guralýan dabaralaryň ähmiýetini has-da artdyrdy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe merdana halkymyz ýurdumyzyň baş baýramyny — Garaşsyzlyk gününi täze zähmet ýeňişleri we geljege bolan beýik maksatlar bilen garşylaýar. Garaşsyzlyk baýramy ata-babalarymyzyň özbaşdaklyk we berkarar döwlet gurmak baradaky arzuwlarynyň hasyl bolmagydyr.
Türkmenistan Garaşsyzlyk ýyllarynyň dowamynda syýasy, ykdysady we medeni-durmuş ugurlarynda ägirt uly ösüşleri gazanyp, bedew bady bilen ösýän, halkara giňişlikde parahatçylygy, dost-doganlygy pugtalandyrmakda öňe sürýän başlangyçlary bilen dünýä bileleşiginde uly abraýa eýe bolan döwlete öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmeginde möhüm ähmiýete eýe bolan ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty has-da ýokarlanýar. Milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda durmuşa geçirilýän iri taslamalar munuň aýdyň güwäsidir.
Halkymyzyň müňýyllyklardan gözbaş alýan parahatçylyk we ynsanperwerlik, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan ýurdumyzyň Bitaraplyk syýasaty dünýä giňişliginde durnukly ösüşi we abadançylygy üpjün etmekde möhüm orny eýeleýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda rowaçlygyň ýoly bilen ynamly öňe barýan ýurdumyzda ýetilýän belent sepgitler Garaşsyz Watanymyzyň geljeginiň ygtybarly binýadydyr.
Hormatly Prezidentimiziň Watanymyzyň baş baýramy mynasybetli halkymyza Gutlagynda bellenilişi ýaly: “Mizemez berkararlygymyzyň we agzybirligimiziň nyşany bolan mukaddes Garaşsyzlygymyz biziň baş buýsanjymyzdyr. Garaşsyzlyk milli döwletliligimiziň sarsmaz binýadydyr, şöhratly geljegimiziň öçmez nurudyr. Garaşsyzlyk düşünjesinde merdana pederlerimiziň azat, garaşsyz, bagtly durmuş baradaky iň süýji arzuwlary, Watanymyzyň şanly geçmişi, şu güni hem-de röwşen geljegi baradaky beýik pelsepeleri jemlenendir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biz täze şäherlerdir obalary, ajaýyp binalary gurmak, belent sepgitleri gazanmak, geljegiň uly maksatnamalaryna badalga bermek bilen, ata-babalarymyzyň arzuwlaryny hakykata öwürýäris hem-de Garaşsyzlygymyzyň binýadyny has-da pugtalandyrýarys”.
Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna Mejlisiň Başlygy, Hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, daşary döwletleriň we halkara guramalaryň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň, welaýatlaryň häkimleri, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, hormatly ýaşulular we eneler, talyp ýaşlar, paýtagtymyzyň köp sanly ýaşaýjylary gatnaşdylar.
...Ir bilen döwlet Baştutanymyzyň awtoulagy Garaşsyzlyk binasynyň ýanyna geldi. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi dabara gatnaşyjylar uly ruhubelentlik bilen garşyladylar.
Soňra Birleşen harby orkestriň ýerine ýetirmeginde Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlandy.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň döwlet berkararlygynyň we özygtyýarlylygynyň nyşany bolan Garaşsyzlyk binasyna gül dessesini goýdy. Hormatly Prezidentimiziň göreldesine eýerip, beýleki dabara gatnaşyjylar hem gül desselerini goýdular.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda döwlet Baştutanymyz: “Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň abraýyny belende galdyrmak, Watanymyzy, halkymyzy söýmek hem-de guwanmak biziň her birimiziň borjumyzdyr. Garaşsyzlygymyz we hemişelik Bitaraplygymyz, bagtyýar we abadan durmuşymyz üçin örän tutanýerlilik bilen zähmet çekmelidiris. Öňde goýlan täze wezipeleri hem-de belent maksatlary agzybirlikde amala aşyrmalydyrys” diýip nygtady.
Dabaraly çäre tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow oňa gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.
Watanymyzyň Garaşsyzlyk gününe bagyşlanan baýramçylyk dabaralary ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýaýbaňlandyryldy.
Halkbank and other bank services
Senagat Bank