Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli geçirilen «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylaryň ÝÜZLENMESI
Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!
Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli geçirilen «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylara iberen çuňňur many-mazmunly Gutlagyňyz, mähirli arzuwlaryňyz, şeýle hem bu çäreleriň ýokary derejede, guramaçylykly we netijeli geçirilmegi üçin döreden mümkinçilikleriňiz, goldaw-hemaýatlaryňyz üçin Size çäksiz hoşallygymyzy bildirýäris.
Siziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň gülläp ösmegi, dünýäde parahatçylygyň, dost-doganlygyň we hoşniýetliligiň pugtalandyrylmagy, saglygy goraýyş ulgamynyň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegi, türkmen lukmançylyk ylmynyň ösdürilmegi, lukmançylyk diplomatiýasynyň dünýäde dabaralandyrylmagy ugrunda alyp barýan syýasatyňyzyň, şeýle hem köptaraply halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen beýik başlangyçlaryňyzyň elmydama rowaç bolmagyny arzuw edýäris.
Belent mertebeli Türkmenistanyň Prezidenti!
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen kabul edilen Türkmenistanyň «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde ilatyň saglygyny goramak, adamyň ömür dowamlylygyny artdyrmak, ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler has-da rowaçlanýar. Ýurdumyzyň ähli künjeklerindäki dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň häzirki zaman enjamlary ornaşdyrylan hassahanalar, bejeriş-anyklaýyş, ylmy-kliniki merkezler, şypahanalardyr sagaldyş merkezleri halkymyza ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryny hödürleýär. Soňky ýyllarda saglygy goraýşa sanly ulgam işjeň ornaşdyrylýar. Iň täze kompýuter tehnologiýalary, uzak aralyga garamazdan, adaty hem-de tiz lukmançylyk kömegini bermäge, dürli keselleri anyklamak, bejermek, öňüni almak babatda daşary ýurtly hünärmenler bilen pikir alyşmaga mümkinçilik döredýär.
Yzygiderli ornaşdyrylýan täzeçil tehnologiýalar, döwrebap enjamlar, ugurdaş edaralaryň giň toplumy, şeýle hem dünýäniň abraýly lukmançylyk merkezlerinde iş tejribesini geçen hünärmenleriň taýýarlanylmagy milli saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmäge we netijede, ilatyň ömrüniň dowamlylygyny artdyrmaga gönükdirilen asylly maksada hyzmat edýär.
Siziň köpugurly we maksatnamalaýyn syýasatyňyz netijesinde Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, welaýat hem-de etrap merkezlerinde, obalarda saglygy goraýyş edaralary, sagaldyş-dikeldiş toplumlary, sport desgalary, seýilgähler gurlup, sagdyn ýaşaýyş-durmuş kadalaryny ornaşdyrmak we ekologik abadançylygy üpjün etmek boýunça uly işler alnyp barylýar.
Şu ýyl Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli birbada dört sany saglygy goraýyş desgasy — Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezi, Stomatologiýa merkezi, Halkara pediatriýa merkezi hem-de «Arçman» şypahanasynyň täze binalar toplumy dabaraly ýagdaýda açylyp, halkymyzyň hyzmatyna berildi.
Bu merkezler öňden bäri hereket edip gelýän döwrebap saglygy goraýyş edaralarynyň üstüni ýetirmek bilen, ýurdumyzda milli lukmançylyk ylmynyň ösmegine, onuň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagyna, lukmançylyk diplomatiýasynyň ösdürilmegine, şeýle hem ilatyň döwrebap we ähli amatlyklary özünde jemleýän lukmançylyk hyzmatlary bilen üpjün edilmegine ýardam berer.
Belent mertebeli Türkmenistanyň Prezidenti!
Siziň baştutanlygyňyzda Türkmenistanda medeni-ynsanperwer ulgamda halkara derejede alnyp barylýan guwandyryjy işler, geçirilýän giň gerimli forumlar, maslahatlar, sergiler we beýleki köpugurly çäreler parahatçylyga, döredijilige we ösüşe gönükdirilen döwlet syýasatyňyzy dünýäde giňden dabaralandyrýar.
Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli geçirilen «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly ylmy maslahatda dünýä lukmançylyk ylmynyň ösüşi, keselleriň öňüni almagyň we olary bejermegiň innowasion usullary, saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlarynda alym-lukmanlaryň özara tejribe alyşmagy babatda beýan edilen täzeçil garaýyşlar, halklaryň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge gönükdirilen başlangyçlar aýratyn ähmiýete eýe boldy.
Şeýle hem maslahatyň çäklerinde ýurdumyzyň saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlarynda gazanylan üstünliklere, şol ulgamlaryň ylmy gazananlaryna bagyşlanyp guralan sergi, şeýle-de geljegiň şäheri hasaplanýan Arkadag şäherinde geçirilen çäreleriň toplumy biziň kalbymyzda şatlykly duýgulary, tolgundyryjy pursatlary we ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ylmy jemgyýetçiligi bilen daşary ýurtly alymlaryň özara tejribe alyşmagyna ýardam beren, häzirki zaman saglygy goraýyş ulgamynyň gazananlary babatda pikir we tejribe alyşmagyň täzeçil ugurlaryna bagyşlanan halkara sergi we ylmy maslahat dünýä lukmançylygynda ylmy dolanyşyga giriziljek innowasion garaýyşlaryň, gazanyljak ylalaşyklaryň we kabul ediljek çözgütleriň dabaralanmagyna giň mümkinçilik döretdi.
Bu halkara serginiň we ylmy maslahatyň geljekde-de özara bähbitli taslamalary ara alyp maslahatlaşmakda, dünýäde ynsanperwer hyzmatdaşlygy has-da ösdürmekde, dost-doganlygy berkitmekde, döwletleriň we halklaryň arasyndaky gatnaşyklary täze derejelere çykarmakda uly ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynanýarys.
Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!
Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli guralan «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara serginiň we ylmy maslahatyň üstünlikli geçirilmegi, Türkmenistanyň saglygy goraýyş, bilim, sport ulgamlarynda we bu ulgamlaryň ylmy gazananlaryny dünýä ýaýmak babatda berýän goldaw-hemaýatlaryňyz, döredýän giň mümkinçilikleriňiz üçin Size ýene-de bir gezek çäksiz sagbolsun aýdýarys.
Siziň janyňyz sag, ömrüňiz uzak, mertebäňiz belent, ähli işleriňiz elmydama rowaç bolsun!
Sizi çuňňur hormatlamak bilen,
Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli geçirilen «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylar.
Halkbank and other bank services
Senagat Bank