TÜRKMEN DÖWLET
NEŞIRÝAT GULLUGY

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň “Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşygy

An­tal­ýa, 10-njy no­ýabr (TDH). Şu gün türk­men hal­ky­nyň Milli Lideri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedow Tür­ki­ýe Res­pub­li­ka­sy­na iş sa­pa­ry­nyň çäk­le­rin­de “Ça­lyk Hol­ding” kom­pa­ni­ýa­lar to­pa­ry­nyň do­lan­dy­ry­jy­lar ge­ňe­şi­niň baş­ly­gy Ah­met Ça­lyk bi­len du­şuş­dy.

Ah­met Ça­lyk wagt ta­pyp ka­bul eden­di­gi üçin tüýs ýü­rek­den ho­şal­ly­gy­ny bil­di­rip, Gahryman Arkadagymyzyň Tür­ki­ýe Res­pub­li­ka­sy­na amala aşyr­ýan şu ge­zek­ki sa­pa­ry­nyň we Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi ba­ra­da­ky Çar­çu­wa­ly kon­wen­si­ýa­sy­na gat­na­şy­jy ta­rap­la­ryň 31-nji mas­la­ha­ty­na gat­naş­ma­gy­nyň döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ryň ta­ry­hyn­da mö­hüm wa­ka bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny bel­le­di. Işe­wür Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ryn­da Türk­me­nis­tan­da asyr­la­ra ba­ra­bar iş­le­riň dur­mu­şa ge­çi­ri­len­di­gi­ni aý­dyp, äh­li ul­gam­lar­da ga­za­nyl­ýan üs­tün­lik­le­re gu­wan­ýan­dy­gy­ny nyg­ta­dy. Bu iş­ler türk­men hal­ky­nyň Milli Lideriniň baş­lan­gyç­la­ry­nyň Türk­me­nis­ta­nyň Prezidentiniň baş­tu­tan­ly­gyn­da ro­waç­lyk­la­ra bes­len­ýän­di­gi­niň aý­dyň be­ýa­ny­dyr.

Işe­wür pur­sat­dan peý­da­la­nyp, hor­mat­ly Prezidentimiziň ýa­kyn­da Tür­ki­ýä amala aşy­ran sa­pa­ry­nyň äh­mi­ýe­ti­ni bel­le­di we döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za Ha­jet­te­pe uni­wer­si­te­ti­niň hal­ka­ra gat­na­şyk­lar ug­ry bo­ýun­ça hor­mat­ly dok­to­ry di­ýen aka­de­mi­ki de­re­jä­niň be­ril­me­gi hem-de Tür­ki­ýä­niň Da­şa­ry yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­lar ge­ňe­şi ta­ra­pyn­dan «Stra­te­gik dost­luk ny­şa­ny­nyň» gow­şu­ryl­ma­gy my­na­sy­bet­li Gahryman Arkadagymyzy tüýs ýü­rek­den gut­la­dy.

Türk­men hal­ky­nyň Milli Lideri hoş­ni­ýet­li söz­ler üçin min­net­dar­lyk bil­di­rip, Türk­me­nis­tan bi­len Tür­ki­ýe Res­pub­li­ka­sy­nyň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­la­ryň hä­zir­ki wagt­da yzy­gi­der­li ös­dü­ril­ýän­di­gi­ni ka­na­gat­lan­ma bi­len bel­le­di hem-de türk­men-türk hyz­mat­daş­ly­gy­nyň dür­li ugur­la­ry, şol san­da ener­ge­ti­ka, dok­ma se­na­ga­ty, gur­lu­şyk we beý­le­ki pu­dak­la­ry öz içi­ne al­ýan­dy­gy­ny aýt­dy.

Nyg­ta­ly­şy ýa­ly, Türk­me­nis­tan­da da­şa­ry ýurt­ly hyz­mat­daş­lar bi­len ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ry gi­ňelt­mek, bi­le­lik­dä­ki taslamalary amala aşyr­mak üçin amat­ly şert­ler dö­re­dil­ýär. Şeý­le hem Gahryman Arkadagymyz “Türk­me­nis­ta­ny se­na­gat taý­dan ös­dür­me­giň 2030 — 2045-nji ýyl­lar üçin Milli stra­te­gi­ýa­sy­nyň” tas­syk­la­nan­dy­gy­na ün­si çe­kip, bu giň möç­ber­li stra­te­gi­ýa­ny dur­mu­şa ge­çir­mä­ge türk kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň uly go­şant goş­jak­dy­gy­na ynam bil­dir­di.

“Ça­lyk Hol­ding” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ýol­baş­çy­sy ata Wa­ta­ny Türk­me­nis­tan­da tür­ki­ýe­li işe­wür­le­riň iş alyp bar­mak­la­ry­na dö­re­dil­ýän müm­kin­çi­lik­ler üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­dir­di. Işe­wür ýur­du­myz­da­ky iri inf­rast­ruk­tu­ra taslamalaryna gat­naş­ma­gyň türk kom­pa­ni­ýa­sy üçin uly hor­mat­dy­gy­ny nyg­ta­dy.

Du­şu­şy­gyň ahy­ryn­da “Ça­lyk Hol­ding” kom­pa­ni­ýa­lar to­pa­ry­nyň do­lan­dy­ry­jy­lar ge­ňe­şi­niň baş­ly­gy Ah­met Ça­lyk tür­ki­ýe­li hyz­mat­daş­la­ryň öz üs­tü­ne alan borçnamalaryny ýe­ri­ne ýe­tir­mä­ge mun­dan beý­läk-de jo­gap­kär­çi­lik­li çe­me­leş­jek­dik­le­ri­ne hem-de öz­le­ri­ne yna­ny­lan des­ga­lar­da­ky äh­li iş­le­riň bel­le­nen möh­let­ler­de we ýo­ka­ry hil­li ýe­ri­ne ýe­ti­ril­jek­di­gi­ne ynan­dyr­dy.