Türkmenistan — dost doganlyk we hyzmatdaşlyk merkezi
Ýakynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy, şeýle hem Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirdi. Mälim bolşy ýaly, şu ýyl Türkmenistan «Merkezi Aziýa we Azerbaýjan» formatynda hem-de GDA-da başlyklyk edýär. Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygyna beslenen şu ýyl şeýle ýokary derejeli duşuşyklaryň Awazada geçirilmegi taryhy taýdan iňňän wajypdyr. Bu künjek parahatçylygyň, hyzmatdaşlygyň we dostlugyň kenary hökmünde bellidir. Ikinjiden bolsa, munuň özi Hazaryň ajaýyp türkmen kenarynyň sebit we halkara forumlaryň yzygiderli guralýan merkezine öwrülendigini alamatlandyrýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe ýurdumyz Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkara hyzmatdaşlygyny işjeň ösdürýär. ýurdumyzyň halkara derejesinde abraýy arşa galýar. sebit we halkara guramalary bilen ýola goýlan hyzmatdaşlyk gatnaşyklary günsaýyn täze derejelere göterilýär. Birleşen milletler guramasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy Türkmenistanyň netijeli daşary syýasatynyň binýadyny düzýär.
7 — 9-njy oktýabrda şeýle gurşawda geçirilen köpugurly çäreler halkara hyzmatdaşlygyň giň gözýetimlerini özüne jemledi. Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň konsultatiw duşuşygy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi hem-de Hazar ekologiýa sammiti ýaly ýokary derejeli duşuşyklaryň üçüsiniň birbada, Şonuň bilen bir hatarda-da, ugurdaş çäreleriň 15-siniň üstünlikli geçirilmegi Awazanyň diňe syýahatçylyk merjeni bolman, dünýä diplomatiýasynyň möhüm merkezine-de öwrülýändigini ýene bir gezek tassyklaýar. Munda ýurtlaryň däl, sebitleriň, yklymlaryň baglanyşygy, maksatlaryňdyr bähbitleriň sazlaşygy bar. Olaryň ählisi biri-biriniň üstüni ýetirmek bilen, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ösüş arkaly parahatçylygy ilerletmekdäki tagallalaryna rowaçlyk berýär.
Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan özüne berlen Bitaraplyk hukugynyň gymmatyny gowy bilýär we halkara jemgyýetçiliginiň ynamyny aýap saklaýar, parahatçylygy, ýer ýüzüniň ähli ýurtlary bilen hoşniýetli, dostlukly gatnaşyklary we deňhukukly özara bähbitli hyzmatdaşlygy gyşarnyksyz ösdürmäge çalyşýar. Munuň özi ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik we adalatlylyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat ýolunyň dabaralanýandygyndan habar berýär. Hazar deňziniň ajaýyp türkmen kenarynda ýokary derejedäki çäreleriň üstünlikli geçirilmegi halkara diplomatiýanyň we netijeli dialogyň ykrar edilen merkezi hökmünde ýurdumyzyň eýeleýän ornunyň barha pugtalandyrylýandygyny nobatdaky gezek subut etdi.
Rejep ÖWLIÝAGULYÝEW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň Bedenterbiýe kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi.
Halkbank and other bank services
Senagat Bank