Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli köp sanly gutlag hatlary gelip gowuşýar.
Döwlet we jemgyýetçilik işgärleri, edaralaryň hem-de guramalaryň ýolbaşçylary, işewürler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli ulgamlarda oňyn Bitaraplygynyň üýtgewsiz ýörelgelerine esaslanýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatda haýran galdyryjy üstünlikleri gazanandygyny belleýärler.
Gutlaglary iberenler döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden berk jan saglyk, uzak ömür, Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak ugrunda ägirt uly wezipeleriň amala aşyrylmagynyň bähbidine güýç-kuwwat arzuw edýärler.
Hormatly Prezidentimize saglygy goraýyş we derman senagaty ministri M.Mämmedow, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň başlygy G.Hanberdiýewa, Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň başlygy M.Açilowa, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň direktory Ý.Nuryýew, Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil — Adalatçynyň diwanynyň işgärleriniň adyndan Ý.Gurbannazarowa, Ýokary attestasiýa komitetiniň başlygynyň orunbasary — baş alym kätibi M.Elýasow, Ylymlar akademiýasynyň prezidenti А.Aşirow, «Bagt köşgi» toý dabaralary merkeziniň baş direktory M.Agalyýewa, Suratkeşler birleşiginiň başlygy Ç.Ýazmyradow iň gowy arzuwlaryny iberdiler.
Garaşsyzlyk güni mynasybetli döwlet Baştutanymyzy “Wozroždeniýe” kompaniýasynyň ýolbaşçysy I.Bukato, «Gazprom» açyk paýdarlar jemgyýetiniň Türkmenistandaky wekilçiliginiň direktory W.Homýakow, “Air Belgium S.A.” kompaniýasynyň baş ýerine ýetiriji direktory Žorž Şaşati, “Carpi” kompaniýasynyň baş direktory Fransua Tronel, “Carpi” kompaniýasynyň hormatly prezidenti Alberto Mariýa Skuero, «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd.» kompaniýasynyň baş direktory we prezidenti Li Kan-Sok, “CIFAL International Services-CIS” kompaniýasynyň prezidenti Žil Remi, “Engin Group Consorcium” kompaniýalar toplumynyň ýolbaşçysy Engin Kale, “Kawasaki Heavy Industries, Ltd.” kompaniýasynyň wise-prezidenti Kenji Sanada, “Ýug-Neftegaz Private Limited” kompaniýasynyň direktory I.Burkinskiý, “Interbudmontaž” gurluşyk assosiasiýasynyň müdiriýetiniň başlygy W.Petruk, “KAMAZ” açyk paýdarlar jemgyýetiniň baş direktory S.Kogogin, “Zeppelin Türkmenistan JV” hojalyk jemgyýetiniň baş direktory A.W.Malyşew, “PETRONAS” kompaniýalar toparynyň prezidenti we Baş ýerine ýetiriji direktory Tengku Muhammad Taufik, “FIT International” amerikan kompaniýasynyň prezidenti Kört Edwards, “Dragon Oil Ltd.” kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň baş ýerine ýetiriji direktory Abdulkarim Ahmed Al-Maazmi, CNH kompaniýasynyň Ýakyn Gündogar we Afrika sebiti, Merkezi Aziýa, Türkiýe we Pakistan boýunça wise-prezidenti Winsent de Lassagne, “Hyundai Corporation” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy we baş ýerine ýetiriji direktory Mon Hýok Çon tüýs ýürekden gutladylar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy bilen Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň başlygy M.Çaryýew, «Türkmenistan» gazetiniň baş redaktory K.Rejebow, «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetiniň baş redaktory M.Alimowa, «Adalat» gazetiniň baş redaktory M.Nuryýew, «Edebiýat we sungat» gazetiniň baş redaktory O.Allaberdiýewa, «Mugallymlar gazeti» gazetiniň baş redaktory S.Nurberdiýew, «Aşgabat» gazetiniň baş redaktory A.Mämmedow, «Türkmen dünýäsi» gazetiniň baş redaktory B.Myradow, «Arkadag» gazetiniň baş redaktory G.Mämiýew, «Watan» gazetiniň baş redaktory T.Kakaýewa, «Nesil» gazetiniň baş redaktory H.Şanazarowa, «Esger» gazetiniň baş redaktory S.Myradow, “Bereketli toprak” gazetiniň baş redaktory G.Amangeldiýew, «Diýar» žurnalynyň baş redaktory J.Toryýewa, «Dünýä edebiýaty» žurnalynyň baş redaktory R.Gylyjow, «Garagum» žurnalynyň baş redaktory S.Şaýymow, «Zenan kalby» žurnalynyň baş redaktory M.Taýjykowa, «Güneş» žurnalynyň baş redaktory G.Babaýewa, Hojalyk hasaplaşygyndaky redaksion birleşigiň başlygy B.Nurberdiýew, Metbugat merkeziniň başlygy G.Amanow tüýs ýürekden gutladylar.
Döwlet Baştutanymyza ýurdumyzyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji N.Garryýew, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkeziniň direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji O.Annagylyjowa, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji S.Hajyýew, Aşgabat şäheriniň saglygy goraýyş işgärleriniň adyndan B.Gutlyýew, Ahal welaýat Saglygy goraýyş müdirliginiň başlygy N.Kakabaýew, Mary welaýat Saglygy goraýyş müdirliginiň başlygy D.Annageldiýew, Daşoguz welaýat Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň başlygy A.Meredow, Mary welaýat Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň başlygy S.Ataýew, Ahal welaýat ýokanç keseller hassahanasynyň baş lukmany H.Goçyýew, Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň direktory G.Gulgeldiýew, Hydyr Derýaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň direktory M.Annagulyýewa, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tagtabazar etrap birleşmesiniň başlygy Ý.Abdyrahmanow, Sadulla Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň başlygy K.Rozmetow we beýlekiler iň gowy arzuwlaryny ýolladylar.
(TDH)
Halkbank and other bank services
Senagat Bank