TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň “Rönesans Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşygy

An­tal­ýa, 10-njy no­ýabr (TDH). Şu gün türk­men hal­ky­nyň Milli Lideri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedow Tür­ki­ýe Res­pub­li­ka­sy­na iş sa­pa­ry­nyň çäk­le­rin­de “Rö­ne­sans Hol­ding” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň mü­di­ri­ýe­ti­niň baş­ly­gy Er­man Yly­jak bi­len du­şuş­dy.

Işe­wür du­şuş­ma­ga dö­re­di­len müm­kin­çi­lik üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýü­rek­den ho­şal­ly­gy­ny be­ýan edip, Tür­ki­ýä­niň işe­wür to­par­la­ry­nyň ata Wa­ta­ny Türk­me­nis­tan bi­len öza­ra bäh­bit­li gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mä­ge uly gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän­dik­le­ri­ni aýt­dy.

Türk­men hal­ky­nyň Milli Lideri ýur­du­my­zyň Tür­ki­ýe Res­pub­li­ka­sy bi­len ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mä­ge uly äh­mi­ýet ber­ýän­di­gi­ni bel­läp, asyr­la­ryň jüm­mü­şin­den göz­baş al­ýan türk­men-türk ta­ry­hy-me­de­ni gat­na­şyk­la­ry­nyň däp bo­lan döw­le­ta­ra hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­ma­gyň mö­hüm şer­ti bo­lup hyz­mat ed­ýän­di­gi­ni nyg­ta­dy.

Er­man Yly­jak ýur­du­myz­da amala aşy­ryl­ýan dur­muş-yk­dy­sa­dy öz­gert­me­le­riň Gahryman Arkadagymyzyň pa­ra­sat­ly we öň­den­gö­rü­ji­lik­li baş­lan­gyç­la­ry­ny my­na­syp do­wam et­dir­ýän hor­mat­ly Prezidentimiziň baş­tu­tan­ly­gyn­da uly üs­tün­lik­le­re bes­len­ýän­di­gi­ni aýt­dy.

Du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da işe­wür­lik ug­ry bo­ýun­ça köp­ýyl­lyk ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gyň söw­da-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry gi­ňelt­mä­ge, onuň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni dur­mu­şa ge­çir­mä­ge uly go­şant goş­ýan­dy­gy bel­le­nil­di. Ýur­du­myz dur­muş-yk­dy­sa­dy ösü­şiň uzak möh­let­le­ýin stra­te­gi­ýa­sy­nyň çäk­le­rin­de yk­dy­sa­dy­ýe­ti di­wer­si­fi­ka­si­ýa­laş­dyr­ma­ga, se­na­ga­ty ös­dür­mä­ge we inf­rast­ruk­tu­ra­ny döw­re­bap­laş­dyr­ma­ga aý­ra­tyn üns ber­ýär.

Gep­le­şik­le­riň bar­şyn­da “Rö­ne­sans Hol­ding” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň köp ýyl­la­ryň do­wa­myn­da Türk­me­nis­tan­da üs­tün­lik­li iş­läp gel­ýän­di­gi hem-de şä­her­gur­lu­şyk, ne­bit­gaz, hi­mi­ýa se­na­ga­ty ul­gam­la­ryn­da­ky äh­mi­ýet­li taslamalary amala aşyr­ma­ga iş­jeň gat­naş­ýan­dy­gy bel­le­nil­di.

Er­man Yly­jak Gahryman Arkadagymyz bi­len Tür­ki­ýe­de du­şuş­ma­gyň özi üçin uly mer­te­be­di­gi­ni aý­dyp, “Rö­ne­sans Hol­ding” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň Türk­me­nis­tan bi­len hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­me­gi mak­sat edin­ýän­di­gi­ni we mu­nuň üçin bar bo­lan müm­kin­çi­lik­le­ri­ni hem-de tej­ri­be­si­ni ulan­ma­ga taý­ýar­dy­gy­ny tas­syk­la­dy hem-de ýol­baş­çy­lyk ed­ýän dü­zü­mi­niň özü­ne bil­di­ri­len yna­ma tüýs ýü­rek­den buý­san­ýan­dy­gy­ny aý­ra­tyn nyg­ta­dy. Şeý­le-de işe­wür hor­mat­ly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ta­gal­la­la­ry bi­len Türk­me­nis­ta­nyň hem-de Tür­ki­ýä­niň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­la­ryň has-da pug­ta­lan­dy­ryl­ýan­dy­gy­ny aýt­dy.

Du­şu­şy­gyň ahy­ryn­da Er­man Yly­jak türk­men-türk hyz­mat­daş­ly­gy­nyň me­se­le­le­ri­ne üns ber­ýän­di­gi üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de hor­mat­ly Prezidentimize çuň­ňur ho­şal­ly­gy­ny bil­di­rip, “Rö­ne­sans Hol­ding” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň hyz­mat­daş­lyk borçnamalaryny ýe­ri­ne ýe­tir­mek­de äh­li ta­gal­la­la­ry et­jek­di­gi­ne ynan­dyr­dy.