Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli döwlet we jemgyýetçilik işgärleri, diplomatlar, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de edara-kärhanalaryň wekilleri, şäherleriň we obalaryň ýaşaýjylary tüýs ýürekden gutlaýarlar. Gutlaglarda, hususan-da, döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň binýadynyň pugtalandyrylmagyna, durmuş-ykdysady ösüşiň depginleriniň ýokarlandyrylmagyna, ýurdumyzyň halkara abraýynyň artdyrylmagyna gönükdirilen oýlanyşykly içeri we daşary syýasatynyň netijesinde Türkmenistanyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe belent sepgitlere ýetendigi hem-de Watanymyzyň iň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak ägirt uly üstünlikleri gazanandygy bellenilýär.
Gutlaglary iberenler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy şanly waka bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, uzak we bagtyýar ömür, eziz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, türkmen halkynyň bagtyýarlygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde täze üstünlikleri arzuw edýärler.
Döwlet Baştutanymyza medeniýet ulgamynyň işgärleriniň adyndan B.Seýidowa, G.Myradalyýew, M.Rejepow, M.Çaryýew, M.Gazakbaýew iň gowy arzuwlaryny iberdiler.
Hormatly Prezidentimizi saglygy goraýyş we derman senagaty ministri M.Gaýypow, söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanow, dokma senagaty ministri N.Orazgeldiýew, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, “Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygy G.Agajanow, döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy M.Babaýew, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň başlygy B.Amanow, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň başlygy B.Wolsahatow, Söwda-senagat edarasynyň başlygy M.Gurdow, “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň başlygy A.Durdyýewa gutladylar.
Şeýle hem Arkadagly Gahryman Serdarymyza Merkezi bankyň başlygy T.Mälikow, Döwlet ösüş bankynyň başlygy D.Seýidow, Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy R.Jepbarow, “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň başlygy S.Aganiýazow, “Türkmenistan” döwlet täjirçilik bankynyň başlygy M.Hajyýew, “Halkbank” paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy M.Jepbarow, “Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy B.Atagulyýew, “Türkmenbaşy” paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy J.Jumagylyjow, “Rysgal” paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy S.Gurbandurdyýew, “Türkmen-türk” paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygynyň orunbasary M.Datdow mähirli gutlaglaryny iberdiler.
Döwlet Baştutanymyzy Garaşsyzlyk güni bilen Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Iwan Wolynkin, Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili W.Maýko, Türkiýäniň Daşary ykdysady aragatnaşyklar geňeşiniň ýanyndaky Türkmen-türk işewürlik geňeşiniň başlygy Sefa Gömdeniz, “Merkezi Aziýa — Hytaý” formatynyň Sekretariatynyň Baş sekretary Sun Weýdun, Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şener Jebeji, Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Szi Şumin, Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Wafo Niýatbekzoda, Katar Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Naser bin Ahmed Al Taher, Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Amer bin Ali Al-Şehri, Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Arsen Awagýan, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani, Owganystanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Fazal Muhammad Sabir, Liwiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Mahmud Abdulaziz Hasan gutladylar.
Hormatly Prezidentimizi Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi P.Durdyýew, Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi A.Baýramow, Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi B.Durdyýew, Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi M.Işangulyýew, Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi M.Aýazow, Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi B.Baýramow, Türkmenistanyň Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ý.Serýaýew, Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi H.Amannazarow, Türkmenistanyň Germaniýa Federatiw Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi B.Rejepow, Türkmenistanyň Fransiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi M.Çaryýew, Türkmenistanyň Italiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi T.Kömekow, Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi S.Palwanow, Türkmenistanyň Rumyniýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi A.Annaýew, Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi M.Seýitmämmedow, Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ş.Geldynazarow, Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi M.Maşalow, Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi A.Möwlamow, Türkmenistanyň Owganystandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi H.Öwezow, Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Y.Gaýypow, Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky (Maşat şäheri) baş konsuly G.Ataýew, Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky (Stambul şäheri) baş konsuly Ö.Jumanazarow, Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki (Dubaý şäheri) baş konsuly Y.Amanow, Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Kazan şäheri) baş konsuly G.Garaýew, Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Astrahan şäheri) konsuly G.Ilamanow, Türkmenistanyň Owganystandaky (Mazary-Şarif şäheri) baş konsuly B.Kabaýew, Türkmenistanyň Owganystandaky (Hyrat şäheri) baş konsuly B.Ýolow, Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky (Aktau şäheri) konsuly M.Abdyllaýew, Türkmenistanyň Germaniýa Federatiw Respublikasyndaky (Maýn boýundaky Frankfurt şäheri) konsuly M.Özbekbaýew we beýlekiler gutladylar.
(TDH)
Halkbank and other bank services
Senagat Bank